Türkmen ekologlary Ramsar konwensiýasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenbaşy şäherinde „Türkmenbaşy aýlagy“ Ramsar territoriýasyny dolandyrmagyň meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi. BMG-nyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalaryndan gelip çykýan Türkmenistanyň borçlaryny üpjün etmek boýunça Döwlet iş toparynyň işiniň çäklerinde geçirilen çärä Merkezi Aziýada Ramsar sebit başlangyjynyň (MARSB) Utgaşdyryjy komitetiniň başlygy professor Eldar Rustamow, Ramsar konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça iş toparynyň milli utgaşdyryjysy, Çöller, haýwanat we ösümlikler dünýäsi institutynyň direktorynyň orunbasary Juma Saparmyradow, Tebigaty goramagyň Türkmenistan jemgyýetiniň Balkan welaýat bölüminiň işjeňleri,

Hazar döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleridir inspektorlary gatnaşdylar. MARSB-nyň usulýet maglumatlary bilen tanyşdyrylyşyň barşynda 2016/17-nji ýyllarda iş toparynyň Ramsar konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça işi seljerildi. Esasan degişli suw-batgalyk peýdalanylýan ýerleri Ramsar sanawyna goşmak, olary dolandyrmak, topogarfiýasyny anyklamak we ylmy taýdan sebitlere bölmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilata ekologiýa bilimini bermeklige uly üns berildi.

Interaktiw görnüşde ýurdumyzda Ramsar sanawyna girizilen ýeke-täk Hazar döwlet goraghanasynyň işine garaldy. Suw-batgalyk ýerleri dolandyrmagyň oňyn tejribesi Türkmenistanyň beýleki suw-batgalyk ýerleriniň dolandyrmakda we durnukly saklamakda ulanylar, ýurtda we Merkezi Aziýa sebitindäki Ramsar suw-batgalyk ýerlerinden rejeli peýdalanmaga ýardam eder.