Türkmenistanly tennisçileriniň Aziadadan öňki taýýarlygy gowy

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 1993-nji ýylda döredildi, ol 2003-nji ýyldan bäri Halkara tennis federasiýasynyň — ITF-iň agzasydyr. 2004-nji ýylda Aziýanyň tennis federasiýasyna — ştab-kwartirarasy Nýu-Delide ýerleşýän (Hindistan) ATF-e girdi.Ýurtda sportuň şu görnüşini giňden ýaýmak, saglyk üçin onuň gowy taraplaryny we peýdasyny görkezmek, tennis meýdançalaryna halk köpçüligini çekmek, şeýle hem ussat türgenleri taýýarlamak üçin zehinli ýaşlary saýlap almak Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň wezipeleridir.

2016-njy ýtlda Tähranda (Eýran) geçirilen Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşyp, erkekler toparymyz üçünji Aziýa we Okeaniýa toparçasynda gowy çykyş etdi. Şol ýylyň özünde Kolombo (Şri-Lanka) şäherinde ýetginjekleriň arasynda ýaryş geçirildi, oňa ýaşy 16-a çenli ýetginjekler gatnaşdylar. Şonda türgenlerimiz toparlaýyn bäsleşikde üçünji orny eýelediler. 2016-njy ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen synag ýaryşynda Aziada-2017-ä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary kesgitlenildi.

Şu ýylyň başynda toparymyz Antaliýada (Türkiýe) geçirilen ýaryşa, ýeşle hem Manamada (Bahreýn) fýuçersler (ITF Futures) derejesinde diňe ulular üçin geçirilen birbada iki ýaryşa gatnaşdy. Deslapky zenanlar ýaryşy ýaly,erkekleriň arasyndaky bu ýaryşlar tapgyry professional tennisçileriň geljekki çykyşlary üçin başlangyç bäsleşiklerdir. Onda baýrak gaznasy bolup, bu ýaryşlardaky çykyşlaryň netijelri ATP we WTA görkezijilerinde hasaba alynýar.

Aziada-2017-ä 14-den 24 ýaşa çenli türgenleriň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda tennis ýaryşlary geçiriler. Olaryň ikisinde-de ýekelikde we bilelikdäki bäsleşikler bolar.Ýaryşa gatnaşjaklaryň sany belli bolansoň, daşary ýurtlylardan üç ýenginjek we üç gyz gatnaşar. Ýer eýesi hökmünde Türkmenistandan iki essse köp – erkeklerden we zenanlardan alty adam gatnaşar. Her ugur boýunça 1 birinji, 1 ikinji we 2 üçünji orunlar ugrunda bäsleşikler geçiriler.

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň taýýarlanýar. Olimpiýa şäherçesiniň tennis meýdançalarynda günde iki gezek türgenleşikler geçirilýär, olarda tilsimleri kämilleşdirmek bilen birlikde umumy beden taýýarlygyna-da üns berilýär. Şu günler ýurdumyzda işleýän fransuz tälimçileriniň ikisi olara maslahat berýärler, öz ussatlygyny we baý tejribesini paýlaşýarlar, okuwlar geçirýärler. Sebastýan Matýu ýetginjekleri, Sabri Žunli zenanlary türgenleşdirýärler.

– Aziada-2017-ä gatnaşmak üçin iň güýçli tennisçileri saýlap aldyk, indi gündelik türgenleşikler geçirilýär, --diýip milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Serdar Bäşimow gürrüň berýär. — Bizde zehinli, geljegi uly ýaşlar bar. Mysal üçin, Bakuwda geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda tennis boýunça ýaryşda Türkmenistanyň zenalar topary bürünç medala mynasyp boldy. Bu bäsleşiklerde ýeňiji we baýrakly orunlary eýelänler türgenleriň şahsy bäsleşikleriň ikisiniň we bilelikdäki bir oýnunyň netijeleri boýunça kesgitlenilýär. Gyzlarymyz Jahan Baýramowa, Anastasiýa Prenko we Güljahan Muhammetgulyýewa dagy Bakuwyň tennis akademiýasynyň meýdançasynda ýer eýelerini-Azerbaýjanyň, şeýle hem Päkistanyň toparlaryny ýeňdiler. -

Soňky ýyllarda tennise höwesekleriň sany barha artýar. Welaýatlaryň ählisinde meýdançalar guruldy, tennis toparlary işleýär. Ýurdumyzyň ýygyndy toparynda diňe bir aşgabatly däl, eýsem sebitlerden hem türgenler bar. Häzirki wagtda erkeler toparymyz Şri-Lankada geçirilýän Dewisiň Kubogy ugrumdaky aýryşa gatnaşýar.

Aziýa oýunlary ýaly jogapkärli ýaryşlarda şowly çykyş etmek türgenlerden güýçli taýýarrlygy, maksada okgunlylygy, uly tagallalary talap edýär. Oýna düşünmegiň, çalasynlygyň, tilsim ussatlygyň ýeterlik däl. Bäş tapgyrdan ybarat duşuşygyň birnäçe sagada çekip, çydamlylygyň barlamagy mümkin. Şu ýerde-de erjellik, durnuklylyk we ýeňşe höwes güýçli bolmaly. Janköýerler dartgynly oýna, tennisçileriň owadan tilsimlerine tomaşa etmek üçin gelýärler ahyry.