Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijelerine garaldy, hormatly Prezidentimiziň we beýleki milli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine baha berildi. Onuň gün tertibine şu ýylyň ikinji ýarymy üçin ileri tutulýan wezipeler hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalary we guramaçylyk meseleleri girizildi.

Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer 2017-nji ýylyň birinji ýarymynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda döwlet maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy üçin zerur şertler döredildi.

Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterim ýokarlandy, şol sanda senagat pudagynda 3,2 göterim, gurluşykda 4 göterim, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 10,9 göterim, söwdada 9,4 göterim, oba hojalygynda 3,8 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,3 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önümiň möçberi 4,3 göterim artdy.

Alty aýyň jemleri boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,2 göterim ýokarlandy. Sarp ediş harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlarynyň derejesi bellenilen çäklerde saklanyldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9 göterim ýokarlandy.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, maliýe-ykdysady we bank ulgamlarynyň edaralarynyň işiniň netijeliligini üpjün etmegiň we Döwlet býujetiniň serişdelerini tygşytlamagyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada jikme-jik habar berdi.

Hökümet Baştutanynyň orunbasary, 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmek boýunça işleriň çäklerinde ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-hojalyk işleriniň deslapky maglumatlaryna seljerme geçirilendigi barada hem hasabat berdi. Geçirilen işleriň netijelerine laýyklykda hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we durmuş goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan býujetden maliýeleşdirilýän edara-kärhanalaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018—2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilen işleriň jemleri barada habar berdi. Bu resminama 2008—2016-njy ýyllarda gazanylan makroykdysady görkezijilere geçirilen seljermäniň esasynda taýýarlanyldy we ol döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösdürilmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Esasy wezipeleriň hatarynda maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, durnukly ösüş üçin bar bolan ähli serişdeleri we mümkinçilikleri doly peýdalanmak, ähli sebitleri durnukly ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ýokary depginler bilen ösdürmek işleri kesgitlenildi. Şeýle-de, Maksatnamanyň taslamasynda ähli pudaklara öňdebaryjy tejribäni, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, milletimiziň intellektual mümkinçiliklerini doly herekete getirmek ýaly ileri tutulýan ugurlar öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy geljek 7 ýylda ösdürmegiň täze nusgasynyň taslamasynyň esasy ugrunyň berkarar döwletimizi senagat taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmekden, ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmekden ybaratdygyny aýtdy.

Bu işler bolsa, Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyply bolmagyny üpjün eder, onuň eksport mümkinçiligini artdyrar.

Ykdysadyýetimize maýa goýumlaryny çekmek hem ileri tutulýan örän möhüm maksatnamalaýyn ugurlaryň biridir. Bu meselä biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginler bilen ösdürmegiň, döwrebaplaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň örän möhüm we zerur şerti hökmünde garaýarys. Onuň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply bolmagyny ýokarlandyrmagyň usuly diýip hasap edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Biziň Konstitusiýamyzyň maddalaryna laýyklykda, hususy eýeçilik ykdysadyýetiň önüm öndürýän pudaklarynda, ilkinji nobatda bolsa, oba hojalygynda, senagatda hem-de onuň esasy ugurlarynda uly orny eýelemelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we hususylaşdyrmagyň häzirki strategiýasynyň we tejribesiniň çäklerinde göz öňünde tutulan çärelere ünsi çekdi.

Ýangyç-energetika toplumynda, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynda, sarp edilýän harytlary öndürmekde hem-de halkara syýahatçylygynda maýa goýum mümkinçiliginiň geljegi uludyr. Bu ýagdaý işewürligi we maýa goýum işini kämilleşdirmäge hem degişlidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz bazar özgertmelerine ýurdumyzyň ösüşiniň maksatlaryna laýyk gelýän hakyky mazmun bermek üçin, onuň alnyp barlyşyna tankydy nukdaýnazardan gaýtadan seretdik. Onuň hukuk binýadyny berkitmegi, eýeçilik üçin hukuk kadalarynyň we kepillikleriniň netijeli ulgamyny emele getirmegi göz öňünde tutduk. Şunuň esasynda bolsa, hususyýetçileriň güýçli synpyny döretmegi maksat edindik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu Maksatnamany kabul etmegiň wajypdygyny aýdyp, onuň üstünde goşmaça işlemegiň hem-de oktýabr aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda seretmek üçin hödürlemegiň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz ykdysady ulgama girýän edaralaryny düzümleýin özgertmek meselesi barada durup geçip, Baş döwlet salgyt gullugyny Maliýe ministrliginiň garamagyna bermek baradaky teklibi makullady we degişli Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň merkezi edaralarynyň gurluşyny tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekip, wise-premýere olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Öräýewa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň şu ýylyň alty aýynda gazanan ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Şeýle hem gözegçilik edýän düzümleriniň işlerini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň ünsüni bu düzümiň öňünde durýan esasy wezipelere çekdi. Milli Liderimiz pudaklaryň ösüşiniň esasy görkezijileriniň içgin seljermesini geçirmegiň ähmiýetini belläp, ykdysady strategiýanyň möhüm wezipeleriniň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek boýunça goşmaça çäreleri işläp taýýarlamak boýunça teklipleri taýýarlamak barada anyk görkezmeleri berdi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak şol strategiýanyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem statistiki maglumatlary ýygnamagyň usullaryny kämilleşdirmegi, bu ulgamda hereket edýän halkara standartlaryny ornaşdyrmagy tabşyrdy.

Soňra maliýe ministri M.Muhammedow Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda maliýe-býujet ulgamynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.

1-nji iýula çenli ýagdaýa görä, baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi hasabat döwründe 115,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa 91,2 göterim derejede ýerine ýetirildi. Ýanwar — iýun aýlarynda durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegine býujet serişdeleriniň 76,7 göterimi bölünip berildi.

Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 114,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 91,3 göterim ýerine ýetirildi.

Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda doly möçberde maliýeleşdirildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýyna göwnejaý gözegçiligi üpjün etmek, olaryň işlerini kämilleşdirmegiň çäklerinde netijeli çäreleri kabul etmek babatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz ministrligiň işini guramagyň derejesiniň bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigini aýdyp, entek işde köp kemçilikleriň bardygyny we olary çalt düzetmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz M.Muhammedowy başga işe geçmegi sebäpli, maliýe ministri wezipesinden boşatdy we bu wezipä G.Myradowy belledi.

Soňra ykdysadyýet we ösüş ministri B.Bazarow gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçirilen işleriň jemlerine laýyklykda, birinji ýarym ýylyň dowamynda sebit we halkara ähmiýetli köpsanly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy, olaryň 55,5 göterimi önümçilik, 44,5 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly desgalardyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, ministr ýanwar — iýun aýlarynyň maglumatlaryna laýyklykda, 1 milliard 49,1 million manat möçberinde maýa serişdeleriniň özleşdirilendigini habar berdi.

Hasabat döwründe Döwlet býujetine 34 desganyň hususylaşdyrylmagynyň netijesinde 21,2 million manat pul serişdesi geçirildi.

2017-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýagdaýa görä, “Türkmenistanyň Edara görnüşindäki taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawynda” jemi 365 edara görnüşindäki tarap hasaba alyndy. Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugynyň umumy patent işinden Döwlet býujetine 5482,95 müň manat maliýe serişdesi gelip gowuşdy. Ýeke-täk döwlet sanawynda oýlap tapyşlaryň 20-si, senagat nusgalarynyň 10-sy we haryt nyşanlarynyň 341-si bellige alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli oba maksatnamasynyň esasy maksadynyň adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan, ilatymyzyň abadançylygyny artdyrmak üçin şertleri döretmekden ybaratdygyny belläp, bu resminamada kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň senagatlaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň önümçilikleriniň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny, sebitleriň ýaşaýjylarynyň täze iş orunlary bilen üpjün edilmegini esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi. Milli Liderimiz ministre Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen bagly wajyp meselelere içgin seljerme geçirmegi hem-de bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew şu ýylyň alty aýynyň dowamynda ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek we bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barlan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Merkezi bankyň ýolbaşçysy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna harytlaryň eksport edilmeginden we hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginden gelip gowşan walýuta serişdeleriniň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkezijiniň 128,39 göterime deň bolandygyny habar berdi.

Şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna daşary ýurt pulundaky girdejileri köpeltmek maksady bilen geçirilýän işleriň netijeleri hem-de bank edaralarynyň teklip edilýän düzümleýin üýtgetmeleri barada habar berildi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň hasabyna daşary ýurt pulundaky girdejileri köpeltmek hakyndaky Karara gol çekip, degişli pudak edaralary bilen bilelikde birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bank edaralarynyň düzümleýin üýtgedilmegi hakyndaky teklipler baradaky meselä geçip, käbir banklary üýtgedip guramak hakyndaky hem-de käbir ministrliklere berlen karzlary “Halkbank” döwlet täjirçilik bankyna resmileşdirmek hakyndaky degişli Kararlara gol çekdi hem-de Merkezi bankyň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini köpeltmek we daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň mukdaryny artdyrmak bilen bagly meselä ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu meselä Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisinde serediljekdigini belläp, ýolbaşçylardan bu tabşyrygy ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşmegi talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz pudak edaralarynyň birnäçesiniň, hususan-da, Oba we suw hojalyk, Demir ýol ulaglary, Senagat ministrlikleriniň daşary ykdysady işi bilen baglanyşykly käbir meselelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylardan bu ugurdaky işi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň barşynda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hususan-da, şu ýylyň alty aýynda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň meýilnamasy 105,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy 101,9 göterim ýerine ýetirilip, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilişiniň möçberleriniň ösüş depgini 103,2 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende awtomobil benzininiň önümçiligi boýunça meýilnama 105,1 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 104,4 göterim, polipropileniň öndürilişi 106,2 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 112,9 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 123,4 göterim ýerine ýetirildi.

Nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça ösüş depgininiň 108,9 göterim derejä ýetirilendigi habar berildi.

Wise-premýer hasabatyň çäklerinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gazgeçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy, gurluşyk işleriniň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynyň möçberleriniň, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýumlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň eýe bolan örän baý tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy türkmen halkynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen iri möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Wise-premýer M.Babaýewe nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmegi tabşyryp, döwlet Baştutanymyz dünýä bazarynda emele gelen ýagdaýy hasaba almak bilen, şu ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika toplumynyň işini degişli derejede ýola goýmagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işini we dolandyrylyşyny has-da kämilleşdirmek hem-de pudagyň işiniň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky “Türkmenturba” zawodynyň guramaçylyk hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Türkmenturba” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky Karara gol çekdi hem-de bu Kararyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Senagat ministrligi boýunça degişli döwürde öndürilen önümleriň umumy möçberiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,6 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 111,8 göterim ýerine ýetirildi, şunda umumy ösüş depgini 4,5 göterim derejede hasaba alyndy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda önümçilik meýilnamasy 101,7 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 1,7 göterim derejede bellige alyndy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe meýilnama 105,2 göterim, şol sanda tehniki ýoduň öndürilişi boýunça tabşyryk 122,4 göterim berjaý edildi.

Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalary önümçilik meýilnamasyny 101,2 göterim ýerine ýetirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, köp pudakly ösen senagaty, öz tebigy serişdelerimiziň binýadynda ylma esaslanýan önümçiligi kemala getirmek ýurdumyzyň ýokary ykdysady ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň üpjün edilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz bu ulgamyň düşewüntliligini hem-de eksport kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalaryny önümçilige meselelerine ünsi çekip, onuň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösdürilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň, ony içerki we daşarky bazarlarda üstünlikli ýerlemegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere pudaklaýyn kärhanalaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, dokma pudagyndaky işleriň ýagdaýyny içgin seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow 2017-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň jemleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, tutuşlygyna ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça garalýan döwürde 2 milliard 336 million manatlyk ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça hyzmatlar ýerine ýetirildi.

Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýük dolanyşygynyň ösüş depgini 100,4 göterime, ýolagçy gatnatmak boýunça 100,2 göterime deň boldy.

Şeýle hem içerki demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, şol sanda köprüleriň hem-de demir ýollaryň üstünden geçelgeleriň, pudagyň tehniki parkynyň durkuny täzelemek boýunça işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygy habar berildi.

Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça alty aýyň dowamynda hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 100 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 104 göterime, ýolagçy gatnatmakda 102 göterime barabar boldy.

Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102 göterim boldy.

“Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça seredilýän döwürde awiahyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 120 göterime ýetirildi. Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygynda degişlilikde 121 we 110 göterime deň boldy.

Hasabat berlişi ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, pudak üçin häzirki zaman tehnikasy satyn alynýar. “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ygtyýaryna “Boeing-737-800” uçarlarynyň ikisi gelip gowuşdy.

Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Ýük daşamak boýunça meýilnama 181 göterim ýerine ýetirildi, ýolagçy dolanyşygy boýunça ösüş depgini 128 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň uly önümçilik kuwwatlyklaryna eýedigini, onuň ýük daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň barha artýan möçberlerini, şol sanda ýurdumyzdan üstaşyr geçýän ýükleriň we ýolagçylaryň möçberlerini üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Häzirki zaman ulag we üstaşyr düzümleriniň kemala getirilmegi, oňa täze çäkleriň goşulmagy häzirki wagtda diňe bir ýük dolanyşygynyň möçberleriniň artýandygyny aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem, ählumumy ösüşiň meýillerine hem-de gadymy türkmen topragynyň siwilizasiýalaryň çatrygy hökmünde hyzmat etmek ýaly taryhy wezipesiniň ýerine ýetirilmegine laýyk gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanda demir ýol ulgamyny ösdürmegiň meselelerine degip geçip, iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly gurluşygyň ýokary hilini gazanmagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň tutuş demir ýol ulgamynyň uzak möhletläp ulanylmagyny üpjün etmelidir.

Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegine ünsi çekmek bilen, bar bolan mümkinçilikleriň doly möçberde peýdalanylmagyny talap etdi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz A.Ataýewi pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi.

Milli Liderimiz A.Ataýewe agentligiň işini ýola goýmakda bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we ony “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesine A.Garaýewi belläp, ony aragatnaşyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow söwda toplumynyň işiniň netijeleri we geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň esasy görkezijileri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary-ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça umumy haryt dolanyşygy 2 milliard 222 million manatdan gowrak boldy. Meýilnama 124,4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe 42,7 million manat maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu döwürde 122 birža söwdalary geçirilip, onda 11 milliard 430 million manada deň bolan 6 müň 244 şertnama hasaba alyndy. Meýilnama 149,6 göterim ýerine ýetirildi.

Söwda-senagat edarasy boýunça 9,85 million manatlyk hyzmat işleri amala aşyryldy. Meýilnama 159,6 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda 15 sergi we 11 maslahat geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 360 million manatlyk senagat önümleri öndürildi, onuň ösüş depgini 45,3 göterime deň boldy, 534,4 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi. Şunda, ösüş depgini 5,8 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 2,6 milliard manatdan gowrak boldy. Söwda dolanyşygynyň möçberleri 5,7 milliard manatdan gowrak bolup, onuň ösüşi 6,6 göterim artdy. Hyzmatlar ulgamynda 487 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, onuň möçberleri 13,13 göterim ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bezeginde Aziada — 2017-niň nyşanlarynyň ýerleşdirilmelidigi barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda iri häzirki zaman söwda merkezlerini gurmak, söwdanyň dürli ulgamlaryny guramaga täze çemeleşmeleri girizmek boýunça täze teklipleri öwrenmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, eksport we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik syýasatyny durmuşa geçirmegiň, bazarlary giňeltmegiň hasabyna içerki önümçiligi höweslendirmegiň hem-de ýurdumyzyň halkara söwda giňişligindäki ornuny pugtalandyrmagyň ugurlaryny kesgitledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew geçen ýarym ýylyň dowamynda gurluşyk, energetika toplumlarynda, jemagat hojalygynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 108,7 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 143,3 göterime deň boldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň alty aýynda önümçilik meýilnamasy 105,2 göterim berjaý edilip, 107,5 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Energetika ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 553 million 843 müň manatdan gowrak boldy. Meýilnama 110,7 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 101,5 göterime deň boldy.

Jemagat hojalygy ministrligi boýunça şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň möçberi 105 million 87 müň manatdan gowrak boldy. Meýilnama 110,9 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 112,5 göterime deň boldy.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça ýarym ýylda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberi 342 million 533 müň manatdan gowrak boldy. Meýilnama 103,5 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 102,7 göterime deň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilen köpsanly desgalaryň gurluşygynyň möhletinden yza galýandygyna nägilelik bildirdi. Aziada — 2017-ä taýýarlygyň çäklerinde ähli gurluşygy alnyp barylýan desgalary bellenen möhletlerde ulanmaga bermek boýunça zerur çäreleri görmegi we bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi ýola goýmagy wise-premýerden talap edip, döwlet Baştutanymyz binalaryň we desgalaryň seýsmiki durnuklylygyna degişli seljermäni geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz işde goýberen kemçilikleri üçin D.Amangeldiýewe käýinç yglan etmek hakynda resminama gol çekdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýewe söz berdi. Ol öz çykyşynda häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny, adamlaryň arassa we halal zähmet çekmekleri, päk zähmetiň hözirini görmekleri ugrunda zerur şertleriň döredilýändigini nygtady. Şeýle-de bolsa “Süri agsaksyz bolmaz” diýlişi ýaly, il içinde haram ýol bilen baýamagy küý edinip, düzgün bozýanlaryň bardygynyň örän gynançly ýagdaýdygyny belläp, gullugyň direktory olaryň edýän haram işleriniň dessine ýüze çykarylýandygyny aýtdy.

Gullugyň ýolbaşçysy ministrlikleriň we pudak edaralaryň birnäçesinde geçirilen barlaglar barada hasabat berdi. Olaryň barşynda käbir jogapkärli işgärleriň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanandygy, parahorluk we kontrabanda bilen meşgullanandygy ýüze çykaryldy.

Hususan-da, “Türkmenawtoýollary” döwlet konsernine degişli gulluk awtoulaglarynyň sürüjileri B.Oraznepesow we O.Saryýew, konserniň başlygynyň orunbasary D.Gurbannepesow, gurluşyk boýunça baş hünärmen B.Magtymgulyýew saklanyp, degişli seljerme işleri geçirilende gulluk awtoulaglaryndan jemi 11 müň 850 guty çilim we köp mukdarda nagt pul ýüze çykaryldy. Şeýle hem D.Gurbannepesowyň ýanyndan gadagan edilen tramadol derman serişdesi tapylyp alyndy.

Mundan başga-da, derňewiň dowamynda D.Gurbannepesowyň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ýurdumyzda awtomobil ýollaryň gurluşygyny alyp barýan hususy taraplardan uly möçberde para alyp, onuň hasabyna doganynyň adyna hususy kärhana açyp, dürli görnüşli tehnikalar satyn alyp, konserniň kömekçi potratçylaryny öz tehnikalaryny kärendesine işletmäge mejbur edipdir. 2010-2012-nji ýyllarda konserniň paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň çägindäki ýol gurluşyk önümleri kombinatynyň baş direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän döwri kombinatyň kömekçi hojalygynyň dowarlaryny hususy taraplara bazar bahasyndan pes satylmagy bilen, döwlete köp mukdarda zyýan ýetiripdir.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Oba milli maksatnamasynyň çäginde gurulýan birmeňzeş binalar we desgalar üçin dürli taslama-çenlik resminamalaryň düzülmegi bilen, döwlet býujetinden artykmaç maliýe serişdeleriniň harçlanylmagyna ýol berlipdir. Işleriň dowamynda aňryçäk bahalar boýunça alnyp barylmaly gurluşyklara gözegçilik edilmändir.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Ç.Ataýew öz wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, ýokary okuw mekdebinde bile okan ýoldaşy R.Repbimowy seýsmiki ugurdan tejribesi bolmasa-da, 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda ony ministrligiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň Hil gözegçilik bölüminiň baş hünärmeni wezipesine belläpdir. Ol bolsa wezipesinden hyýanatly peýdalanyp, ministrligiň buýurmasy esasynda gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalardan köp mukdarda para alyp, ol serişdeleriň hasabyna ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyndan bäş otagly öý satyn alypdyr.

Şeýle hem Ç.Ataýewiň ýakyn tanşy, ministrligiň “Gurluşykhyzmat” müdirliginiň Şertnamalar bölüminiň baş hünärmeni S.Myradow ýokary bilimi we tejribesi bolmazdan ministrligiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynda işe başlap, häzirki wagta çenli dürli wezipelerde işländigi hem-de 2017-nji ýylyň mart — iýun aýlarynda Aşgabat şäherinde ministrligiň buýurmasy esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlaryna gerek bolan enjamlary getiren birnäçe hususy kärhanalardan örän köp mukdarda para alandygy ýüze çykaryldy. Häzir R.Repbimowyň we S.Myradowyň garşysyna jenaýat işi gozgalyp, derňew dowam edýär.

Geçirilen derňew işleriň dowamynda 2016-njy ýylyň iýul aýyndan 2017-nji ýylyň aprel aýyna çenli Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Nebit önümlerini daşary ýurtlara satmak we harytşynaslyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän M.Gurbannyýazow önümleri satmakda bikanun hereketlere ýol berip, köp mukdarda para alypdyr. Ol özüniň bu jenaýatçylykly hereketine ýolbaşçylyk eden, müdirligiň baş hünärmeni wezipesinde işlän B.Annamyradowy şärik edinipdir.

Mundan başga-da, 2015-nji ýylyň dekabr aýyndan 2016-njy ýylyň iýul aýyna çenli toplumyň Nebit önümlerini daşary ýurtlara satmak we harytşynaslyk müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän S.Täjiýewiň hem daşary ýurt kompaniýalaryna nebit önümlerini satmakda şeýle bikanun hereketlere ýol berip, örän köp mukdarda para alandygy ýüze çykaryldy.

Geçirilen derňew işleriniň netijesinde Aşgabat şäheriniň Arçabil etrap häkimliginiň we Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň wezipeli işgärleriniň paýtagtymyzyň arassaçylygyny, abadançylygyny üpjün etmek boýunça öz taraplaryndan zerur işleri we gözegçilik çärelerini alyp barmagyň deregine, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, raýatlardan para alyp, Bagyr ýaşaýyş toplumynyň çäginde bikanun gurluşyklaryň alnyp barylmagyna ýol berlendigi ýüze çykaryldy. Arçabil etrabynyň 29-njy ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň başlygynyň wezipesinde işlän R.Annadurdyýew, Arçabil etrap häkimliginiň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň işini utgaşdyryjy bölümçesiniň hünärmeni wezipesinde işlän A.Muhammetgulyýew bilen deslapdan dilleşip, para alyp, raýatlaryň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň çäginde bikanun ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklaryna ýol beripdir.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýew hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň Ykdysady toplumynda alnyp barlan barlag işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowamynda ýurdumyzyň Maliýe ministrliginiň Barlag-derňew müdirliginiň käbir işgärleri wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, edara-kärhanalarynda geçirýän barlaglarynda döwlete ýetirilen zyýany gizläp, onuň möçberini azaldyp, para alandyklarynyň üsti açyldy.

Ministrligiň Barlag-derňew müdirliginiň Ahal welaýaty boýunça Barlag-derňew bölüminiň baş derňewçisi wezipesine işlän A.Baýdakow 2016—2017-nji ýyllarda Tejen etrap hassahanasynda, etrabyň şol wagtky “Obahyzmat” önümçilik birleşiginde, “Tejenkarbamid” zawodynda, “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde geçiren barlag işlerinde döwlete ýetirilen zyýanyň möçberlerini azaldyp görkezip, para alypdyr.

Ahal welaýaty boýunça Barlag-derňew bölüminiň baş derňewçisi wezipesinde işlän Y.Gylyçmyradow 2016—2017-nji ýyllarda “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 6-njy gurluşyk-gurnama müdirliginde we Gökdepe kän müdirliginde geçiren barlaglarynda döwlete ýetirilen zyýanyň möçberlerini azaldyp görkezip, köp mukdarda para alypdyr.

Şeýle hem Ahal welaýaty boýunça Barlag-derňew bölüminiň baş derňewçisi wezipesinde işlän T.Mälikgulyýew, Lebap welaýaty boýunça Barlag-derňew bölüminiň başlygy wezipesinde işlän A.Mämmedow, Aşgabat şäheri boýunça Barlag-derňew bölüminiň baş derňewçisi wezipesinde işlän D.Mawyjaýew döwlete ýetirilen zyýanyň möçberlerini azaldyp görkezip, para alypdyr.

Mundan başga-da, ýokarda agzalan bölümiň baş derňewçisi wezipesinde işlän G.Ataýew şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäher häkimliginiň “Arkaçgurluşyk” önümçilik birleşiginiň maliýe-hojalyk işlerine barlag geçirip, ýüze çykaran kemçiliklerini gizlemek üçin, birleşigiň başlygy wezipesinde işlän M.Mergenowa we başlygyň orunbasary wezipesinde işlän A.Ataýewe birleşige degişli gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň ýolbaşçylaryndan köp mukdarda pul serişdelerini topladyp, para alan wagty jenaýatyň üstünde saklanyldy.

M.Çakyýewiň hasabatyndan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ykdysady ösüş, seljeriş we çaklaýyş müdirliginiň baş hünärmeni wezipesinde işlän W.Akmyradow gurluşyk işleriniň gymmatyny kesgitlemekde potratçy taraplaryň bähbitlerine ýokarlandyrylan baha netijenamalaryny berip, hususy kärhanalardan köp mukdarda para alypdyr.

Aşgabat şäheriniň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň Nyrh emele getiriş bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işlän B.Kössekow gurluşyk işleriniň gymmatyny kesgitlemekde potratçy taraplaryň bähbitlerine ýokarlandyrylan netijenamalary berip, hususy kärhanalardan köp mukdarda para alypdyr.

Şeýle hem hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň bank ulgamy boýunça geçirilen derňew işleriniň netijeleri barada habar berildi. Şunlukda, “Daýhanbank”, “Türkmenistan”, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banklary tarapyndan döwlet býujetiniň hasabyna gurlan jaýlar üçin karzlaryň öz wagtynda resmileşdirilmändigi sebäpli ýol berlen kemçilikler ýüze çykaryldy.

Mundan başga-da, geçirilen derňew işleriniň dowamynda ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Türkmenbaşy şahamçasynyň dolandyryjysy wezipesinde işlän Ö.Ödenyýazow milli manadymyzy daşary ýurt puluna öwürmekde bikanun herekete ýol berip, para alypdyr. “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň “Köpetdag” şahamçasynyň dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän B.Muhadow hem milli manadymyzy daşary ýurt puluna öwürmekde, bikanun hereket edip, para alypdyr.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Hasaplaşyk amallar müdirliginiň baş hünärmeni wezipesinde işlän H.Gaýypow galp resminamalary düzmek arkaly käbir hususy taraplaryň bank hasabyndaky nagt däl pul serişdelerini bikanun nagtlaşdyryp, para alypdyr. “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Azatlyk” şahamçasynyň dolandyryjysy wezipesinde işlän G.Mollaýew wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, daşary ýurt puluny alyş-çalyş etmekde bikanun hereketlere ýol berip, para alypdyr.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Hasaplaşyk amallar müdirliginiň baş hünärmeni wezipesinde işlän M.Hallyýew telekeçi B.Jalaýew bilen deslapdan dilleşip, galp resminamalary düzmek arkaly käbir hususy taraplaryň bank hasabyndaky nagt däl pul serişdelerini bikanun nagtlaşdyryp, düzgün bozupdyr.

“Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň “Atamyrat” şahamçasynyň dolandyryjysy wezipesinde işlän G.Allaberenow, şahamçanyň dolandyryjysynyň orunbasary A.Gulnazarow, baş hasapçy Ş.Meredow hem-de kassa müdiri B.Geldiýew bilen deslapdan dilleşip, şahamçanyň kassa amallar bölüminiň gaznasynda saklanýan nagt pullary bankomata goýlan hökmünde galp resminamalary düzüp, ol pullary şahsy bähbitlerine ulanypdyrlar.

Mundan başga-da, bank edaralarynda ýol berilýän bikanun hereketler boýunça geçirilýän barlag-derňew işleri barada aýdyp, Gullugyň ýolbaşçysy nagt däl görnüşindäki pul serişdelerini galp resminamalary düzmek arkaly bikanun nagtlaşdyran raýatlaryň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Bellenilişi ýaly, telekeçi P.Rüstemow bank işgärleri bilen deslapdan dilleşip, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Abadan çakyr kärhanasyndan çakyr satyn alan hökmünde galp resminamalary düzmek arkaly, öz hasabyndaky nagt däl pul serişdelerini kärhananyň hasabyna geçirip, şol kärhananyň hünärmeni wezipesinde işlän M.Allaberdiýewiň üsti bilen nagt görnüşinde alypdyr. M.Allaberdiýew bikanun nagtlaşdyrylan puluň bir göterimini para hökmünde alypdyr.

Şunlukda, jenaýatçylykly hereketlere baş goşan bank ulgamynyň işgärleri, şeýle hem olar bilen dildüwşiklikde gaplyga ýüz uran hususy taraplar jenaýat jogapkärçiligine çekildiler we degişlilikde azatlykdan mahrum edildiler. Olaryň haram ýollar arkaly gazanan pullary döwletiň hasabyna geçirildi.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory çykyşyny Oba hojalyk toplumynyň düzümleriniň we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işlerine geçirilen barlaglaryň netijeleri baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Geçirilen dessin-derňew işleriniň netijesinde Tagtabazar şäherçesindäki 11-nji galla kabul ediş bölüminiň çekimçisi bolup işlän M.Mämmedowyň galla hasylyny tabşyrmaga gelen raýatlardan hasyly kabul edende gallanyň hakyky agramyny kemeldip, artykmaçlyk döredilen hasyly hasabatda görkezmän, özüne ynanylan döwlet emlägini ogurlandygynyň üsti açyldy.

Mary galla önümleri kärhanasyna degişli 7-nji galla kabul ediş bölüminiň müdiri wezipesinde işlän B.Bäşimow hususyýetçilikde işlän K.Berdiýewe kabul ediş tereziniň görkezijisini kemeldýän enjamy gurnadyp, şol bölümiň çekimçisi wezipesinde işlän G.Öwezdurdyýew bilen deslapdan dilleşip, galla tabşyran kärendeçileriň bugdaý hasylyndan yzygiderli kem ölçäp, bugdaýy ogurlap, döwlete maddy zyýan ýetiripdirler. Bu jenaýat işi boýunça derňew dowam edýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Dökünhimiýa” kärhanasynyň işgärleriniň oba hojalyk ekinleri üçin zerur bolan dökünleriň üpjünçiligini ýola goýmagyň deregine dürli bökdençlikleri döredip, şahsy bähbitleri üçin dökünleriň dürli taraplara satylmagyna ýol berendigi ýüze çykaryldy. Geçirilen derňew işleriniň dowamynda Lebap welaýatynyň “Dökünhimiýa” müdirliginiň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän H.Meýmanow etrabara dökün himiýa toplumlarynyň ýolbaşçylarynyň her birinden iki aýdan bir gezek yzygiderli para alyp, olara hasabynda duran mineral dökünleri hususy taraplara bikanun satmaga şert döredipdir. Bu bolsa bugdaý we pagta ekýän kärendeçilere mineral döküniň doly möçberi berilmän, hasyllygyň peselmegine gönümel täsirini ýetiripdir. Şeýle hem H.Meýmanow ýolbaşçylyk edýän müdirligine mineral dökünleriň bökdençsiz goýberilmegi üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Dökünhimiýa” kärhanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän I.Geldiýewe yzygiderli para beripdir.

