Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ikinji ýarymynda ösdürmegiň ugurlaryny kesgitledi

7-nji iýulda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejilisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen alty aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada durup geçdi.

Geçen ýarym ýylda biziň baş maksadymyza ýetmäge gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda, adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmakda nobatdaky ädimler ädildi – diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

Biziň daşary syýasatymyz häzirki döwürde hem Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Dünýäde energetika howpsuzlygyny gazanmak, ekologiýa meselelerini çözmek hem-de ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen baglydyr. Bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmegi, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, ählumumy howpsuzlygy berkitmegi üpjün etmäge degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Içeri syýasat babatda aýdylanda bolsa, biz ygtybarly salgyt-býujet we pul-karz syýasatyny alyp barýarys. Häzirki döwürde ýurdumyzda hususy we döwlet düzümleriniň üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberleri artýar.

Ykdysadyýetiň birnäçe pudaklarynda önüm öndürmekde we hyzmatlary etmekde gowy netijeler gazanyldy. Bu bolsa, jemi içerki önümiň ösüşini 6,4 göterime ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Döwlet býujetiniň girdejileri hem artdy. Bu bolsa, netijede, ortaça aýlyk zähmet haklaryny 9 göterime çenli köpeltmäge mümkinçilik berdi. Milli pulumyz bolan manadyň hümmeti hem bellenen derejede durnukly saklanýar.

Ýurdumyzda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny giň gerim bilen alnyp barylýar. Häzirki döwürde umumy bahasy 47 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar. Biziň milli gurluşyk kompaniýalarymyzyň gurýan desgalarynyň sanynyň barha artýandygy aýratyn guwandyrýar diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi we häzir ýurdumyzda jemi gurulýan 1900 desganyň 1800-e golaýynyň gurluşygyny öz gurluşykçylarymyzyň alyp barýandygyny aýtdy. Şu ýylyň birinji ýarymynda biz iri desgalaryň 59-syny işe girizdik. Umumy meýdany 632 müň 500 inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Bu gurluşyklaryň umumy bahasy 2 milliard amerikan dollaryna golaýlaýar. Işe girizilen desgalarda köp sanly täze iş orunlary döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça kabul eden Döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakyn wagtda ýurdumyzda V Aziýa oýunlary, şeýle hem birnäçe möhüm halkara çäreleri geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň öňünde ikinji ýarym ýylda möhüm wezipeler durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa ýüzlenip, şu wezipelere laýyklykda V Aziýa oýunlaryna halkara guramalarynyň gatnaşmagy boýunça çäreleriň anyk meýilnamasyny häzirden işläp taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.

Göz öňünde tutulan birnäçe iri halkara maslahatlaryna hem gowy taýýarlyk görmeli. Ýylyň ahyryna çenli olary ýokary derejede geçirmeli. Bular Owganystan boýunça Sebitleýin ykdysady maslahat, ýurdumyzyň Energetika Hartiýasyna başlyklyk etmegi, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni bilen bagly çärelerdir. Mundan başga-da, ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň beýleki döwletlere boljak saparlaryna, daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetlerini ýurdumyzda kabul etmäge gowy taýýarlyk görmeli. Beýleki syýasy we guramaçylyk çärelerini hem ýokary derejede geçirmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa, ykdysadyýet we maliýe toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna makroykdysady dolandyryşy gowulandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmek, maliýe we bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleri dowam etmek zerurdygyny belledi.

Gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak, hususylaşdyrmak boýunça işleri talabalaýyk alyp barmaly. Üpjünçilik, bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna uly möçberlerde maýa goýumlaryny goýmaly we täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaly. Şeýle hem ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet haklaryny mundan beýläk-de artdyrmagy üpjün etmeli. Soňra milli Liderimiz milli parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewa, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, häkimlere, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň üstünde häzirden işläp başlamagy tabşyrdy.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz wise-premýer B.Hojamämmedowdan geljek ýylyň Döwlet býujetinde her bir etrapda we şäherde mätäçlik çekýän adamlara ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin serişdeleri hökmany tertipde göz öňünde tutmagy talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, okuw ýylynyň başlanmagyna çenli täze mekdepleriň ýokary hilli gurlup, ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň binalarynda we orta mekdeplerde abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygy aýdyldy.

Wise-premýer E.Orazgeldiýewe, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde netijeli işleri alyp barmagyň wajypdygyny nygtaldy.

Meýdanlarda gowaçanyň hem oňat hasyly ýetişdirilýär. Ýurdumyz üçin bu ekiniň möhümdigini göz öňünde tutup, gowaça hasylyny ýetişdirmek boýunça zerur bolan ähli agrotehniki çäreleri talabalaýyk geçirmeli. Ýetişdirilen bol pagta hasylyny zaýasyz ýygnap almak üçin tehnikany häzirden ýygym möwsümine doly taýýar etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça kabul edilen Baş maksatnamany durmuşa geçirmäge hem aýratyn üns bermegiň möhümdigi bellendi.

Milli Liderimiz wise-premýer D.Amangeldiýewe, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň we etraplaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda desgalary hem-de binalary ýokary hilli gurmagyň we öz wagtynda ulanmaga bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şäherlerdäki we obalardaky, aýratyn-da, paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki ýollary, ýaşaýyş jaý gorlaryny, seýilgähleri we seýilbaglary talabalaýyk saklamak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna, V Aziýa oýunlaryna, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna hem-de Bitaraplyk gününe çenli ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan ähli desgalaryň gurluşygyny hökmany ýagdaýda bellenen möhletlerde tamamlamagy talap etdi.

Mundan başga-da, 2018-nji ýylda gurulmaly desgalaryň maksatnamasynyň üstünde häzirden işläp başlamaly. Maksatnamada ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary gurmaga, ozalkysy ýaly, uly üns bermeli.

Milli Liderimiz wise-premýer M.Aýdogdyýewe, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, toplumlaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak, elektron senagatyny hem-de bilelikdäki senagat kärhanalaryny döretmek we täze iş orunlaryny guramak boýunça gowy Döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarladyk we kabul etdik diýip aýtdy.

Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjowa kabul edilen şu maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň netijelerini barlamagy hem-de ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, önümçilik pudaklaryny döwrebap ýagdaýa getirmek, gowy zähmet haky tölenýän, oňat bilimli işgärleri talap edýän täze iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň çäklerinden daşarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmek zerur bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýewe, Medeniýet ministrliginiň, metbugatyň we telewideniýäniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň soňky ýyllarda döredilen maddy-tehniki binýadyny doly möçberde we netijeli ulanmagyň, biziň emeli hemramyz arkaly halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny we taryhyny giňden beýan etmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyz bilen sebitiň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça işleri dowam etmegiň, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykarmagyň hem-de dünýä jemgyýetçiligine tanatmagyň, ýer ýüzüniň dürli ýurtlarynyň medeniýet we sungat işgärleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigini belledi.

«Altyn asyr» bäsleşigini ýokary derejede geçirmeli, şeýle hem V Aziýa oýunlaryna, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramyna, Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna gowy taýýarlyk görmeli hem-de teleýaýlymlarda gyzykly gepleşikleri taýýarlamaly, teatrlarda täze oýunlary goýmaly, biziň merdana halkymyzy wasp edýän ajaýyp eserleri we aýdymlary döretmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz wise-premýer M.Babaýewe, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, toplumda guramaçylyk işleri bilen bagly meseleleri çaltrak çözmegiň zerurdygyny aýtdy. Toplumyň düzüm birliklerini amatly ýagdaýa getirmek, onuň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmak boýunça şu gün kabul edilen çözgütler bu ugurdaky işiň diňe bir bölegi bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, toplumyň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça işi dowam etmek, dolandyryş ulgamynda artykmaçlyklary aradan aýyrmak we pudak edaralarynyň arasynda emele gelen maliýe ýagdaýlaryny düzgünleşdirmek möhümdir.

Energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdymak boýunça işleri hem dowam etmeli. Şu maksat bilen, gaz we nebit geçirijileri ýokary hilli gurmaly. Nebitiň we gazyň täze ýataklaryny açmaly. Şeýlelikde, nebitgaz toplumynyň takyk we netijeli işlemegini gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Wise-premýer B.Annameredowa, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylyň ikinji ýarymynda köp işleri etmegiň zerur bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzda aragatnaşyk serişdelerini, aýratyn-da, öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmeli, önümçilige täze tehnologiýalary we Internet ulgamyny ornaşdyrmaly, biziň emeli hemramyzyň ulanyş gerimini mundan beýläk-de giňeltmeli, şeýle hem pes orbitada hereket edýän ikinji emeli hemrany uçurmak meselesiniň üstünde işlemenmek tabşyryldy.

Ähli ugurlar boýunça işgärleri taýýarlamak, halkara güwänamalaryny almak meselelerine hem üns bermek zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Tomus pasly dowam edýän günlerinde ulaglaryň ähli görnüşlerinde müşderilere we ýolagçylara hyzmat etmegiň, hilini ýokarlandyrmak wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Wise-premýer O.Gurbannazarowa, söwda toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna ilaty ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmek boýunça işi dowam etmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda 21-nji iýulda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyny ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şol gün birnäçe saglygy goraýyş merkezlerini açyp, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.