Ýaş alymlaryň işleiniň işleriniň ýygyndysy neşir edildi

Neşir 2017-2018-nji ýyllara çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Ýaş alymlar merkezi tarapyndan taýýarlanyldy. Onda ýokary okuw mekdepleriniň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýalarynyň düzümleriniň wekilleriniň ylmy işleriniň ýüze golaýy çap edilipdir.

Ýygynydaky ylmy makalalaryň aglabasyny Türkmenistan YA-nyň, onuň garamagyndaky institutlaryň we merkezleriniň hünärmenleri taýýarlapdyrlar. Neşiriň tematiki bölümleriniň ählisinde nano- we himiýa tehnologiýalary, täze materiallar, energetika pudagyndaky barlagalar; biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdeleriniň önümçiligi; innowasion ekologiýa; ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlara degişi makalalary ýerleşdirilipdir.

Ulag we aragatnaşyk institutynyň ýaş alymlary wajyp meselelere bagyşlanan makalalaryň birnäçesini taýýarlapdyrlar. Olar, esasan önümçiligi awtomatlaşdyrmaga bagyşlanylypdyr. Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleriniň makalalar toplumy programma üpjünçiligne degişli. Olaryň arasynda her ýyl geçirilýän ýaş alymlaryň ylmy bäsleşiginiň ýeňijileri-de bar. Ýygyndynyň işjeň awtorlarynyň arasynda lukmançylyk uniwerstetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynyň, ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň wekilleri bar.

Ylymlar akademiýasynyň alymlary ýygyndyny taýýarlamaga ýardam etdiler. Olaryň ýolbaşçylygynda ylma baş goşan ýaş mugallymlardyr talyplar amaly barlaglar bilen meşgullanýarlar.

Ylmy neşiriň ilkinji sanynda çap edilmek hukugyna geljegi uly täzelikleriň awtorlary mynasyp boldylar. Ýygyndyny taýýarlanlar Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň hänermenleriniň seslenmesini-de beripdirler.

Ýygyndy „Aýdyň gijeler“ hojalyk jemgyýetiniň maliýe goldawy bilen neşir edilipdir, onuň hünärmenleri ýurdumyzyň alymlary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.