Paýtagtymyzda pudagara iş toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Şu gün paýtagtymyzda pudagara iş toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onda “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça geçirilen işlere syn berildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan duşuşyga esasy ylmy-kliniki merkezleriň, ministrlikleriň hem-de edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda “Saglyk” döwlet maksatnamasynda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda, “Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň 2015-2017-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” kesgitlenen milli strategiýanyň wezipeleriniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabatlar diňlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda çärelere aýratyn ähmiýet berýär. Mysal üçin, şol keseller bilen bagly töwekgelçilik ýagdaýlarynyň öňüni almaga tagallalaryň gönükdirilmegi bu ýokanç däl keselleri azaltmagyň möhüm usullarynyň biridir. Bu, ilkinji nobatda, temmäkiniň sarp edilmegine garşy göreşmek, sagdyn iýmitlenmegi hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek, keselleri irki döwürde ýüze çykarmak hem-de öz wagtynda bejermek bolup durýar.

Alnan maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, bu çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi has çylşyrymly bejergini geçirmek zerurlygyny ep-esli azaldyp biler. “Saglyk” döwlet maksatnamasy şu ileri tutulýan ugurlary öz içine alýar: ilkinji lukmançylyk kömegini ösdürmek; saglygy goraýyş işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak; kesel anyklaýyş gullugyny hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek; öňüni alyş lukmançylygyny ösdürmek; ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek.

Bu maksatnamany amala aşyrmakda has uly netije döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasaty bilen utgaşdyrylanda gazanylýar. Sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni wagyz etmek, döwrebap saglyk düzümini döretmek şol syýasatyň möhüm ugrudyr. Ol lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana we sport, syýahatçylyk hem-de dynç alyş ulgamlaryny öz içine alýar. Bularyň hemmesi ynsan saglygyny iň uly baýlyk hasaplaýan jemgyýeti döretmäge gönükdirilendir.

Pudagara toparyň mejlisiniň barşynda ilatyň sagdyn iýmitlenmegi, onuň ruhy saglygy we beýlekiler boýunça kabul edilen anyk çärelere uly üns berildi. Bu ugurlarda işleriň yzygiderli geçirilmeginiň özi türkmenistanlylaryň saglygy bilen bagly meselelere döwlet çemeleşmesiniň toplumlaýyn häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň baş maksady –ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmäge, ilaty elýeterli ýokary hilli lukmançylyk kömegi hem-de hyzmatlary bilen üpjün etmäge, daşky gurşawyň arassalygyny saklamaga gönükdirilen yzygiderli işler geçirilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar meseleleriň giň toparyny ara alyp maslahatlaşyp, saglygy goraýyş ulgamynda milli maksatnamalary we taslamalary ýerine ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen tagallalary birleşdirmek üçin möhüm ugurlary kesgitlediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýylyň birinji ýarymynda ýurdumyzy ösdürmegiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, “Ýurdumyzda kabul edilen «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilen döwründe ilatyň saglygyny berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça köp işler edildi. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmak boýunça düýpli özgertmeler geçirildi”. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 21-nji iýulda bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýurdumyzyň her bir raýatyna dahylly bolup durýar. Sebäbi türkmenistanlylaryň sazlaşykly beden we ruhy taýdan ösüşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli ugurlarda uly üstünlikleri gazanýan döwlet--bu geljegine ynamly garaýan sagdyn adamlaryň döwletidir. Şonuň üçin Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak—bu milletiň we her bir adamyň durmuşy baradaky gündelik alada we ähli ugurlary gurşap alýan ulgam bolup durýar.

Saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkyň saglygyny goraýan ugra binýatlyk ulgam hökmünde garaýar.

Lukmançylygy ösdürmegiň depginleri we hili döwletimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ägirt uly tagallalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Olar esasy wezipä—adama gulluk etmek, onuň durmuş bähbitlerini we hajatlaryny üpjün etmek wezipesine gönükdirilendir. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyzyň gös-göni gatnaşmagynda işlenip taýýarlanan “Saglyk” maksatnamasy milli lukmançylygyň nusgasyny has-da kämilleşdirmekde, keselleriň öňüni almakdan we sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekden başlap, innowasion tehnologiýalaryň çekilmegine hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna çenli täze pikirleriň we çemeleşmeleriň badalgasy bolup durýar.

