Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylyň 17-nji awgusty — 7-nji sentýabry aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 160 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

“Türkmenhowaýollary” gullugyna zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin “Boing-737-800” kysymly uçaryň ýörite gatnawyny öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak tabşyryldy.