Mundan başga-da, H.Meýmanow konserniň “Dökünhimiýa” kärhanasynyň barlagçy-derňewçi wezipesinde işlän B.Şuwraýewiň Lebap welaýatynyň “Dökünhimiýa” müdirliginde geçiren barlagynda ýüze çykaran ýetmezçiliklerini gizlemek üçin öz garamagyndaky 7 sany etrabara dökün himiýa toplumlaryndan pul serişdesini toplapdyr we ony B.Şuwraýewe para beripdir.

M.Çakyýew hasabatyň dowamynda Mary welaýatyndaky kezzapçylykly toparyň işi boýunça aýtdy. Şunlukda, N.Nurýagdyýew “Şowly ýol” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy O.Orazowy Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Baýramaly ösümlik ýag kärhanasynyň başlygy wezipesine belletmäge ýalandan wada berip, O.Orazowyň kakasy A.Orazowdan gürleşilen puluň belli bir möçberini kezzapçylykly ýol bilen alyp, şahsy zerurlygyna harçlapdyr.

N.Nurýagdyýew özüniň bu jenaýatçylykly hereketine hiç ýerde işlemeýän K.Goşnyýazowy şärik hökmünde çekipdir. Uly möçberde para berip, ýolbaşçy wezipe eýelemegi maksat edinen Orazowlar boýunça geçirilen barlag-derňew işleriniň dowamynda A.Orazowyň 2007—2015-nji ýyllarda Türkmengaladaky un we unaş önümleri kärhanasynyň başlygy wezipesinde işlän döwründe uly möçberde bikanun girdeji gazanandygy anyklanyldy. Ol bikanun gazanan pullarynyň hasabyna uly ogluna “Şowly ýol” hususy kärhanasyny we kerpiç zawodyny, ikinji ogluna bolsa “Halal ojak” hususy kärhanasyny we kerpiç zawodyny açyp beripdir. Iki dogan Orazowlar hususy kärhanalaryň işinde dürli maliýe düzgün bozulmalaryna ýol berip, döwlete uly möçberde zyýan ýetiripdirler.

Şeýle hem A.Orazow Türkmengalanyň un we unaş önümleri kärhanasynda işlän döwründe 4 müň 395 tonnadan gowrak azyklyk bugdaýyň ýetmezçiligini döredipdir we ony gizlemek maksady bilen, giýewsi — “Marygallaönümleri” kärhanasynyň başlygy wezipesinde işlän D.Nuryýew bilen deslapdan dilleşip, ýok bugdaýy öz ogullarynyň hususy kärhanalaryna degişli awtoulaglarda “Marygallaönümleri” kärhanasyna daşalan hökmünde galp resmileşdirip, döwlete uly möçberde zyýan ýetiripdir.

Mundan başga-da, D.Nuryýew A.Orazowyň beýleki giýewsi A.Öwezowy 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda “Marygallaönümleri” kärhanasynyň elewator müdiri wezipesine belläp, oňa elewatorda öndürilýän kepegi galp resminamalary düzmek arkaly gymmat bahadan hususy taraplara satdyryp, bikanun girdeji alyp, öz aralarynda paýlaşypdyrlar.

Şeýle hem hasabatyň dowamynda Lebap welaýatynda bikanun pul serişdelerini gazanan raýatlaryň ýüze çykarylandygy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, telekeçilik bilen meşgullanan, 2016-njy ýylda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, para bermek, salgyt tölemekden boýun gaçyrmak, ýerleri özbaşdak eýelemek, suw serişdelerini ogurlamak bilen meşgullanandygy üçin azatlykdan mahrum edilen M.Kandymowyň bikanun ýollar bilen toplan ägirt uly möçberdäki pullaryny jenaýat işinden gizländigi we ony saklamak üçin öz dogany M.Kandymowa berendigi anyklanyldy. Ol bu pullaryň hasabyna Türkmenabat şäherindäki toý zalyny, piwo zawodyny, Serdarabat we Garaşsyzlyk etraplarynda iki sany kerpiç zawodlaryny hem-de ýeňil we ýük awtoulaglaryny satyn alypdyr. Bulardan başga-da, onuň doganyna degişli gizlenip goýlan nagt görnüşindäki ägirt köp möçberdäki pullary we altyn guýmalary ýüze çykaryldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça jemgyýetimizde parahorlugy, korrupsiýany aradan aýyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Işde goýberen düýpli kemçilikleri hem-de ýolbaşçy hökmünde özüni abraýdan düşürendigi üçin Ç.Ataýewi gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşadyp, hormatly Prezidentimiz parahorluga biziň jemgyýetimizde orun ýokdugyny belledi. Bu ministrligiň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ç.Ahmedowyň üstüne ýüklenildi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy P.Allagulyýewe, “Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabowa, “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy A.Gylyçdurdyýewe, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy R.Jepbarowa, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Hajyýewe hem-de “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Müşşikowa berk käýinç yglan etdi.

Degişli resminamalara gol çekip we ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, korrupsiýa we parahorluga, beýleki ýaramaz endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak işini mähriban halkyma beren wadama laýyklykda yzygiderli amala aşyrjakdygymy ýene bir gezek belleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim we ylym, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabat döwründe okuw kitaplarynyň hem-de gollanmalaryň 224-siniň taýýarlanylandygyny, olardan 105-siniň neşir edilendigini habar berdi.

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda jemi Türkmenistan boýunça 27 müň 486 çaga dynç aldy.

Hasabat döwründe ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara ders, taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 76 medala, şol sanda 11 altyn, 25 kümüş we 40 bürünç medala mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, 21 medal, şol sanda 4 altyn, 6 kümüş, 11 bürünç medal gazandylar. Mundan başga-da, halkara internet bäsleşiklerinde mekdep okuwçylary 135, talyplar 169 baýrakly orunlara we dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular.

Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda üç desganyň gurluşygy alnyp baryldy.

Şu pudak boýunça döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 103,6 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden gelen girdejiler 108 göterim, şypahana edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdeji 114 göterim, derman önümçiligi 102 göterim üpjün edildi.

Hasabat döwründe Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri giňden alnyp baryldy, şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler dowam etdirildi.

