Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-ä taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça Dokma senagaty ministrligine bardy, şol ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdy.

Bir aýdan gowrak wagt mundan ozal, 30-njy maýda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigini gözden geçiren mahalynda döwlet Baştutanymyza türkmen ýygyndy toparynyň agzalarynyň, işgärleriň hem-de oýunlaryň meýletinçileriniň lybaslarynyň görnüşleri hödürlenildi. Görkezilen nusgalaryň arasyndan birnäçe görnüşi saýlanyp alyndy. Milli Liderimiz olar boýunça hem birnäçe görkezmeleri berdi. Şu gün bu lybaslar milli Liderimiziň aýdan bellikleri nazara alnyp, täzeden işlenen görnüşinde görkezildi.

Aziada-2017-ni geçirmek ýurdumyzyň paýtagty üçin uly hormatdyr. Türkmenistan Merkezi Aziýada ilkinji bolup özünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny aldy. Halkara durmuşynyň iri merkezi hökmünde döwletimiziň sport abraýy köp babatda bu möhüm wakanyň üstünlikli geçirilmegine baglydyr. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Aziýa oýunlarynyň her bir meselesine aýratyn üns berýär.

Çünki, ägirt uly “Aşgabat-2017” taslamasy ýurdumyzy bütin dünýä dürli nukdaýnazardan, giň ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, dostlukly we işewür gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebitde hem-de tutuş dünýäde özara ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny berkarar etmek, şeýle hem medeni we syýahatçylyk ulgamlary babatda görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Aziadanyň badalga aljak güni has golaýlaşdygyça, uly baýramçylyk ýagdaýy has äşgär duýulýar. Oýunlaryň sport we düzümleýin desgalarynyň ählisi, olaryň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek bilen meşgullanýan gulluklar taýýarlyk synagyndan geçýärler.

Şol bir wagtyň özünde biziň türgenlerimiz iň tejribeli tälimçileriň ýolbaşçylygynda ýokary depginde türgenleşik geçýärler, şol sanda daşary ýurtlarda sport ýygnanyşyklarynda bolýarlar, güýçli bäsdeşleri bilen duşuşyp, özleriniň ussatlygyny artdyrýarlar. Aziada gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň göwnühoş bolmagyny üpjün etmek bilen meşgullanýan adamlar hem bu oýunlara ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýärler. Şäher hojalygynyň ähli düzümleri gözel paýtagtymyzyň bu sport, sagdynlyk we dostluk baýramçylygyny -- Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mynasyp garşylamagy üçin giň möçberli işleri alyp barýarlar. Bu oýunlaryň sentýabr günlerinde Aşgabatda bolmak bagty miýesser eden adamlaryň ählisiniň ýadynda hemişelik galmagy üçin uly tagallalar edilýär.

...Dokma senagaty ministrligine gelende milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Binanyň esasy girelgesiniň öňünde hemmeleri Türkmenistanyň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdaklaryny saklap duran uly gurjak görnüşindäki şadyýan alabaý – Oýunlaryň şekili mähirli mübärekledi. Aşgabat Aziadasynyň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygaryny beýan etmekde bu şekile aýratyn orun degişlidir. Wepaly şeýle hem güýç-gaýratlylygy, sport ýeňişlerine ymtylyşy aňladýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrligiň eýwanynda döwlet Baştutanymyza biziň türgenlerimiz üçin sport lybaslarynyň, şol sanda Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary üçin lybaslaryň täze nusgalary görkezildi.

Lybaslar paýtagtymyzyň Modalar öýünde öndürildi. Onuň dizaýnerleri lybaslary taýýarlamakda we bezemekde milli ruhy we maddy medeniýetiň baý mirasyna mahsus bolan köpöwüşginli ýörelgeleri ulandylar. Olar häzirki zaman modasynyň ýörelgesi bilen ajaýyp sazlaşykda däp bolan nusgalara kybap gelýär.

