“Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forum açyldy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde Mary welaýatynyň merkezinde “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forum açyldy.

Media-forum “Mary” kaşaň myhmanhanasynyň mejlisler zalynda maslahatyň köp sanly myhmanlaryny we oňa gatnaşyjylary—Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň (AIPS), Malaýziýanyň, BAE-nyň, Mongoliýanyň, Gonkongyň sport metbugaty assosiasiýalarynyň, “Triwandi Çanzo”, “Gilmore business network”, “Laurel” iri media kompaniýalarynyň, “PTV news”, “Media-Lusa” ulgam we teleýaýlymlaryň, Belarusuň döwlet teleradio kompaniýasynyň wekillerini ýygnady. Maslahata Türkmenistanyň degişli edaralarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Media-foruma gatnaşyjylaryň düzümi halkara habarlar giňişliginde Aziada-2017-ä bildirilýän gyzyklanmanyň örän uludygyna şaýatlyk edýär.

Media-foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlag hatyny uly üns bilen diňlediler. Gutlag hatynda V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe her bir türgeniň, tälimçiniň, žurnalistiň ýa-da ýurdumyza gelen myhmanyň uly alada bilen gurşalyp alynjakdygyna, daşary ýurt metbugatynyň wekilleriniň bolsa Aziadany ýokary derejede mahabatlandyryp görkezmekde we dünýä ýaýmakda öz işjeňligini görkezjekdiklerine ynam bildirilýär.

Duşuşygyň barşynda myhmanlara türkmen sportuny ösdürmäge, halkara ähmiýetli iri ýaryşlary geçirmek üçin Türkmenistanda döredilen şertlere bagyşlanan wideofilm görkezildi. Ol myhmanlara Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk barada aýdyň düşünje berdi.

Türkmen tarapynyň wekilleri myhmanlary sporty we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, türgenleri we tälimçileri taýýarlamak, meýletinçilik hereketini ösdürmek boýunça ýurdumyzda geçirilýän işler bilen tanyşdyrdylar. Oýunlary halkara ölçeglerine laýyklykda geçirmek, şeýle hem tejribe we bilim alyşmak maksadynda Türkmenistanyň wekiliýeti, şol sanda meýletinçiler iri sport ýaryşlaryna we çempionatlara işjeň gatnaşýarlar.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen habar beriş serişdeleriniň wekilleri netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegini, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça bilelikdäki çäreleriň netijeliligini artdyrmagy şu günki duşuşygyň esasy wezipeleri hökmünde görkezdiler. Çünki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň üstünlikli strategiýasy-Oýunlary geçirmek üçin esasy ugurlaryň biridir.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň Halkara sport metbugaty assosiasiýasy, yklymyň esasy media kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygynyň özara peýdaly tejribe alyşmaga hyzmat etjekdigi, ýaryşlary beýan etmegiň derejesini ýokarlandyrmaga oňyn täsir etjekdigi barada bir pikire geldiler. Çykyşlarda aýratyn bellenilişi ýaly, nobatdaky media-forumyň geçirilmegi ýurduň sport arkaly Türkmenistany tutuş dünýä açyp görkezmäge çalyşýandygyny görkezdi.

Bellenilişi ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin Aşgabatda döwrebap Olimpiýa şäherjigi guruldy. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän bu toplumyň desgalarynda sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar geçiriler. Oýunlaryň geçişini habarlarda beýan etmek maksadynda Metbugat merkezi, Halkara alyp görkeziş merkezi gurlup, desgalaryň her birinde ýaryşlaryň barşy hakynda habarlary dessin ýaýratmak üçin ähli şertler döredildi. Şunuň bilen baglylykda dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň dünýäniň media giňişliginde oýunlary beýan etmek boýunça döredilen mümkinçiliklere mynasyp baha berjekdigine ynam bildirildi .

Düýn foruma gatnaşyjylara Aziada-2017-niň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň desgalary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Şunuň ýaly giň gerimli sport çäresiniň geçirilmegi sport hereketini düýbünden täze derejä çykarmaga, ýaşlaryň arasynda sporty wagyz etmäge we ösdürmäge, ýokary derejeli türgenleri we milli ýygyndylary taýýarlamaga kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik döreder. Bu babatda Türkmenistan hakynda habarlary ýaýratmak üçin “Aziada-2017” taslamasy bilen döredilýän mümkinçilikleri doly peýdalanmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri ýurdumyzda abraýly ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdyryldy. Forumyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar sporty ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgama berýän ägirt uly ünsi barada bellediler. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň wekillerinde Aşgabatda geçiriljek Oýunlaryň uly gyzyklanma döredýändigi bellenildi.

Dünýäniň sport giňişliginde Türkmenistanyň abraýyny artdyrmak, şeýle hem bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda Aziada-2017-ä aýratyn ähmiýet berýän milli Liderimiziň başlangyçlary Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň şunuň ýaly ähmiýetli ýaryşlary geçirmek üçin Aşgabada seçip almak hakynda çözgüt kabul etmeginde möhüm şert boldy diýlip forumda bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar ýokary görkezijiler sportuny hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyna ýokary baha berdiler. Gurulýan we ulanmaga berilýän, halkara ölçeglerine laýyk gelýän köp sanly sport toplumlary we sagaldyş merkezleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara ýaryşlary, türkmen türgenleriniň dünýäniň dürli döwletlerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýokary derejeli sport çärelerini taýýarlamagyň barşynda habar beriş serişdeleriniň köp ugurly orny, bu ugurda diňe däbe öwrülen metbugat, tele we radioýaýlymlary arkaly däl-de, eýsem, ulgamlaýyn internet neşirleriň we durmuş medialaryň köptaraplaýyn mümkinçiliklerini peýdalanmagyň zerurdygy barada aýdyldy.

Aşgabatda geçiriljek oýunlaryň dünýäniň habar beriş serişdelerinde döredýän gyzyklanmasy barada hem durlup geçildi. Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň tutuş dünýä üçin diňe ykdysadyýeti ösen döwlet hökmünde däl-de, eýsem sport döwleti hökmünde hem ýylsaýyn açylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Maslahata gatnaşyjylar iri sport ýaryşlaryny geçirmekde, şol sanda olary beýan etmek işinde türkmen tarapy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan etdiler.

Media-forum tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda yklymyň ähli künjeklerinden sport žurnalistlerini we media kompaniýalarynyň wekillerini ýygnan çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.