Ýanwar — iýun aýlarynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 143- si we köpçülikleýin sport çäreleriniň 77-si geçirildi. Türgenlerimiz 83 halkara sport ýaryşyna gatnaşdylar we jemi 409 medal, şol sanda 135 altyn, 138 kümüş we 136 bürünç medal gazandylar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 65 medal köpdür.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we wise-premýer S.Toýlyýewe hem-de bilim ministri P.Agamyradowa ýüzlenip, ýakyn wagtda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde bilim ulgamyndaky özgertmeleriň nobatdaky tapgyry bolan örän möhüm çäräniň  ýokary okuw mekdeplerine talyplary kabul etmek wezipesiniň durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň hiç-hili ýaramaz ýagdaýlara ýol bermezden, ýokary derejede we aç-açanlykda geçirmelidigi barada ýene-de bir gezek duýdurdy we biziň ýokary okuw mekdeplerimize zehinli we zähmetsöýer ýaşlaryň girmelidigini we okamalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, bilim özgertmelerini geçirmegi çaltlandyrmagyň möhümdigini belledi. Biziň üçin bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şonuň üçin hem, ilkinji nobatda, mekdep okuwçylaryny belli bir ugurlar boýunça netijeli taýýarlamaly. Okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny işe ornaşdyrmaly. Iň esasy zat bolsa, geljekki hünärmenleri halkara derejesinde, sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösen derejede taýýarlamaly diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, bu iş, birinjiden, okatmagy döwrebap ýagdaýa getirmekden, orta mekdepden başlap, ýokary okuw mekdebine çenli bilim bermegiň ähli derejelerinde iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr diýip belledi. Ikinjiden bolsa, mugallymlar düzüminiň taýýarlyk derejesine zerur ähmiýet bermeli. Hut mugallym çagalara täze bilimleri esasy öwrediji bolup durýar. Okuwçynyň ýa-da talybyň diňe sapagy netijeli özleşdirmegi däl-de, eýsem, onuň pikirlenmek, maglumatlary kabul etmek we olar barada tankydy nukdaýnazardan oýlanmak ukybyny ösdürmek hem, köp babatda mugallymyň başarnygyna we zehinine baglydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa, wise-premýerler S.Toýlyýewe we B.Hojamämmedowa ýaş hünärmenleri edara-kärhanalara we hojalyklara berkitmek boýunça maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýokary okuw mekdebini tamamlan ýaş hünärmen özi üçin ýaşaýyş jaýyny gurar ýa-da satyn alar ýaly, işe baran edara-kärhanasynyň kepil geçmegi bilen, karz serişdesini alyp bilmelidir.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyny geçirmek hakyndaky Permana we degişli Buýruga gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz 2017-2018-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 1-nji synpyna kabul ediljek okuwçylary şahsy kompýuterler bilen üpjün etmek boýunça Karara gol çekdi. 1-nji sentýabrda körpe türkmenistanlylaryň 142 müň 819-sy ilkinji gezek mekdebe barar. Olaryň hemmesine hormatly Prezidentimiziň adyndan öwrediji kompýuterler sowgat berler.

Şeýle hem milli Liderimiz 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini tassyklamak hakyndaky hem-de 2017-2018-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruklara gol çekdi. Öňümizdäki okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna jemi 240 diňleýjini kabul etmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýokary we orta hünär mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekdi. Şu ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine jemi 8 müň 308 adam kabul etmek meýilleşdirilýär, ol geçen ýyldakydan 1 müň 52 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine hem-de başlangyç hünär okuw mekdeplerine degişlilikde 8 müň 317 we 25 müň adam kabul etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdebiniň — Jemagat hojalygy institutynyň açylýandygyny belläp, onda bu ulgam üçin iş başarjaň, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmalydygyny, munuň üçin bolsa bu ýerde okuw usulyýet merkezini döretmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz A.Aşyrowy Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşadyp, ony Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň rektory wezipesine hem-de G.Orazowy Jemagat hojalygy institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesine bellemek baradaky resminamalara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Alty aýyň dowamynda milli we halkara senenamasynyň şanly seneleri, baýramçylyklar mynasybetli, şeýle hem gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň açylyşlarynda medeni çäreleriň köpüsi guraldy.

Iýun aýynda Aşgabatda geçirilen Medeniýet hepdeligi ýylyň birinji ýarymynyň esasy wakalarynyň hatarynda görkezildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň okgunly ösýändiginiň we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň, bütin dünýäde milli mirasy giňden wagyz etmek we aýawly saklamak boýunça netijeli işleriň geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam edýär. Hasabat döwründe dürli döredijilik çäreleri geçirildi.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň wekilleri dünýäniň döwletleriniň birnäçesinde iş saparynda bolup, dürli çärelere gatnaşdylar. Ýaşlarymyzyň bilim alýan ýurtlarynda hem türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy.

Döwrüň talaplaryna laýyklykda, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň medeni kuwwatyny artdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.

Hasabat döwründe Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça haryt öndürmegiň meýilnamasy 118 göterim ýerine ýetirildi, kitap önümleriniň umumy sany 8 million 250 müň 808 nusgalykdaky 180 görnüşi çap edildi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan meýilnama 134,6 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dürli ulgamlarda gazanýan üstünliklerini giňden şöhlelendirmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny we ähmiýetini açyp görkezmäge, milli mirasy giňden wagyz etmäge ýardam edýär.

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, “2018-nji ýylda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakyndaky” kararyň, şeýle hem “Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini kämilleşdirmek hakyndaky” kararyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda giň möçberli baýramçylyk çärelerini hem-de gündelik medeni-köpçülikleýin işlerini geçirmekde uly tejribäniň toplanandygyny belledi. Ýöne döwür hem-de möhüm wezipeler ýurdumyzyň medeni taýdan okgunly ösdürilmegi, aň-bilim işiniň kämilleşdirilmegi, türkmen ýaşlarynyň döredijilik işjeňliginiň höweslendirilmegi, milli mirasymyzy çuňňur öwrenmegimiz bilen bagly täze çözgütleri gözlemegi talap edýär.

Medeniýet döwlet syýasatynyň möhüm ynsanperwer ugrudyr hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmeginiň netijeli guralydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de tejribe alyşmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň öwrenilmeginiň dünýä gatnaşyklar ulgamy bilen özara sazlaşýan giň medeni we maglumat ulgamyny döretmekde aýdyň beýanyny tapmalydygyny nygtady. Milli Liderimiz medeniýet ulgamyna döwrebap tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmagyň wajypdygyny belläp, medeniýet işgärleriniň döredijilik kuwwatyny artdyrmagyň, olary netijeli işlemäge höweslendirmegiň möhümdigini aýtdy.

Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmek boýunça çäreleri guramak hem-de geçirmek babatda hem tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen resminamalaryň taslamalaryny oňlap, degişli Kararlara gol çekdi.

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz döwrüň talaplaryna we ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna laýyklykda, onuň işini has-da işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Milli telewideniýäniň işi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wakalary beýan etmekde öz ugurlary boýunça gepleşikleri taýýarlamakda teleýaýlymlaryň arasynda bäsdeşligiň bolmagynyň zerurdygyny belledi. Milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berilmelidir. Taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, halk döredijiliginiň ajaýyp eserleri, şeýle hem aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň gaýtalanmajak nusgalary, başga-da köpsanly milli gymmatlyklarymyz ýaly ugurlara ähmiýet berilmelidir.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ilkinji nobatda bolsa telewideniýäniň öňünde V Aziýa oýunlaryny we bu iri ýaryşlara görülýän giň möçberli taýýarlyk işlerini, dostluk we myhmansöýerlik däplerini wagyz etmek wezipesi durýar. Ýaýlyma berilýän gepleşikler mazmun taýdan tapawutlanmalydyr we gyzykly, adamlary belent işlere ruhlandyrýan gepleşikler bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” yzygiderli durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri milli Liderimiziň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we BMG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyza bolan saparlarynyň netijeleri oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan bu döredijilikli strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýokary derejede geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Daşary işler ministrliginiň üsti bilen dürli derejedäki wekiliýetleriň 248-si döwletimize sapar bilen geldi. Şol döwürde Türkmenistandan daşary ýurtlara 404 wekiliýet iberildi. Ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli derejeli çäreleriň ençemesi, şol sanda maslahatlar, duşuşyklar we beýleki çäreler guraldy. Ýylyň başyndan bäri halkara resminamalarynyň 105-sine gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Umuman, hasabat döwründe bu ugurda 22 duşuşyk guraldy.

Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýylyň başyndan bäri ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi hem-de ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň ençemesi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Daşary işler ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan kuwwatdan we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Bitarap Türkmenistan beýleki döwletler we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de uzakmöhletleýin ýörelgeler esasynda guramak bilen, mundan beýläk hem sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde işjeň orny eýelär.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe görkezmeleri, şol sanda türkmen tarapynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki wekilçilikli halkara forumlarynyň münberinden beýan edilen hem-de ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny ilerletmäge we durmuşa geçirmäge degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak babatda hem degişli görkezmeleri berdi. Bu oýunlar ýurdumyzyň we tutuş Aziýa yklymynyň sport durmuşynda möhüm waka öwrülip, döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmelidir.

