24 Maý 2017, 20:46



Annadurdy Myradalyýewiň ýubileý sergisindäki işleriň 70-si tanymal nakgaşyň zehininiň ähli ugurlaryny açyp görkezýär

16.05.2017



Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Myradalyýewiň 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gurnalan özbaşdak sergi suratkeşligiň mary mekdebiniň zehinli wekiliniň döredijiliginiň baý ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Žiwopisçileriň dünýä özboluşly garaýşy bar diýilýär. Awangar ýörelgesini saýlap alan Annadurdy Myradalyýewiň dünýägaraýşy çylşyrymlylygy, pikir-oýlary üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar.


Annadurdy Myradalyýew Aşgabadyň çeperçilik ýörüte mekdebini tamamlap döredijilige zerur esasy bilimleri alan soň dünýä žiwopisine özbaşdak aň ýetirip ugrady. Oňa „öz göbegini özi kesen“ diýýärler. Marynyň çagalar öýünde terbiýelenen Annadurdynyň kömek-ýardam edere direnip duran hossary ýokdy. Diňe sungat oňa güýç-kuwwat berip, durmuş ýoluny saýlamaga mümkinçilik berdi. Günbatar Ýewropa žiwopisiniň aşygy Annadurdy gowydan gowyny öwrenip, özboluşly ýol-ýörelge edindi, ussatlygyny kämillleşdirdi.

Ol tanymal eserleriň ýordumyny dogduk diýarynyň ruhy älemine ornaşdyryp, olary milli duýgylaryň we ýörelgelriň dürli röwüşleri bilen baýlaşdyrdy. Onuň Rafaeliň „Sikstli madonna“ eseriniň äheňinde çeken suratyndaky iki çagaly enäniň keşbine tanymal esere öýkünme ýa-da onuň ýurdumyny millileşdirmek däl-de, medeniýetleriň gatnaşyklarynyň wagzy hökmünde düşünilýär. Annadurdy Myradalyýew dürli tilsimlerdir ýörelgeleri utgaşdyryp-sepleşdirip özboluşly ýol-ýörelge edinipdir.


Annadurdy Myradalyýewi 1977-nji ýylda SSSR Nakgaşlar birleşigine kabul etdiler. Oňa Parižde, londonda, Leningradda (Sankt-Peterbirgda) bolmak miýesser edende tanymal muzeýlerde belli ussatlaryň eserlerini öwrendi. Syn eden ençeme eserinden yzygiderli synanşyklardan kubizmiň, kostruktiwizmiň, sýurrealizmiň we primitiwizmiň garyşygyndan onuň sungatdaky öz usul-tilsimi kemala geldi. Ol bu usullary ulanyp döreden eserleriniň aglabasyndan geçdi. Onuň „Kompozisiýa (saz)“, „Zenan portreti“ we beýleki köpsanly suratly şeýle tilsimde döredi.

Sergä gelenler aýratynam onuň oba adamlary hakdaky suratlarynyň ýanynda köp eglenýärler. Meselem, „Gojalar“ eserinde üç goja oba ýolunda mesawy gürrüň edip barýar. Surat özboluşly tilsimde çekilipdir. Awtor şunda bary-ýogy üç reňk—gyzyl, sary we mele reňkleri ulanypdyr, ýöne olaryň hersi impressionizme häsiýetli doýgun reňkler hemem beýlekiler bilen özboluşly sazlaşýarlar.


Annadurdy Myradalyýewiň eserleriniň köpüsinde gyzyl şarlar bar. Nakgaşyň aýtmagyna görä, olaryň özi surata gelýärmiş...“Şarly oýun“ suratynda ýerde oturan zenanyň elinde-de, gapdalynda-da gyzyl şarlar bar. Olar pikir aňladýan bolsa gerek. Nakgaş zenanyň çuňňur pikire batyp, özüni köseýän meseläniň jogabyny gözleýän pursatyny beýan eden borly. Onuň eşigi-de üýtgeşik-köýneginiň bir ýany gyzyl reňkli –de soňundan gara geçip gidýär, beýlekisi ak reňk-de, diwar bilen garyşyp gidýär.

„Süýjüli çaý“ eseri has-da täsirli çykypdyr. Ondaky gahrymanlaryň birek-birege mähirli bakyşynda uly söýgi duýulýar....


„Guşjagaz bilen söhbet“ eserinde bir erkek kişiniň elinde kiçijik guşjagaz bar. Olar edil birek-birege sözsüz düşünýän dostlar imin mähirli bakýarlar. Kimdir biriniň durmuşda beýle zat bolmaýar diýmegem mümkin. Annadurdy Myradalyýewiň gowy tarapy, ol bolmajak diýilýän zady eserlerinde janlandyryp bilýänligi bilen tapawutlanýar.


Annadurdy Myradalyýewiň eserlerini bir gördügiň ýeterlik, aňyňa hemişelik siňýär, olar hiç kesiňkä meňzemeýär. Onuň eserleriniň dünýäsi çotganyň nepis hereketinden , güneş nurly reňkleriň sazlaşygyndan dörän durmuş möwç urýan hyýalýet giňişligini beýan edýär, onda awtor çaprazlyklary sepleşdirip, tomaşaçyny özboluşly döredijilik älemine çagyrýar.

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN