30 Maý 2017, 10:26



Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi

19.05.2017

Şu gün agşam hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça iş sapary bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana geldi.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde özbek Liderini resmi adamlar garşyladylar. Şol ýerde haly ýodajygynyň ugrunda Özbegistanyň Baştutanynyň gelmeginiň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlediler hem-de gül desselerini gowşurdylar.

Howa menzilinden Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna, sapar döwründe özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.

Biraz salymdan soň, belent mertebeli myhman “Älemgoşar” oýun attraksionlarynyň seýilgähine bardy, şol ýerde ony Özbegistanyň dürli welaýatlaryndan gelip, Hazaryň türkmen kenarynda dynç alýan çagalar mübäreklediler.

Ozal habar berlişi ýaly, goňşy döwletden çagalaryň uly topary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça “Awaza” geldi. Bu çakylyk milli Liderimiziň özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen 1-nji maýda bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde beýan edildi.

Şonda milli Liderimiz Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda gurlan çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, kottej toplumlarynyň we kaşaň myhmanhanalaryň Özbegistandan dynç almaga gelýän adamlary kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

Awazanyň deňiz kenarynda dünýä derejeli şypahana zolagynyň döredilmegi – munuň özi diňe bir myhmanhana ulgamynyň giňelmegi däl, eýsem, oňaýlylygyň hem-de sagaldyş-bejeriş hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesidir. Munuň özi döwrebap dynç alyş ulgamly ülkäniň täsin tebigy şertleriniň we serişdeleriniň, adamyň işjeň dynç almagynyň hem-de saglygyny dikeltmeginiň utgaşykly sazlaşmagy hökmünde dynç alşa we syýahatçylyga täze, ulgamlaýyn çemeleşilmegidir.

Munuň özi döwletimiziň raýatlary baradaky aladasynyň, adamlara, olaryň isleglerine üns bermegiň beýanydyr. Şoňa görä-de, milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ikinji derejeli meseleler ýokdur, bu ýerde her bir mesele: ekologiki, ykdysady, durmuş şertlerinden başlap, ruhy we estetiki gurşawa çenli ähli mesele wajypdyr. Bu ulgamlaryň ýokary standartlarynyň iş ýüzünde berkarar bolmagyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlan desgalar ýardam etmelidir.

Özbegistanyň dürli sebitlerinden - Garagalpagystandan, Buhara, Nowaýy, Horezm welaýatlaryndan bolan çagalaryň 100-e golaýy “Daýanç” çagalar sagaldyş merkezinde ýerleşdi.

Çagalaryň kabul edilmegini we dynç almagyny guraýjylar—ýurdumyzyň Bilim, Daşary işler, Medeniýet ministrlikleri, Sport baradaky döwlet komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Balkan welaýatynyň häkimligi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de ýurdumyzyň ýaş işjeňleri biziň ýaş myhmanlarymyzyň deňiz dynç alyş merkezinde geçiren wagtlarynyň olar üçin ýatdan çykmajak waka öwrülip, çagalarda örän gowy duýgularyň, ajaýyp täsirleriň döremegi we elbetde, olaryň saglygy üçin peýdaly bolmagy babatda ähli zatlary göz öňünde tutdular.

Awazanyň ýaş myhmanlary özleriniň türkmen deň-duşlary bilen bilelikde döredijilik we sport çärelerine, bäsleşiklere, gezelençlere işjeň gatnaşýarlar. Şu günki duşuşyga çagalar aýdym-saz we tans çykyşlarynyň maksatnamasyny taýýarladylar we özleriniň zehinini görkezdiler.

“Awazany” abadanlaşdyrmak we ösdürmek boýunça görülýän maksada laýyk çäreler we ädilýän netijeli ädimler bilen baglylykda bu ülkäniň biziň gözümiziň alnynda hakyky behişdi mekana öwrülýändigini ynamly aýtmak bolar. Bu ýere diňe biziň ildeşlerimiz däl, eýsem, dürli ýurtlardan adamlar dynç almak hem-de güýç toplamak üçin uly höwes bilen gelýärler. Bu täsin taslama Türkmenistanyň raýatlaryň abadançylygyny üpjün etmäge, dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň netijesi bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan deňsiz-taýsyz özgertmeleriň aýdyň nyşany bolup durýar.

Garaşylyşy ýaly, ertir, 20-nji maýda iki ýurduň Liderleri bu ýerde gepleşikleri geçirerler, olaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekiler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi