RESMI HABAR

Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklamak barada buýruga gol çekdi.

Döwlet topary 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmäge we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramaga borçly edildi. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine iş toparlaryna talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine we orta hünär okuw mekdeplerine kabul etmegiň meýilnamasy tassyklamak barada buýruga gol çekdi.

Okuwa kabul etmegi 2017-nji ýylyň 10-njy iýuly –23-nji awgusty aralygynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy.