Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de eden ÇY­KY­ŞY

Hor­mat­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly adam­lar!


Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu gün­ki mej­li­si­ni ta­mam­la­mak bi­len, ge­çen ýa­rym ýyl­da bi­ziň baş mak­sa­dy­my­za ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len örän mö­hüm öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak­da no­bat­da­ky ädim­le­riň ädi­len­di­gi­ni bel­le­mek is­le­ýä­rin. Bu mak­sat mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň my­na­syp de­re­je­si­ni we hi­li­ni üp­jün ed­ýän, adam­la­ryň hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len dün­ýä­niň ösen de­mok­ra­tik döw­let­le­ri­niň de­re­je­si­ne çyk­mak­dan yba­rat­dyr.

Bi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­myz üýt­gew­siz do­wam ed­ýär. Bu sy­ýa­sat hä­zir­ki dö­wür­de hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ýew­ro­pa Bilele­şi­gi, Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk et­mek­den yba­rat­dyr. Dün­ýä­de ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny ga­zan­mak, eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek hem-de ulag üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek bi­len bag­ly­dyr. Bi­lim we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ry­ny ös­dür­me­gi, adam hu­kuk­la­ry­ny hem-de azat­lyk­la­ry­ny, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy ber­kit­me­gi üp­jün et­mä­ge de­giş­li­dir.

Içe­ri sy­ýa­sat ba­bat­da aý­dy­lan­da bol­sa, biz yg­ty­bar­ly sal­gyt-býu­jet we pul-karz sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýa­rys. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da hu­su­sy we döw­let dü­züm­le­ri­niň üp­jün­çi­lik ul­gam­la­ry­na go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň möç­ber­le­ri art­ýar.

Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bir­nä­çe pu­dak­la­ryn­da önüm ön­dür­mek­de we hyz­mat­la­ry et­mek­de go­wy ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy. Bu bol­sa je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­ni 6,4 gö­te­ri­me ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.

Döw­let býu­je­ti­niň gir­de­ji­le­ri hem art­dy. Bu bol­sa, ne­ti­je­de, or­ta­ça aý­lyk zäh­met hak­la­ry­ny 9 gö­te­ri­me çen­li kö­pelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Mil­li pu­lu­myz bo­lan ma­na­dyň hüm­me­ti hem bel­le­nen de­re­je­de dur­nuk­ly sak­lan­ýar.

Ýur­du­myz­da se­na­gat we dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny giň ge­rim bi­len alyp bar­ýa­rys. Hä­zir­ki dö­wür­de umu­my ba­ha­sy 47 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý bo­lan iri des­ga­la­ryň 1900-e go­la­ýy gu­rul­ýar. Bi­ziň mil­li gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­my­zyň gur­ýan des­ga­la­ry­nyň sa­ny­nyň bar­ha art­ýan­dy­gy aý­ra­tyn gu­wan­dyr­ýar. Me­niň bel­läp ge­çi­şim ýa­ly, hä­zir ýur­du­myz­da je­mi gu­rul­ýan 1900 des­ga­nyň 1800-e go­la­ýy­nyň gur­lu­şy­gy­ny öz gur­lu­şyk­çy­la­ry­myz alyp bar­ýar.

Şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da biz iri des­ga­la­ryň 59-sy­ny işe gi­riz­dik. Umu­my meý­da­ny 632 müň 500 ine­dör­dül metr bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, şol san­da, has oňaý­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny ulan­ma­ga ber­dik. Bu gur­lu­şyk­la­ryň umu­my ba­ha­sy 2 mil­liard ame­ri­kan dol­la­ry­na go­laý­la­ýar. Işe gi­ri­zi­len des­ga­lar­da köp san­ly tä­ze iş orun­la­ry dö­re­dil­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de biz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýä­ris. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek hem-de ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň beý­le­ki döw­let­le­re ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, elekt­ron se­na­ga­ty­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça ka­bul eden Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris.

Hor­mat­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly adam­lar!


Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, şu ýyl bi­ziň üçin aý­ra­tyn ýyl­dyr. Ýa­kyn wagt­da ýur­du­myz­da V Azi­ýa oýun­la­ry, şeý­le hem bir­nä­çe mö­hüm hal­ka­ra çä­re­ler ge­çi­ri­ler. Şo­ňa gö­rä-de, si­ziň äh­li­ňi­ziň, äh­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ikin­ji ýa­rym ýyl­da öňü­ňiz­de du­ran esa­sy we­zi­pe­ler şu­lar­dan yba­rat­dyr:

R.Me­re­dow, şu we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, V Azi­ýa oýun­la­ry­na hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň gat­naş­ma­gy bo­ýun­ça çä­re­le­riň anyk me­ýil­na­ma­sy­ny hä­zir­den taý­ýar­la­ma­ly.

Göz öňün­de tu­tu­lan bir­nä­çe iri hal­ka­ra mas­la­hat­la­ra hem go­wy taý­ýar­lyk gör­me­li. Ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ola­ry ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­li. Bu­lar Ow­ga­nys­tan bo­ýun­ça se­bit­le­ýin yk­dy­sa­dy mas­la­hat, şu ýyl ýur­du­my­zyň Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň konferensiýasyna baş­lyk­lyk et­me­gi, şeý­le hem Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni bi­len bag­ly çä­re­ler­dir.

Şeý­le hem ýur­du­my­zyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň beý­le­ki döw­let­le­re bol­jak sa­par­la­ry­na, da­şa­ry ýurt­la­ryň Hö­kü­met we­ki­li­ýet­le­ri­ni ýur­du­myz­da ka­bul et­mä­ge go­wy taý­ýar­lyk gör­me­li. Beý­le­ki sy­ýa­sy we gu­ra­ma­çy­lyk çä­re­le­ri­ni hem ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­li.

B.Ho­ja­mäm­me­dow, yk­dy­sa­dy­ýet we ma­li­ýe top­lu­my­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň hem-de pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry!

Ýa­ňy-ýa­kyn­da si­ziň ady­ňy­za edi­len tan­ky­dy bel­lik­ler­den dog­ry ne­ti­je çy­kar­ma­ly. Mak­royk­dy­sa­dy do­lan­dy­ry­şy go­wu­lan­dyr­mak üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­me­li. Ma­li­ýe we bank ul­ga­myn­da ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­ri do­wam et­me­li.

Gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň ba­za­ry­ny gu­ra­mak, hu­su­sy­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri ta­la­ba­la­ýyk alyp bar­ma­ly. Üp­jün­çi­lik, bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam­la­ry­na uly möç­ber­ler­de ma­ýa go­ýum­la­ry­ny goý­ma­ly we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry önüm­çi­li­ge giň­den or­naş­dyr­ma­ly.

Şeý­le hem yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da zäh­met hak­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de art­dyr­ma­gy üp­jün et­me­li. Ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne berk gö­zeg­çi­lik et­me­li­di­gi­ne, bel­le­nen çä­re­le­ri göz öňün­de tu­tu­lan möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­di­gi­ne si­ziň aý­ra­tyn ün­sü­ňi­zi çek­mek is­le­ýä­rin.

A.Nur­ber­di­ýe­wa, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, hä­kim­ler, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry! Gel­jek ýy­lyň Döw­let býu­je­ti­niň üs­tün­de hä­zir­den iş­läp baş­la­ma­ly. Döw­let býu­je­ti hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş ýag­da­ýy­ny we aba­dan­çy­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­ma­gy do­ly de­re­je­de üp­jün eder ýa­ly bol­ma­ly­dyr.

B.Ho­ja­mäm­me­dow, gel­jek ýy­lyň Döw­let býu­je­tin­de her bir et­rap­da we şä­her­de, gaý­ta­lap aýd­ýa­ryn, her bir et­rap­da we şä­her­de mä­täç­lik çek­ýän adam­la­ra ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny gur­mak üçin se­riş­de­le­ri hök­ma­ny ter­tip­de göz öňün­de tut­ma­ly.

Ýa­şu­lu­la­ryň mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mä­ge-de go­wy taý­ýar­lyk gör­me­li. Biz şu ýyl Ýa­şu­lu­la­ryň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty­ny ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my bo­lan Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­na çen­li Ahal we­la­ýa­tyn­da ge­çir­me­gi göz öňün­de tut­ýa­rys. Mas­la­hat­da gel­jek 2018-nji ýyl­da öňü­miz­de du­ran we­zi­pe­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şa­rys.

