Türkmen tebigaty özboluşly gözelligi bilen haýran edýär

Ulydepe gaýasynyň günbatar çetindäki Sekizýap we Germap jülgelerinden Şarlawuk derýajygyndan Arçabiljik we Gökderejik aryklarynyň aşak ýerleri syýahatçylyk edilýän ýerleridir. Olar gezende syýahatçylaryň halaýan ýerleridir, çünki o taýda işjeň durmuş ýörelgesine höweseklere ýaraýjak zatlaryň ählisi—kiçeňräk depelerdir barmasy kyn gaýalar, dag depesinidäki tekizliklerdir daşa öwrülen derýa hanalary, aryklardyr olaryň kenarlarynyň salkyn howasy bar. Dag eteginiň jana şypa berýän ýerlerinde Çagalar – sagaldyş merkezleri, amatly restoranlar we dynç alyş öýleri ýeterlikdir. Olaryň golaýynda „Giňdiwar“ dynç alyş seýilgähi, Bagyr obasynyň töweregindäki köpýyllyk ösümlikler bu ýerleriň gözelligini artdyrýar.Gadymy Nusaýyň galyndylary syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär, bu gadymy şäheriň köçelerinde gezelenç etmegiň lezzeti aýry. Esasan eldar arçasyndan, adaty badamdan, garagaçdan we ýaprakly agaçlaryň beýleki görnüşlerinden ybarat seýilgäh zolagy ep-esli meýdany tutýar.

Ir ertirden giç agşama çenli epgek howaly tomus günleri daşly -çägeli dag eteklerine we ýarym çöllük gaýalara gezelenç etmek aňsat däl bolsa-da, gurak ösümlikler dünýäsi gözüňi dokundyrýar. Elbetde, güne ýanan otly depelerden daş-töwerege syn etmegiň lezzeti başga.

Gündizlerine 70 gradusa ýetýän yssy howada bir ýyllyk otlat Güne ýansa-da, tohumlary galýar. Köpýyllyk ösümlikleriň köpüsi bolsa gyşyna ösüp, gurak döwür başlaýança ýazda ösüşini bes edýärler. Käbir öri ösümlikleri diňe ýylyň salkyn we çygly wagty ösýärler. Güýzdäki ýagyşlarda olar daglaryň aşak eteklerinde käte gögeräýýärem.

Guraklyga çydamly ösümlikleriň käbiri uzaga çekýän yssy howa we ygal ýetmezligine uýgunlaşýarlar. Mysal üçin, astragal ýaly ösümlik gurasa-da, gözelligni saklap galýar.

Aşgabadyň etegindäki dürli reňkli paleogen gaýalarynda Guryhowdan şäherçesi ýerleşýär. Tekeçaňňasy gaýasynyň demirgazyk-gündogar böleginde pisse we ýylgyn agaçlary duş gelýär, olaryň arasynda arçadyr badamam gabat gelýär. Bu ýerlerde çomujyň dürli görnüşleri bilen birlikde gamak hem bar.

Çeşmejikleriň golaýynda seýregrägem bolsa tokaý üzümleri gabat gelýär, dag eteginde bolsa bugdaýyň ýabany görnüşi duş gelýär. Şarlaýuk we Kelteçynar derýajyklarynyň ugurlarynda çal ýaprak derekdir leýlisaçlar gögerýär. Bu botaniki ýadygärlik suwa golaý ýerlerdäki jeňňelikleri kemala getiripdir. Alymlar olaraa Orta ýer deňiz girkan çyglyk halaýan ösümlik dünýäsi diýýärler. Olar geçmiş bilen geljegi birleşdirýäb sepgitdir, olarsyz häzirki döwri göz öňüne-de getirmek kyn. Köpetdagyň ösümlikleri köpdürlidir, onda dürli eýýämler gabat gelýär. Şonuň üçinem her ösümligiň taryhy hakydasy bardyr.

Türkmen tebigaty barmasy kynlygy we özboluşly çapraz gözelligi bilen göreni haýran edýär. Diňe biziň ýurdumyzda ösýän türkmen arçasy, Kristofyň sogany, türkmen kerkawy, Atabaýewiň haramçybygy tutuş dünýä bellidir. Olaryň köpüsi medeniýetleşdirilen ösümlikleriň ýabany gardaşlarydyr we ylmy taýdan öwrenilýär.