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa milli parlamentiň ýylyň birinji ýarymynda alyp baran işleriniň jemleri barada habar berdi.

Geçen 6 aýyň dowamynda milli parlamentiň maslahatlarynyň dördüsiniň geçirilendigi bellenildi, olaryň çäklerinde deputatlar Türkmenistanyň Kanunlarynyň 57-sini we Mejlisiň Kararlarynyň 37-sini kabul etdiler.

Deputatlar düzümi ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işi dowam edýärler, bu kanunçylyk namalary milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan iri göwrümli döwlet ösüş maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirilmeginiň ygtybarly binýadynyň üpjün edilmegine, türkmen jemgyýetiniň berkliginiň pugtalandyrylmagyna, onuň demokratik esaslarynyň berkidilmegine ýardam bermelidir.

Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselelerine, şol sanda parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de dünýä kanun çykaryjylyk tejribesini öwrenmegiň çäklerinde ösdürmek, şeýle hem BMG-niň we beýleki iri halkara guramalarynyň wekilhanalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri hem-de deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, ýurdumyzda häzirki zaman kanunçylyk-hukuk binýadynyň kemala getirilmeginde milli parlamentiň möhüm ornuny hem-de saýlawçylaryň deputatlara bildirýän ynamynyň olary ýokary jogapkärçilige borçlandyrýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halkynyň demokratik gymmatlyklary hasaba alnyp, döwletimiziň hukuk we ykdysady esaslarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berýän täze Kanunlaryň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri hasabat döwründe ýerlerde alnyp barlan işleriň ýagdaýy, gowaçalara we beýleki ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejedäki bejergi işlerini geçirmek, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hakynda aýtdylar.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýylyň başyndan bäri paýtagtymyzyň binagärlik keşbini, ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerini, desgalaryň daşky görnüşini özgertmek, seýilgähleri, gök zolaklary abadanlaşdyrmak, yşyklandyryş ulgamyny we ulag ulgamynyň hereketini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziada — 2017-niň ýaryşlaryna taýýarlygyň çäklerinde Aşgabady mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak işlerini, jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ulaglary duralgalar bilen doly üpjün etmek maksady bilen, awtoduralgalaryň gurluşygyny işjeňleşdirmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow ýurdumyzda 2017-nji ýylda bugdaý hasylyny öndürmek boýunça alnyp barylýan işlere geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän obasenagat ulgamynda birinji ýarym ýylda geçirilen işleriň jemleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Tutuşlygyna obasenagat toplumy boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň möçberleriniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 102,6 göterime deň boldy. Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 110,6 göterime, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 107,7 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 106,3 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,5 göterime deň boldy.

Ministrlik we pudak edaralary tarapyndan maýa goýum serişdelerini özleşdirmek boýunça meýilnama 160,8 göterim ýerine ýetirildi.

Gowaçalara ideg etmek boýunça hatarara bejergi işleri geçirilýär, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär hem-de agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda öz wagtynda ösüş suwy berilýär. Gowaçalara zyýan beriji mör-möjeklere garşy himiýa we biologiýa usullarynda göreş çäreleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý öndürmek babatda görkezijileriň pesdigine nägilelik bildirdi. Şu ýyl ýurdumyzda 1 million tonnadan sähel gowrak galla hasyly ýygnalyp alyndy. Bu görkeziji döwlet tabşyrygynda bellenen möçberden ep - esli az. Welaýatlaryň hiç biri-de şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedi.

Şeýle pes netijeleriň gazanylmagynyň esasy sebäbi welaýat we etrap häkimleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň işleri talabalaýyk gurap, ýerden-suwdan netijeli peýdalanyp, adamlary üstünlige ruhlandyrmagy başarmanlygyndan gelip çykýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Biziň kesewini gögertjek, gyzyla barabar ýerimiz, bol suwumyz bar. Mineral dökün we tehnika bilen üpjünçilik-de erbet däl. Adamlarymyz hem zähmetsöýer. Ýylyň gelşi-de ýaramaz bolmady, ýeterlik möçberde ygal ýagdy diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýöne, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ýerine ýetirilmezligi galla öndürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň berjaý edilmändigi welaýatlaryň we etraplaryň häkimleriniň degişli ulgamlaryň sazlaşykly işini üpjün edip bilmeýändiginden gelip çykýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, welaýatyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamasynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändikleri üçin, Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe, Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowa, Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewe, Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe we Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa, soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, pagta ýygymynyň netijelerine seredip, ýokarda agzalan ýolbaşçylar pagta ýygymy möwsüminde ýaramaz netijeler gazansalar, olara başga çäre görmeli bolar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň welaýatlara berkidilen orunbasarlaryna hem-de welaýat häkimlerine şu ýyl galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirmedik etraplaryň häkimleriniň işini seljermegi hem-de degişli netije çykarmagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda geçen alty aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerini häsiýetlendirip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy meseleleri barada durup geçdi we şu ýylyň ikinji ýarymynda çözülmeli ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen ýarym ýylda biziň baş maksadymyza ýetmäge gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda nobatdaky ädimler ädildi. Bu maksat mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýän, adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmakdan ybaratdyr.

Biziň daşary syýasatymyz üýtgewsiz dowam edýär. Bu syýasat häzirki döwürde hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Dünýäde energetika howpsuzlygyny gazanmak, ekologiýa meselelerini çözmek hem-de ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglydyr. Bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmegi, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, ählumumy howpsuzlygy berkitmegi üpjün etmäge degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Içeri syýasat babatda aýdylanda bolsa, biz ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny alyp barýarys. Häzirki döwürde ýurdumyzda hususy we döwlet düzümleriniň üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri artýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Ykdysadyýetiň birnäçe pudaklarynda önüm öndürmekde we hyzmatlary etmekde gowy netijeler gazanyldy. Bu bolsa, jemi içerki önümiň ösüşini 6,4 göterime ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Döwlet býujetiniň girdejileri hem artdy. Bu bolsa, netijede, ortaça aýlyk zähmet haklaryny 9 göterime çenli köpeltmäge mümkinçilik berdi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti hem bellenen derejede durnukly saklanýar.

Ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny giň gerim bilen alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Häzirki döwürde umumy bahasy 47 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar. Biziň milli gurluşyk kompaniýalarymyzyň gurýan desgalarynyň sanynyň barha artýandygy aýratyn guwandyrýar diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi we häzir ýurdumyzda jemi gurulýan 1900 desganyň 1800-e golaýynyň gurluşygyny öz gurluşykçylarymyzyň alyp barýandygyny aýtdy.

Şu ýylyň birinji ýarymynda biz iri desgalaryň 59-syny işe girizdik. Umumy meýdany 632 müň 500 inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Bu gurluşyklaryň umumy bahasy 2 milliard amerikan dollaryna golaýlaýar. Işe girizilen desgalarda köp sanly täze iş orunlary döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berýäris. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul eden Döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl biziň üçin aýratyn ýyldyr. Ýakyn wagtda ýurdumyzda V Aziýa oýunlary, şeýle hem birnäçe möhüm halkara çäreleri geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň öňünde ikinji ýarym ýylda möhüm wezipeler durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, şu wezipelere laýyklykda V Aziýa oýunlaryna halkara guramalarynyň gatnaşmagy boýunça çäreleriň anyk meýilnamasyny häzirden işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.

