BMG-niň Baş sekretary myhmansöýerlik görkezenligi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterreş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ugratdy, ol ýerde Aşgabada bolan sapary wagtynda mähirli kabul edilenligi we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edilýär.

Şeýle-de: “Maňa Siz bilen duşuşmak örän ýakymly boldy. Durnukly ösüşi, durnukly ulag ulgamyny, terrorçylyga garşy göreşmegi, sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegini öz içine alýan umumy maksatlarymyza ýetmek ugrunda Siziň hökümetiňiziň edýän tagallalaryna ýokary baha berýärin” – diýlipň hatda aýdylýar.

“Aşgabatda “BMG-niň we Merkezi Aziýanyň arasynda BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça ýokary derejeli gepleşikleriniň” şowly geçmegine beren goldawyňyz üçin hoşallygymy bildirýärin. Onuň netijesi boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasy terrorçylyga garşy göreşmek we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça BMG bilen hyzmatdaşlygy we utgaşyklylygy berkitmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jebisdigine şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada öňýni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezine on ýyl mundan öň dörän wagtyndan bäri berýän şahsy goldawyňyza örän ýokary baha berýärin. Bu goldaw sebit hyzmatdaşlygyny we öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmekde Siziň ýurdyňyzyň tagallalarynyň uludyna şaýatlyk edýär. Mende şeýle hem Aşgabat şäherinde hökümetiňiz tarapyndan berlen BMG-niň täze binasy we BMG-niň ýurtlarynyň toparlarynyň jaýlary uly täsir galdyrdy.

Şeýle hem meniň saparymyň dowamynda beren maddy-tehniki goldawyňyz üçin aýratyn hoşallyk bildirýärin.

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär, biziň yzygiderli gatnaşyklarymyz möhüm netijelerini bermegini dowam edýär. Häzirki zamanyň iň bir derwaýys meseleleriniň netijeli çözgitlerini tapmak boýunça BMG-niň işine ygrarlylygyňyza we Siziň liderlik başarnyklygyňyza bil baglaýaryn”.