Pekinde Aziada — 2017-ä bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň ýanyndaky Söwda wekilhanasynyň binasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli serginiň açylyşy we tanyşdyryş çäresi boldy. Ýurdumyzyň ilçihanasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň DIM-niň bilelikde guramagynda geçirilýän foruma daşary ýurtlaryň HHR-de işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Hytaýyň jemgyýetçilik guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary gatnaşdylar.


Tanyşdyryş çäresiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, halkara derejeli türgenleri hem-de tälimçileri taýýarlamak, meýletinçilik hereketini ösdürmek, bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, sagdyn we belent ruhly ýaşlary terbiýelemek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Häzirki döwürde Türkmenistan şeýle ähmiýetli çäreleri guramaga we geçirmäge ukyply ýurtlaryň hataryna goşuldy. Ýurdumyzyň gazanýan köptaraplaýyn üstünlikleri, onuň ösüşiniň toplumlaýyn we köpugurly häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aziada — 2017-ni Aşgabatda geçirmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy başlangyjynyň aýdyň netijesidir. Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar bu oýny ýokary derejede guramakda, milli sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açmakda milli Liderimiziň tagallasyny aýratyn nygtadylar.


Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň sportuň döwrebap düzüminiň kemala getirilmegine, hususan-da, tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagyna, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Bu giň möçberli forumyň netijesinde Aşgabat diňe bir iri sport ýaryşlaryny guramakda tejribe toplamak bilen çäklenmän, sporty ösdürmek, dünýä çempionatlaryna we Olimpiýa oýunlaryna milli ýygyndy toparlar üçin düzümi taýýarlamak üçin oňyn mümkinçilige eýe bolar.

Aziada — 2017 ýaly iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyny şertlendirer. Çünki, şunuň ýaly giň möçberli çäreler köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär. Dostlukly we işewür gatnaşyklaryň ösdürilmegine, sebitde we dünýäde ynanyşmak, birek-birege düşünişmek ýagdaýynyň emele gelmegine oňyn täsirini ýetirýär hem-de milli ykdysadyýeti, medeni durmuşy hem-de syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge giň mümkinçilik açýar.


Sergini guraýjylar ýurdumyzyň dokma önümlerine aýratyn üns berdiler. Türkmen dokmaçylary tomusky möwsüme dynç alyş we sport bilen meşgullanmak üçin lybaslaryň täze görnüşlerini taýýarladylar. Ýurdumyzyň dizaýnçylary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary ýerleşdirilen lybaslaryň görnüşlerini görkezdiler. Bularyň tebigy nah we garyşyk matadan, şol sanda degişli nyşanlar şekillendirilen önümlerdigini bellemek möhümdir.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň halyçylyk, däp bolan senetkärçilik, amaly-haşam sungaty ulgamynda, milli sowgatlyk önümleri, şol sanda öňde boljak Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirilen önümleri taýýarlamakda ýeten derejesi myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.


Serginiň kitap bölüminde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen işleri hem-de Türkmenistanyň häzirki döwri, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, bu gün türkmen topragynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, nusgawy we häzirki zaman edebiýatynyň ugurlary barada gürrüň berýän bezegli neşirler görkezildi.