Göz öňünde tutulan birnäçe iri halkara maslahatlaryna hem gowy taýýarlyk görmeli. Ýylyň ahyryna çenli olary ýokary derejede geçirmeli. Bular Owganystan boýunça Sebitleýin ykdysady maslahat, ýurdumyzyň Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmegi, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni bilen bagly çärelerdir.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň beýleki döwletlere boljak saparlaryna, daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetlerini ýurdumyzda kabul etmäge gowy taýýarlyk görmeli. Beýleki syýasy we guramaçylyk çärelerini hem ýokary derejede geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa, ykdysadyýet we maliýe toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýaňy-ýakynda olaryň adyna edilen tankydy belliklerden dogry netije çykarmagyň wajypdygyny belledi. Makroykdysady dolandyryşy gowulandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek, maliýe we bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleri dowam etmek zerur bolup durýar.

Gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak, hususylaşdyrmak boýunça işleri talabalaýyk alyp barmaly. Üpjünçilik, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna uly möçberlerde maýa goýumlaryny goýmaly we täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaly. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet haklaryny mundan beýläk-de artdyrmagy üpjün etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we kabul edilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine berk gözegçilik etmelidigine, bellenen çäreleri göz öňünde tutulan möhletlerde ýerine ýetirmelidigine ünsi çekdi.

Soňra milli Liderimiz milli parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, häkimlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň üstünde häzirden işläp başlamagy tabşyrdy. Döwlet býujeti halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny we abadançylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmagy doly derejede üpjün eder ýaly bolmalydyr.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Hojamämmedowdan geljek ýylyň Döwlet býujetinde her bir etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hökmany tertipde göz öňünde tutmagy talap etdi.

Ýaşulularyň maslahatyny geçirmäge-de gowy taýýarlyk görmeli. Biz şu ýyl Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk baýramyna çenli Ahal welaýatynda geçirmegi göz öňünde tutýarys. Maslahatda geljek 2018-nji ýylda öňümizde duran wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, okuw ýylynyň başlanmagyna çenli täze mekdepleriň ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň binalarynda we orta mekdeplerde abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Şonuň ýaly-da, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyny ýokary derejede geçirmeli. Ýurdumyzda kabul edilen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilen döwründe ilatyň saglygyny berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça köp işler edildi. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça düýpli özgertmeler geçirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.

Häzirki döwürde galla oragy tamamlandy diýen ýaly. Gallanyň ýygnalan möçberi döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini tassyklaýar. Onuň özümizden artýan bölegini bolsa, daşary ýurtlara eksport ederis.

Meýdanlarda gowaçanyň hem oňat hasyly ýetişdirilýär. Ýurdumyz üçin bu ekiniň möhümdigini göz öňünde tutup, gowaça hasylyny ýetişdirmek boýunça zerur bolan ähli agrotehniki çäreleri talabalaýyk geçirmeli. Ýetişdirilen bol pagta hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin tehnikany häzirden ýygym möwsümine doly taýýar etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda biologiýa barlaghanalaryny giňden döretmegiň, häzirki zaman suw tygşytlaýjy ulgamlary, ýagyş ýagdyryjy we damjalaýyn usulda suwarmagy giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen Baş maksatnamany durmuşa geçirmäge hem aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz wise-premýer D.Amangeldiýewe, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda desgalary hem-de binalary ýokary hilli gurmagyň we öz wagtynda ulanmaga bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şäherlerdäki we obalardaky, aýratyn-da, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki ýollary, ýaşaýyş jaý gorlaryny, seýilgähleri we seýilbaglary talabalaýyk saklamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna, V Aziýa oýunlaryna, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna hem-de Bitaraplyk gününe çenli ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan ähli desgalaryň gurluşygyny hökmany ýagdaýda bellenen möhletlerde tamamlamagy talap etdi.

Mundan başga-da, 2018-nji ýylda gurulmaly desgalaryň maksatnamasynyň üstünde häzirden işläp başlamaly. Maksatnamada ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary gurmaga, ozalkysy ýaly, uly üns bermeli.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyny Ýaşulularyň nobatdaky maslahatynda seretmek üçin hödürlemegi we bu maksatnama üçin ähli çykdajylary geljek ýylyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Çykyşynyň dowamynda milli Liderimiz wise-premýer M.Aýdogdyýewe, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, toplumlaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny hem-de bilelikdäki senagat kärhanalaryny döretmek we täze iş orunlaryny guramak boýunça gowy Döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarladyk we kabul etdik diýip aýtdy. Emma, gynansak-da, bu maksatnamalaryň hiç biri hem häzire çenli doly möçberde ýerine ýetirilmeýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häzir bu ugurda ýol berlen kemçilikleri çalt düzetmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmegini talap etdi we Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowa kabul edilen şu maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň netijelerini barlamagy hem-de ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, önümçilik pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmek, gowy zähmet haky tölenýän, oňat bilimli işgärleri talap edýän täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň çäklerinden daşarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmek zerur bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýewe, Medeniýet ministrliginiň, metbugatyň we telewideniýäniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň soňky ýyllarda döredilen maddy-tehniki binýadyny doly möçberde we netijeli ulanmagyň, biziň emeli hemramyz arkaly halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny we taryhyny giňden beýan etmegiň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyz bilen sebitiň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmegiň, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmagyň hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanatmagyň, ýer ýüzüniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belledi.

«Altyn asyr» bäsleşigini ýokary derejede geçirmeli, şeýle hem V Aziýa oýunlaryna, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna, Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna gowy taýýarlyk görmeli hem-de teleýaýlymlarda gyzykly gepleşikleri taýýarlamaly, teatrlarda täze oýunlary goýmaly, biziň merdana halkymyzy wasp edýän ajaýyp eserleri we aýdymlary döretmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz wise-premýer M.Babaýewe, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, toplumda guramaçylyk işleri bilen bagly meseleleri çaltrak çözmegiň zerurdygyny aýtdy. Toplumyň düzüm birliklerini amatly ýagdaýa getirmek, onuň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak boýunça şu gün kabul edilen çözgütler bu ugurdaky işiň diňe bir bölegi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, toplumyň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça işi dowam etmek, dolandyryş ulgamynda artykmaçlyklary aradan aýyrmak we pudak edaralarynyň arasynda emele gelen maliýe ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek möhümdir.

Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdymak boýunça işleri hem dowam etmeli. Şu maksat bilen, gaz we nebit geçirijileri ýokary hilli gurmaly. Nebitiň we gazyň täze ýataklaryny açmaly. Şeýlelikde, nebitgaz toplumynyň takyk we netijeli işlemegini gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer B.Annameredowa, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp işleri etmegiň zerur bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzda aragatnaşyk serişdelerini, aýratyn-da, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmeli, önümçilige täze tehnologiýalary we Internet ulgamyny ornaşdyrmaly, biziň emeli hemramyzyň ulanyş gerimini mundan beýläk-de giňeltmeli, şeýle hem pes orbitada hereket edýän ikinji emeli hemrany uçurmak meselesiniň üstünde işlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ähli ugurlar boýunça işgärleri taýýarlamak, halkara güwänamalaryny almak meselelerine hem üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Tomus pasly dowam edýär. Ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmagyň möçberi artýar. Şoňa görä-de, bu pudaklarda müşderilere we ýolagçylara hyzmat etmegiň, aýratyn-da, demir ýol we howa ulaglarynda hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer O.Gurbannazarowa, söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ilaty ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek boýunça işi dowam etmegiň, eksportuň möçberlerini artdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň häzirki döwürde esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtady. Biz geljekde hem telekeçilerimizi giňden goldamak syýasatyny dowam ederis diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda 21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyny ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şol gün birnäçe saglygy goraýyş merkezlerini açyp, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Geçen ýarym ýylda gazanan netijelerimiz erbet bolmady diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýakyn günlerde alty aýyň jemlerine bagyşlanan maslahatlary we mejlisleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna we beýleki ýolbaşçylara 10-njy iýuldan – 1-nji awgust aralygynda dynç almaga rugsat berdi. Olar Awazadan başga-da, ýurdumyzyň Arçman, Ýylysuw we beýleki şypahanalarynda dynç alyp, öz saglygyny berkidip bilerler.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmelidigini ýene-de bir gezek ýatlatdy we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.