Lybaslaryň ählisi ýurdumyzda öndürilen örme önümlerdir. Lybasyň çep tarapynda Türkmenistanyň Döwlet tugrasy, sag tarapynda bolsa atyň şekili şekillendirilen Sport baradaky döwlet komitetiniň logotipi ýerleşýär.

Aziada-2017-niň nyşanlary şekillendirilen dokma önümleriniň sergisi lybaslaryň görkezilişiniň üstüni ýetirdi. Şol önümleriň hatarynda sowgatlyk gaba gaplanan tüýjümek el süpürgiçler, sport köýnekçeleri we lybaslar, şeýle hem boýunbaglar we beýleki lybaslar bar. Bu ýerde dürli sowgatlyk önümleri we Aziada-2017 mowzugy beýan edilen magnitli ýelmentgi, ýassyjyklar, kiçi termoslar, kürüşge görnüşindäki uly bolmadyk naşyja sowgatlyklar görkezildi.

Milli Liderimiz V Aziýa oýunlary mynasybetli ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň ähli babatda halkara standartlaryna laýyk gelmelidigini, hususan-da, milli ýörelgeleriň häzirki zaman gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen nusgalar bilen içgin tanşyp, Aziada-2017-niň nyşanlaryny, onuň şekilini, nyşanyny we tumaryny dabaraly çäreler üçin lybaslaryň bezeginde oýlanyşykly, milli äheňlere kybap ýagdaýda ulanmaga modelýerleriň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz dabaraly çäreler üçin niýetlenen lybaslaryň hem-de beýleki lybaslaryň örän wajypdygyny, myhmanlarda ýurdumyz barada galjak ilkinji täsirleriň köp babatda olara-da bagly bolup durýandygyny belledi. Milletiň taryhyndan gözbaş alýan resmi lybaslar hem halkymyzyň medeni mirasyna hormat-sarpany alamatlandyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýlelikde, çeperçilik çözgütleri, döredijilik ýörelgelerini, aýdyň alamatlary, milli öwüşginleri sazlaşykly birleşdirip, biz täsin we ajaýyp şekilleri döredip bileris. Olar biziň myhmanlarymyza türkmen halkynyň häsiýeti, onuň ruhy dünýäsi, däp-dessurlary barada köp zatlary gürrüň berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Halk lybaslarynyň döwrebap görnüşi bolsa ýaşaýyş-durmuşyň dowamatlylygynyň diňe hereketde, ösüşde we täzelenmekdedigini aýdyň görkezmelidir. Sport lybasyny öndürmekde ekologiýa taýdan arassa we oňaýly ýokary hilli matalaryň ulanylmagy esasy talap bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Ministrligiň eýwanynda şeýle hem ekranlar ornaşdyryldy. Olaryň kömegi bilen hormatly Prezidentimize Olimpiýa şäherjiginiň binalarynda we desgalarynda bezeg işleriniň amala aşyrylyşy, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek günlerinde Aşgabadyň nähili görnüşe eýe boljakdygy barada hasabat berildi.

Soňra V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew giň gerimli Oýunlara taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Ol wideoşekiller arkaly Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň içki we daşky bezegleri boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berdi. Bu bezegler gündizki we agşamky yşyklarda görkezildi. Şol desgalarda sportuň dürli görnüşleri, hususan-da, V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen görnüşleri boýunça halkara derejesindäki ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Şäherjigiň çäginde peýda bolan desgalaryň her birinde sportuň görnüşlerine laýyklykda, Wepaly alabaýyň şekili öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz täsin toplumyň käbir desgalaryny döwrebap görnüşde bezemek boýunça görkezmeleri berdi we desgalaryň her biriniň reňk öwüşginleri babatda tapawutlanmalydygyny belledi. Munuň özi bolsa, öz nobatynda, türgenlerde ruhubelentlik ýagdaýyny döretmelidir. Şunda bezegleri ulanmakda birmeňzeşlikden gaça durmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Aziada-2017-niň öňüsyrasynda paýtagtymyzy toý lybasyna beslemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyza Aşgabadyň köçeleri we meýdançalary üçin dürli bezegleriň nusgalary görkezildi. Olaryň hatarynda uly LED-ekranlarynyň onlarçasy bar. Eýýäm olaryň ençemesi paýtagtymyzyň görnükli ýerlerinde ornaşdyryldy.

Şäherde Aziada-2017-niň şekilleriniň ýerleşdiriljek ýerleri barada hem hasabat berildi. Alyslardan seleňläp görünýän bu şekiller Aşgabadyň gözelligine özboluşly öwüşgin çaýar.

Mundan başga-da, häkim milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň baş şäheriniň şaýollaryny we köçelerini güller, dürli reňkli baýdajyklar bilen bezemek boýunça teklipleri hödürledi we paýtagtymyzyň bezegleriniň nusgalary ýerleşdirilen taslamalary görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherini bezemek boýunça meýilnamalar bilen içgin tanşyp, şäher häkimi Ş.Durdylyýewe bu ugurdaky işleri güýçlendirmegi tabşyrdy hem-de Aziadanyň başlanmagyna örän az wagtyň galandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Aziadanyň nyşanlaryny şäheriň iň gelim-gidimli ýerlerinde ornaşdyrylmalydygyny, şunlukda, olaryň daş-töweregiň binagärligi hem-de tebigy landşaft bilen sazlaşyk döretmelidigini belledi.

Milli Liderimiz V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, öňümizdäki sport ýaryşlarynyň hem-de degişli tanyşlyk-medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmegi talap etdi.

Paýtagtymyzyň ajaýyp, täsin we ýatdan çykmajak keşbini, Aziada barada iň ýakymly täsirleri döretmek üçin döwrebap tehnologiýalar, şol sanda açyk asmanyň astynda täsin wideoşekilleri döretmek üçin enjamlar we programmalar ulanylýar.

Şolaryň biri şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa görkezildi. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň binasynyň ýüzünde yşykly şekiller arkaly Aziadanyň nyşany, şekili we tumary görkezildi. Özboluşly ekrana öwrülen binanyň öň tarapynda Wepaly alabaýyň sportuň dürli görnüşlerindäki şekilleri, oýunlaryň tumary, çapyp barýan bedewler, “Aziada-2017” we “Aşgabat-2017” diýen ýazgylar yzly-yzyna peýda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Aziadanyň nyşanynyň, şekiliniň we tumarynyň yşykly görkezilýän binalarynyň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydygyny, olaryň ýurdumyzyň baş şäheriniň gijeki gözelligine gözellik goşmalydygyny, adamlaryň şatlygyny goşalandyrmalydygyny we göwünlerini galkyndyrmalydygyny belledi. Milli Liderimiz bularyň ählisiniň ýurdumyzyň raýatlarynyň paýtagt şäherimiz bolan Aşgabada bolan buýsanjyny, guwanjyny artdyrmalydygyny nygtady.

Oýunlar iň täze ylmy-tehniki hem-de döwrebap guramaçylyk çemeleşmeleri esasynda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz we ýylyň iň giň gerimli sport çäresi bilen baglylykda, ýokary derejeli hyzmatyň ýola goýulmagy babatda anyk görkezmeleri berdi. Bu çäre hakyky taryhy waka öwrülip, sebitde ilkinji bolup, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň bütin dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, Aziada-2017-ni guraýjylar hökmünde biziň iň esasy we jogapkärli wezipämiziň durmuş-ykdysady babatda, diplomatik we ynsanperwer ulgamlarynda, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasaty babatda ýurdumyz hem-de tutuş sebit üçin oýunlaryň geçirilmeginiň has netijeli bolmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny ýene-de bir gezek belledi.