Aziýadanyň maglumat-mahabat üpjünçiliginiň şertleri we tertibi baradaky wezipeler duşuşygyň esasy meseleleri boldy

Suratda: Meret Rozyýew

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň mejlisler zalynda bu iri möçberli halkara ýaryşlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli metbugat duşuşygy geçirildi, ony Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de Aziada-2017-niň ýerine ýetiriji komiteti guradylar.

Metbugat redaksion toparlaryň, tele we radio ýaýlymlaryň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyga şeýle hem “Laurel” we “Medialuso” iri mediakompaniýalaryň wekilleri çagyryldy.

Aşgabatda geçiriljek ägurt uly sport bäsleşiklerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek, maglumat-mahabat üpjünçiliginiň şertleri we tertibi baradaky wezipeler duşuşygyň esasy meseleleri boldy.

Metbugat duşuşygynyň barşynda Aziýa we Okeaniýa döwletleriniň 64-sindan iň güýçli türgenleriň gatnaşmagynda “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” şygary astynda geçiriljek Oýunlaryň ýurdumyzyň yklymda halkara sport hyzmatdaşlygynyň öňdäki hataryndaky ornuny pugtalandyrmak, döwletimiziň dünýä olimpiýa hereketi ulgamyna netijeli goşulyşmagy üçin giň mümkinçilikleri açýandygy nygtaldy. Munuň özi gürrüňsiz suratda Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterer, dostluk we işewürlik gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, özara ynam hem-de düşünişmek ýagdaýynyň kemala gelmegine ýardam berer, milli ykdysadyýetimiziň, medeni durmuşyň hem-de syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegini höweslendirer.

Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzda we welaýatlarda geçirilýän dürli soprt çäreleri şu maksatlara gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyz boýunça guralan 500 günlük atly ýöriş ähmiýeti hem-de gerimi babatynda haýran galdyryjydyr, ýöriş Aziýa oýunlarynyň açyljak güni Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynda tamamlanar. Ähli welaýatlaryň ajaýyp we taryhy-medeni gymmatlyklara baý bolan künjekleriniň aglaba bölegini gurşap alan atly ýörişiň barşy baradaky telereportažlar we gazet-žurnal makalalary arkaly dünýä ýüzi Watanymyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri, täsin tebigaty, milli adatlary hem-de köp öwüşginli däp-dessurlary barada giňişleýin maglumatlar alar.

Muňa şu gün öňde boljak ägirt uly sport baýramynyň badalga almagyna 50 gün galmagy mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş hem şaýatlyk edýär.