24 Maý 2017, 20:44



Garlyk kaliý kombinatynda duz şahtasyndan ýüz müň tonnadan gowrak magdan çykaryldy

16.05.2017

Merkezi Aziýada iň iri senagat toplumynyň açylanyna bir aý gowrak wagt geçenem bolsa, eýýäm Lebap, Mary, Ahal, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň hojalyklaryna bir müň tonnadan gowrak ekologiýa taýdan arassa mineral dökünler ugradyldy.Ýörüte ýük wagonlarynyň onusy goňşy Owganystana ugradyldy.

Mineral çig mal Garlyk käniniň dag-geologiýa şertleri göz öňünde tuulyp, doly mehanizmlaşdirilip çykarylýar. 300 metr çuňlukdaky birinji gatlakda duz gatlagyny rotor kombaýnlarynyň bäşisi döwýär. Magdany çykarmak üçin döwrebap enjamlar--tigirli özi ýöreýän tirkegler, konweýerler, göteriji enjamlar ulanylyp, olar magdany kabul ediş ýerlerine çenli mehanizleşdirip eltmäge mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi bilen her gün aşaky gatlakdan 1000 tonnadan 1500 tonna çenli magdan çykaylýar.

Kombinatyň taslamada göz öňünde tutulan 1,4 million tonna kaliý öndürmek üçin tebigy gorlardan her gün 7 million tonnadan gowrak magdan çykarylar. Häzirki wagtda magdan işlemek boýunça esasy we ýardamçy böleklerden--baýlaşdyryjy fabrikden, magdan we taýýar önümler ammarlaryndan we beýleki binalardan hlorid kalisini almagyň tehnologik bölekleriniň üçüsi işledilýär.

Şahtalardan ýokary çykarylan magdan degirmenlerde owradylýar, ol toýundyr eremeýän galyndylardan arassalanylýar, reagentler bilen garylyş, flotasiýa enjamlaryna berilýär. Ondan emele geleninden dörän galyndy saklanýan ammarlara barýar, hlorid kalili pulpa bolsa süzüji bölegiň üstünden guradylyş we bölüniş bölümine düşüp, taýýar önümler ammaryna eltilýär.

Tutuş tehnologik işlere hem-de enjamlara awtomatiki gözegçiligi we dolandyryşy üznüksiz amala aşyrmak üçin tehnolgik işleri dolandyrmagyň awtomatiki ulgamy döredilen, ol iň döwrebap talaplara laýyk gelýän programmaly, tehniki, hasaplaýyş we aragatnaşyk serişdelerine esaslanýar. Kombinatyň baş tehnology Erkin Babajanowyň aýtmagyna görä, Belarusyň we Türkmenistanyň ýokary we ýörüte okuw mekdeplerinde hünär alan hünärmenler önümçilik kuwwatlyklaryny başarjaň dolandyrýarlar.

Wladimir KOMAROW