Şu maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň ähli sebitlerinde döwrebap hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler ulanmaga berildi hem-de gurulýar. Olar üpjünçiligi hem-de hyzmatlary boýunça halkara ölçeglerinden birjik-de pes däldir, türkmen tebigatynyň melhem otlaryndan we ösümliklerinden derman öndürýän kärhanalar açyldy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri hem-de ylmy-barlag edaralary bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Häzirki wagtda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkezi, “Awaza” şypahanasy, Mary şäherindäki 120 orunlyk çagalar saglyk öýi ýaly iri desgalarda gurluşyk işleri dowam edýär.

Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, täze kanunlaryň, hususan-da, “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda”, “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda”, “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden hem-de temmäki önümlerini sarp etmegiň täsirinden goramak hakynda” Kanunlaryň kabul edilmegi saglygy goraýyş ulgamynda ösüşiň özeni bolup durýar. arassaçylyk-epidemiologiýa gulluklarynyň işine talaplar, ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň, agyz suwunyň hiline döwlet gözegçiligi güýçlendirildi.

Ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleriň soňuna çykylmagy hakynda halkara güwänamalary hem-de ýurdumyzyň lukmanlarynyň bu ugurdaky tejribesiniň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň döwletlerinde ýaýratmaga maslahat berilmegi saglygy goramak boýunça wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň gazanan üstünlikleriniň aýdyň subutnamasydyr.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşiň innowasion ýoluny, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny ugur edinmegi, ýokary derejeli hünärmenleriniň taýýarlanylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarydyr.

Ýurdumyzyň ýokary lukmançylyk mekdebiniň dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim edaralary bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi degişli ugurda üstünlikli halkara gatnaşyklarynyň mysaly bolup durýar. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde tejribe geçýärler, bilelikdäki barlaglar bilen meşgullanýarlar, ylmy maslahatlaryň işine gatnaşýarlar.

Paýtagtymyzdaky lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň şäherjigi iň täze multimediýa tehnologiýalary, şol sanda usulyýet hem-de amalyýet sapaklary üçin niýetlenen gurallar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap okuw merkezidir. Bu ugurda dünýä täzelikleriniň bolup geçmegi bilen baglylykda usulyýet maksatnamalary yzygiderli kämilleşdirilýär. Uniwersitetiň düzümine göz keselleriniň ylmy-kliniki merkezi, Stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýan okuw-ylmy merkezi girýär.

Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň aň-paýhas gazananlarynyň hatarynda ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän dürli bäsleşiklerde eýe bolan ýeňişlerini görkezmek bolar. Mysal üçin, 2016 - 2017-nji okuw ýylynda bu ýokary lukmançylyk mekdebiniň wekilleri Halkara açyk talyplar internet-olimpiadasynyda dürli derejeli 12 medal gazanyp, ýeňiji boldular. Ylmy işler boýunça geçirilýän milli ýaşlar bäsleşiklerinde hem bu ýokary okuw mekdebi iň oňat toparlaýyn netijeleri görkezmegi başarýar. Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary eýýäm bassyr ikinji ýyl “Ýylyň talyby” diýen ada mynasyp boldular.

Dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyna tutuş adamzadyň goralyp saklanylmagyna gönükdirilen örän möhüm ugur hökmünde garalýar. Bu babatda alnyp barylýan işlerde Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän orny uludyr. Çünki ýurdumyz degişli başlangyçlary öňe sürüp, tutuş dünýäde adamlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek maksadynda özara gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji müňýyllygyň strategiki maksatlaryny hem-de “Saglyk-2020” atly sebit strategiýasyny nazara alýan häzirki zaman milli saglygy goraýyş syýasatyny üstünlikli işläp taýýarlamak, giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm teklipleri öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertleri döredýär.

Türkmen lukmanlarynyň hünär baýramyna gabatlanyp geçirilýän “Saglyk” halkara sergisi we ylmy maslahaty hem saglyk ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek üçin örän netijeli çärä öwrüldi. Her ýyl geçirilýän bu forum lukmançylyk ylmynyň döwrebap gazananlaryny iş tejribesine ornaşdyrmaga ýardam edýän iri we abraýly forum bolup durýar.

