Türkmen türgeniniň bürünç medaly

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri bürünç medaly gazandylar. Şu gün hormat münberiniň üçünji basgançagyna 97 kilograma çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça ýaryşlarda çykyş eden Ýusup Melejaýew çykdy.

Biziň watandaşymyz Siriýanyň toparynyň wekili Abdalh Karem bilen duşuşdy. Ol türkmenistanly türgeniň ezber tärlerinden asgyn geldi. Duşuşyk möhletinden öň 11:0 hasaby bilen tamamlandy.


Indi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň 12 medaly (iki altyn, dört kümüş we alty bürünç) bolup, umumy toparlaýyn çykyşlarda 12-nji orny eýeleýär.

Şeýle hem şu gün basketbol boýunça (3x3 görnüşinde) toparlaýyn ýaryşlar geçirildi. “A” toparynda çykyş edýän erkekler ýygyndy toparymyz 18-nji maýda şowsyz badalga alandan soň, Türkiýäniň toparyndan (21:13) hem-de Pakistanyň toparyndan (19:12) ynamly ýeňiş gazandy. Bu ýagdaý türkmen türgenlerini ýaryşlaryň jemleýji tapgyryna çykardy. Onda toparlaryň 8-si bolup, olar aýlaw ulgamy arkaly ýeňijini we baýrak eýelerini kesgitlär.

Zenanlar düzümi hem Alžiriň ýygyndy toparyny ýeňmegi (15:10) netijesinde final tapgyryna çykmagy başardy.

20-nji maýda IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň maksatnamasynda uşu boýunça ýaryşlar başlanýar. Bu ugurda Türkmenistana gadymy söweş sungatynyň ussatlarynyň bäşisi wekilçilik edýär.