S.Toý­ly­ýew, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri! Okuw ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy­na çen­li tä­ze mek­dep­le­riň ýo­ka­ry hil­li gur­lup, ulan­ma­ga be­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­li. Şeý­le hem ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň bi­na­la­ryn­da we or­ta mek­dep­ler­de abat­la­ýyş iş­le­ri­ni ge­çir­me­li.

Şo­nuň ýa­ly-da, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň baý­ra­my­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­li. Ýur­du­myz­da ka­bul edi­len «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­len döw­rün­de ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça köp iş­ler edil­di. Şeý­le hem sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak bo­ýun­ça düýp­li öz­gert­me­ler ge­çi­ril­di.

E.Oraz­gel­di­ýew, we­la­ýat­la­ryň we et­rap­la­ryň hä­kim­le­ri, oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry! Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de ne­ti­je­li iş­le­ri alyp bar­ma­ly.

Hä­zir­ki dö­wür­de gal­la ora­gy ta­mam­lan­dy di­ýen ýa­ly. Gal­la­nyň ýyg­na­lan möç­be­ri döw­le­ti­mi­ziň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Onuň özü­miz­den art­ýan bö­le­gi­ni bol­sa da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port ede­ris.

Meý­dan­lar­da go­wa­ça­nyň hem oňat ha­sy­ly ýe­tiş­di­ril­ýär. Ýur­du­myz üçin bu eki­niň mö­hüm­di­gi­ni göz öňün­de tu­tup, go­wa­ça ha­sy­ly­ny ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça ze­rur bo­lan äh­li ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­ri ta­la­ba­la­ýyk ge­çir­me­li. Ýe­tiş­di­ri­len ýo­ka­ry pag­ta ha­sy­ly­ny za­ýa­syz ýyg­nap al­mak üçin teh­ni­ka­ny hä­zir­den ýy­gym möw­sü­mi­ne do­ly taý­ýar et­me­li.

Ýur­du­myz­da bio­lo­gi­ýa bar­lag­ha­na­la­ry­ny giň­den dö­ret­me­giň, hä­zir­ki za­man suw tyg­şyt­laý­jy ul­gam­la­ry, ýa­gyşlaýyn we dam­ja­la­ýyn usul­da su­war­ma­gy giň­den or­naş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na si­ziň ýe­ne-de bir ge­zek ün­sü­ňi­zi çek­mek is­le­ýä­rin. Ilat­ly ýer­le­ri aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len Baş mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge hem aý­ra­tyn üns ber­me­li.

D.Aman­gel­di­ýew, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry! We­la­ýat­la­ryň we et­rap­la­ryň hä­kim­le­ri! Ýur­du­myz­da des­ga­la­ry hem-de bi­na­la­ry ýo­ka­ry hil­li gur­ma­gyň we öz wag­tyn­da ulan­ma­ga ber­me­giň ze­rur­dy­gy­na si­ziň ün­sü­ňi­zi ýe­ne-de bir ge­zek çek­mek is­le­ýä­rin. Şä­her­ler­dä­ki we oba­lar­da­ky, aý­ra­tyn-da, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ýol­la­ry, ýa­şa­ýyş jaý gor­la­ry­ny, se­ýil­gäh­le­ri we se­ýil­bag­la­ry ta­la­ba­la­ýyk sak­la­ma­ly.

Tä­ze okuw ýy­ly­na, V Azi­ýa oýun­la­ry­na, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­na hem-de Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne çen­li ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tu­lan äh­li des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­ny hök­ma­ny ýag­daý­da bel­le­nen möh­let­ler­de ta­mam­la­ma­ly.

Mun­dan baş­ga-da, 2018-nji ýyl­da gu­rul­ma­ly des­ga­la­ryň mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­de hä­zir­den iş­läp baş­la­ma­ly. Mak­sat­na­ma­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, mek­dep­le­ri, ça­ga­lar bag­la­ry­ny we beý­le­ki dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ry gur­ma­ga, ozal­ky­sy ýa­ly, uly üns ber­me­li.

Şo­ňa gö­rä-de, siz 2018-nji ýy­lyň ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­sy­ny Ýa­şu­lu­la­ryň no­bat­da­ky mas­la­ha­tyn­da se­ret­mek üçin hö­dür­le­me­li. Bu mak­sat­na­ma üçin äh­li çyk­da­jy­la­ry gel­jek ýy­lyň Döw­let býu­je­tin­de göz öňün­de tut­ma­ly.

M.Aý­dog­dy­ýew, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, top­lum­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry! Biz da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek, beý­le­ki döw­let­le­re ibe­ril­ýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak, elekt­ron se­na­ga­ty­ny hem-de bi­le­lik­dä­ki se­na­gat kär­ha­na­la­ry­ny dö­ret­mek we tä­ze iş orun­la­ry­ny gu­ra­mak bo­ýun­ça go­wy Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­dyk we ka­bul et­dik.

Em­ma, gy­nan­sak-da, bu mak­sat­na­ma­la­ryň hiç bi­ri hem hä­zi­re çen­li do­ly möç­ber­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­ýär. Hä­zir biz bu ugur­da ýol ber­len kem­çi­lik­le­ri çalt dü­zet­mek üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­me­li­di­ris.

Ýo­ka­ry gö­zeg­çi­lik eda­ra­sy­nyň baş­ly­gy Ç.Gy­ly­jow! Siz ka­bul edi­len şu mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň ne­ti­je­le­ri­ni bar­laň-da, ýy­lyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­jek Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de bu ba­ra­da ha­sa­bat be­riň!

Biz önüm­çi­lik pu­dak­la­ry­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­me­li. Go­wy zäh­met ha­ky tö­len­ýän, oňat bi­lim­li iş­gär­le­ri ta­lap ed­ýän tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­me­li. Ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den da­şar­da uly is­leg bil­di­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li önüm­le­ri ön­dür­me­li.

A.Ga­ra­ja­ýew, Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň, met­bu­ga­tyň we te­le­wi­de­ni­ýä­niň ýol­baş­çy­la­ry! Siz ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň soň­ky ýyl­lar­da dö­re­di­len mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny do­ly möç­ber­de we ne­ti­je­li ulan­ma­ly. Bi­ziň eme­li hem­ra­myz ar­ka­ly hal­ky­my­zyň ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny we ta­ry­hy­ny giň­den be­ýan et­me­li. Örän mö­hüm stra­te­gik mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de ama­la aşyr­ýan ägirt uly iş­le­ri­mi­ziň düýp maz­mu­ny­ny hem-de äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­me­li.

Bu mak­sat­na­ma­lar döw­le­ti­mi­ziň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­nyň yk­dy­sa­dy esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ril­ýär. Mak­sat­na­ma­lar, hu­su­san-da, gal­la, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka we ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ga­raş­syz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge ni­ýet­le­nil­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy pu­dak­la­ry­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mek, bu pu­dak­la­ry öň­de­ba­ry­jy teh­ni­ka­lar we teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dyr­mak, hä­zir­ki za­man kär­ha­na­la­ry­ny işe gi­riz­mek göz öňün­de tut­ýar.

Şo­ňa gö­rä-de, bi­ziň ýur­du­myz bi­len se­bi­tiň hem-de dün­ýä­niň dür­li döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky me­de­ni gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­me­li. Ze­hin­li sun­gat iş­gär­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­ma­ly hem-de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ta­nat­ma­ly. Ýer ýü­zü­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­me­li.

«Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» bäs­le­şi­gi­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­me­li. Şeý­le hem V Azi­ýa oýun­la­ry­na, ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­na, Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ne we Tä­ze ýyl baý­ra­my­na go­wy taý­ýar­lyk gör­me­li hem-de te­le­ýaý­lym­lar­da gy­zyk­ly gep­le­şik­le­ri taý­ýar­la­ma­ly. Teatr­lar­da tä­ze oýun­la­ry goý­ma­ly. Bi­ziň mer­da­na hal­ky­my­zy wasp ed­ýän aja­ýyp eser­le­ri we aý­dym­la­ry dö­ret­me­li.

M.Ba­ba­ýew, ne­bit­gaz top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry! Siz top­lum­da gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çalt­rak çöz­me­li. Top­lu­myň dü­züm bir­lik­le­ri­ni amat­ly ýag­da­ýa ge­tir­mek, onuň ne­ti­je­li bol­ma­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça şu gün ka­bul edi­len çöz­güt­ler bu ugur­da­ky işiň di­ňe bir bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, top­lu­myň dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça işi do­wam et­me­li. Do­lan­dy­ryş ul­ga­myn­da ar­tyk­maç­lyk­la­ry ara­dan aýyr­ma­ly we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da eme­le ge­len ma­li­ýe ýag­daý­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­me­li.

Ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­mi­zi dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­ma­gyň ýol­la­ry­ny di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­mak bo­ýun­ça iş­le­ri hem do­wam et­me­li. Şu mak­sat bi­len, gaz we ne­bit ge­çi­ri­ji­le­ri ýo­ka­ry hil­li gur­ma­ly. Ne­bi­tiň we ga­zyň tä­ze ýa­tak­la­ry­ny aç­ma­ly. Şeý­le­lik­de, ne­bit­gaz top­lu­my­nyň ta­kyk we ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ni ga­zan­mak üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­me­li.

B.An­na­me­re­dow, ulag we ara­gat­na­şyk top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry!

Siz şu ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da köp iş­le­ri et­me­li. Ýur­du­myz­da ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri­ni, aý­ra­tyn-da, öý­jük­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­ny ös­dür­me­li. Önüm­çi­li­ge tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we In­ter­net ul­ga­my­ny or­naş­dyr­ma­ly. Bi­ziň eme­li hem­ra­my­zyň ula­nyş ge­ri­mi­ni mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­me­li. Şeý­le hem pes or­bi­ta­da he­re­ket ed­ýän ikin­ji eme­li hem­ra­ny uçur­mak me­se­le­si­niň üs­tün­de iş­le­me­li.

Siz äh­li ugur­lar bo­ýun­ça iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak, hal­ka­ra gü­wä­na­ma­la­ry al­mak me­se­le­le­ri­ne hem üns ber­me­li.

To­mus pas­ly do­wam ed­ýär. Ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­rin­de ýo­lag­çy­la­ry gat­nat­ma­gyň möç­be­ri art­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, si­ziň gö­zeg­çi­lik ed­ýän pu­dak­la­ry­ňyz­da müş­de­ri­le­re we ýo­lag­çy­la­ra hyz­mat et­me­giň, aý­ra­tyn-da, de­mir ýol we ho­wa ulag­la­ryn­da hyz­mat et­me­giň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ly.

O.Gur­ban­na­za­row, söw­da top­lu­my­nyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry! Ila­ty ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­lar bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça işi do­wam et­me­li.

Eks­por­tyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça ka­bul edi­len Döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek hä­zir­ki dö­wür­de si­ziň esa­sy we­zi­pe­le­ri­ňi­ziň bi­ri bo­lup dur­ýar. Biz gel­jek­de hem te­le­ke­çi­le­ri­mi­zi giň­den gol­da­mak sy­ýa­sa­ty­ny do­wam ede­ris.

Hor­mat­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ag­za­la­ry!
Hor­mat­ly adam­lar!


Şu gün­ki çy­ky­şy­my ta­mam­la­mak bi­len, men 21-nji iýul­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň baý­ra­my­ny ýo­ka­ry de­re­je­de hem-de gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­li­di­gi­mi­zi bel­le­mek is­le­ýä­rin. Şol gün bir­nä­çe sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri­ni açyp, ulan­ma­ga ber­me­gi hem göz öňün­de tut­ýa­rys.

Umu­man ala­nyň­da, ge­çen ýa­rym ýyl­da ga­za­nan ne­ti­je­le­ri­miz er­bet bol­ma­dy. Şu­ny göz öňün­de tu­tup, äh­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na şen­be hem-de ýek­şen­be gün­le­ri al­ty aýyň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat­la­ry we mej­lis­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­ýa­ryn.

Si­ziň äh­li­ňi­ze 10-njy iýul­dan — 1-nji aw­gust ara­ly­gyn­da dynç al­ma­ga rug­sat ber­ýä­rin. Siz “Awa­za­dan” baş­ga-da, ýur­du­my­zyň Arç­man, Ýy­ly­suw we beý­le­ki şy­pa­ha­na­la­ryn­da dynç alyp, öz sag­ly­gy­ňy­zy ber­ki­dip bi­ler­si­ňiz. Ýö­ne, eý­ýäm bel­läp ge­çi­şim ýa­ly, bi­ziň, esa­san, Azi­ýa oýun­la­ry­ny ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin go­wy taý­ýar­lyk gör­me­li­di­gi­mi­zi äh­li­ňi­ze ýat­lat­mak is­le­ýä­rin.