Şu ýyl hem Aşgabatda toýlanjak bu baýramçylygyň çäginde gestasion süýjüli diabeti boýunça sebit maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäre milli lukmançylygyň gazananlary bilen içgin tanyşdyrmaga hem-de göwreli enelerde süýji keseliniň öňüni almak meseleleri boýunça özara tejribe alyşmaga ýardam berer.

Öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýasynyň, derman serişdeleriniň we lukmançylyk tehnikasynyň, näsaglara ýokary hilli hyzmatyň elýeterliligi adamlaryň ömrüniň uzap, ýaşaýjylarynyň ýokary hilli bolmagyna gönüden-göni täsir edýär. Hut şonuň üçin hem saglygy goraýyş ulgamynyň innowasion işläp taýýarlamalaryna maýa goýmak, bu ulgama halkara ölçeglerini ornaşdyrmak, lukmançylyk edaralarynyň döwrebap tehnikalary bilen enjamlaşdyrylmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn resminamalarynda ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň binýadynda goýlan täze meýilnama hem-de üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler milli lukmançylyk ulgamyny iň belent dünýä derejelerine çykarmaga uly mümkinçilik açýar.

Bu, öz nobatynda, ýurdumyzda sagdyn we lukmançylyk syýahatçylygynyň ösmegi üçin hem binýat bolup durýar. Syýahatçylyk babatdaky döwrebap düşünjeler sagdyn durmuş ýörelgelerini ileri tutmak bilen ysnyşykly baglydyr. Adamlaryň köňülleriniň täze öwüşginli başdan geçirmeleri we syýahatçylygy küýsemegi sagdynlyk ýörelgeleri bilen barha içgin utgaşýar. Ýurdumyzyň tebigy howa şertleriniň, mineral çeşmeleriň, melhemlik häsiýetli palçyklaryň we beýlekileriň bejeriş aýratynlyklary syýahatçylygyň özüne çekiji ugur bolmagynda barha düýpli düzüm bölegine öwrülýär.

Ýurdumyzyň ajaýyp bejeriş häsiýetli tebigy serişdelerini, şeýle hem barha ösýän milli saglygy goraýyş ulgamyny nazara almak bilen, ol ýakyn wagtlarda dünýäniň iň meşhur lukmançylyk syýahatçylygy ugurlarynda mynasyp bäsdeş bolup biler.

Şu ýylyň “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” ýyly diýlip atlandyrylmagynda hem milletiň sagdynlygy meselesine döwlet taýdan toplumlaýyn hem-de ulgamlaýyn çemeleşme öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan halkymyzyň saglygy, ýurdumyzda bedenterbiý we sport hereketini ösdürmek, işjeň halkara gatnaşyklary arkaly onuň syýahatçylyk mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly ugurlaryň üçüsi Türkmenistan üçin şanly taslama bolan “Aşgabat-2017”-de bu ýere jemlenendir.

Diňe soňky ýarym ýylyň dowamynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreler guraldy.

Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglyk gününe, şeýle hem “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçirilýän, däbe öwrülen köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-saglyk we medeni çäreleriň biraýlygyna gabatlanyp geçirilen çäreleri görkezmek bolar.

Şu ýylyň maýynda ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmegiň hem biraýlygy geçirildi. Birinji ýarym ýyllykda bu zyýanly endige garşy göreşmegi wagyz etmek, adamyň saglygyny gowulandyrmak we ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny durmuşa geçirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” tassyklanandygyny bellemek bolar. Ýurdumyz temmäkä garşy göreşmegiň köp ugurlarynda öňdebaryjy hökmünde çykyş edýär hem-de bu işe öz goşandyny goşmaga çalyşýar.

Sport ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de sagdyn durmuşy kemala getirmegiň ýörelgelerine laýyklykda, Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde döredilen sport lukmançylygy fakultetiniň ilkinji goýberilişini hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň toplumlaýyn we ulgamlaýyn ösdürilýändigi baradaky meselä aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar.

Täze döwür ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň mundan beýläk-de rowaçly ösdürilmegi üçin döwrebap çemeleşmeleri talap edýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamda amala aşyrylýan işler hem-de halkymyzyň bähbidi üçin durmuşa geçirilmeli ägirt uly meýilnamalar giň gerimliligi bilen haýran galdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň saglygy Garaşsyz ýurdumyzyň, onuň nurana geljeginiň kuwwatydyr we abadançylygynyň özenidir.