Futzal boýunça ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy topary Minskide duşuşyklar geçirdi

Futzal boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde iýulyň 1-i --13-i aralygynda Minskide okuw-türgenleşik ýygnanşygyny geçirdi. Ýygnanşyk üçin Belarusyň saýlanmagynyň sebäbi näme?

-Belarusda zenalar futzaly ösen,-diýip Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hünärmeni Boris Borowik gürrüň berýär.—Bu ýurduň ýygyndysy we klublary UEFA-nyň howandarlygynda geçirilýänýaryşlaryň ählisine gatnaşýar. Belarus dostlarymyz işlemek we dynç almak üçin ähli şertler döretdiler. Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda, şol sanda sportda hem berk işewür gatnaşyklar ýola goýuldy. Minskide bizi oňaýly „Sporttaým“ myhmanhaasyna ýerleşdirdiler, tügenleşikle üçin amatly zallary berdiler.

Birinji barlag oýnuny biz halkara ýaryşlarynda uly tejribesi bolan“Minsk“ kluby bilen geçirdik. Çak edişimiz ýaly, ýerli zenanlar ýokary tizlikde yzly-yzyna hüjüm edip, 3:0 hasabynda öňe çykdylar.Tejribeli oýunçylarymyz B.Gurbanowa bilen H. Eşnyýazowa ýoldaşlaryna görelde bolup, hüjüme geçip ugradylar. Netijede Gurbanowa 2, Eşniýazowa bolsa 1 top geçirip, hasaby deňlediler.

Ikinji duşuşygy „Zwezda“ topary bilen geçirdik. Olar ilki 2:0 hasabynda öňe saýlandylar, tälimçilerimiz K. Mingazow bilen A.Annadurdyýew oýunçylaryň birnäçesini çalşyrdylar. Netijede oýun deňleşdi. M.Çaryýewa 2 pöksi salyp, hasaby 2:2 hasabynda deňledi.

Ýygnanşygyň jemleýji oýnunda „Slawýanka“ kluby bilen duşuşdyk. Öňki oýunlardaky ýagadaýy göz öňünde tutan gyzlarymyz oýnuň başyndan ýokary depginli oýnadylar. 4:4 hasabynda deň tamamlanan duşuşykda M. Çaryýewa 3, U. Spirina 1 pökgi saldylar. Bu oýunda ýeňmäge-de mümkinçiligmiz bardy, ýöne goragdaky säwlikler sebäpli üçünji duşuşygam deň tamamlandy.

Tälimçiler toparynyň pikirine görä, gyzlarymyz beden taýýarlykda garşydaşlaryndan rüstem bolmasa, pes däldiler. Gowşak ýerimiz--topa erk etmek tilsimimizde. Howply ýagdaýlar köp bolsa-da, topy derwezä salmakda ussatlyk azlyk edýär.Wagtmyzy tygşytly tutduk, günde iki gezek, hatda oýun günleri hem irden taktiki türgenleşikler geçirdik.

Esasy zat, köp oýnamaly. Awgust aýynda ýene-de Belarusa gitmegi göz öňünde tutýarys. Elbetde, Aşgabatda-da türgenleşikler dowam eder, häzir haýsy toparlar bilen duşujakdygymyzy anyklaýarys.

Minskide bizi myhmansöýer mähir bilen garşyladylar. Minskililer köçelerde bize gabat gelenlerinde salamlaşyp, Aziada-2017-de üstünlikler arzuw edýärdiler. Aeroprta ugranymyzsa myhmanhananyň işgärleri bize ýeňiş arzuwlap, futzal boýunça zenanlar toparymyzyň janköýerleri boljakdyklaryny aýtdylar. Olaryň ynamyny ödejek bolarys.