28 Maý 2017, 17:30



Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady

18.05.2017

Sizi berkarar döwletimiziň taryhyndaky uly we örän möhüm sene - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllyk şanly baýramy hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Çäryek asyr mundan ozal, ýagny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyzyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi özbaşdak we erkin ösüş ýoluna düşen garaşsyz döwletimiziň berk hem-de kuwwatly binýadynyň düýbi tutulyp başlan döwrüniň örän möhüm taryhy wakalarynyň bin boldy.

Konstitusiýamyzyň kadalarynda döwlet gurluşynyň düzgünleri, halkara hukugynyň umumy ykfar edilen ýörelgeleri, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de belent ynsanperwerlik däplerimizifl esasy bolup durýan demokratik, hukuk, dünýewi döwleti gurmak baradaky gymmatly garaýyşlary jemlendi. Esasy Kanunymyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin!» diýip, kalbyndan syzdyryp beýan eden arzuw-umytlary, ata-babalarymyzyfl döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyklylyk we parahatçylyk hakyndaky ündewleri hem öz kanuny beýanyny tapdy.

Esasy Kanunymyz dürli ulgamlarda döwlet syýasatyny düzgünleşdirýän kanunlaryň kämilleşdirilmeginde hem esasy orny eýeleýär. Türkmenistanda milli döwletliligiň demokratik we hukuk esaslarynyň ösmegini we kämilleşmegini üpjün etmek maksady bilen, 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji, 2005-nji we 2006-njy ýyllarda, şeýle hem 2008-nji hem-de 2016-njy ýyllarda konstitusion özgertmeler amala aşyrylyp, Esasy Kanunymyza in oňat dünýä tejribesi, milli we umumyadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny düzýän ýörelgeler sifldirildi. Şonuň netijesinde, Esasy Kanunymyzyň dine bir mazmun bölegi täzelenmän, eýsem gurluşy hem düýpli özgerdildi.

Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi adamlar üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini döredýän demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň has-da pugtalanýandygyny, adalatly jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze konstitusion esaslaryň döredilendigini aňladýar. Türkmenistanda Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşi ähli raýatlar üçin deňhukuklylygy hem-de kanunyň hökmürowanlygyny üpjün edýär, her bir raýatyň öz at-abraýyny hem mertebesini goramaga konstitusion hukugyny kepillendiryär. Biziň Esasy Kanunymyzda köpdürli syýasy garaýyşlaryň, köppartiýaly jemgyýetifl ykrar edilýändigi baradaky kadalaryň berkidilmegi ýurdumyzda demokratiýany mundan beýläk-de ösdürmegifl ýolunda täze möhüm ädimi alamatlandyrdy.

Turkmenistan konstitusion esasda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Ýurdumyzyň ynamly one barýan häzirki döwründe durmuş syýasaty, ilkinji nobatda, goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir. Döwletiň hasabyna köp çagaly maşgalalara, ene-atasyz çagalara, urşa gatnaşyjylara, döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitirenlere goşmaça goldaw berilýär. Yurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamagyna gönükdirilen bu syýasat jemgyýetimiziň agzybirligini, syýasy hem-de durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün edýär. Türkmenistanyň esasy ýörelgesi hökmünde adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine, her bir adamyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen syýasy ugrumyzyň ykrar edilmegi biziň gazanan in uly netijelerimiz boldy.

Ýigrimi bäş ýyl taryh üçin örän gysga möhletdir. Ýöne muňa garamazdan, şeýle gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň kadalaryna laýyklykda, Garaşsyzlygymyzyň berkidilmegine, ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösdürilmegine, ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam beren syýasy, ykdysady hem-de hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyryldy we bu ugurdaky işler häzir hem netijeli dowam edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni, hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda, adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn goralmagynda hem-de berjaý edilmeginde, durmuş-ykdysady, hukuk özgertmelerimiziň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm omy eýeleýär.

Biz ýurdumyzyň mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegine, galkynmagyna, döwrebaplaşmagyna ýardam etmek maksady bilen, täze kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berýäris. Kämil kanunlar ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda dolandyryş we hojalygy ýöretmek meseleleriniň çalt çözülmegine, hukuk, dünýewi döwletimizi has-da pugtalandyrmaga, ynsanperwer, adalatly jemgyýeti ösdürmäge, ilkinji nobatda bolsa, her bir adamyň asuda, erkana durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin hemmetaraplaýyn goraglylygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Biz halkara gatnaşyklarynda oňyn Bitaraplyk syýasatyna berk eýerýäris. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edildi. Turkmenistan bu Rezolýusiýalary öz Esasy Kanunynda beýan eden dünýäde ýeke-täk döwlet bolup durýar. Konstitusiýamyzda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyň Garaşsyz döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýandygy hem aýratyn bellenilýär diýlip Gutlagda bellenilýär.