Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýadan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde, ýurdumyz ýewropa we aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Muňa Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi aýdyň subutnamadyr, onda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek taglymlary öz beýanyny tapdy. Döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, ýakyn geljekde türkmen gazynyň HHR-e iberilýän möçberleri 65 milliard kubmetre ýetiriler. Bu iri energetika desgasynyň dördünji şahasyny gurmagyň taslamasy ýokary depginlerde işlenip taýýarlanylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň 214 kilometrini çekmek işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar. Bu taslamanyň Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly tehniki işlere girişildi.

Türkmen gazynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletleýin esasda iberilmegini üpjün etjek TOPH-yň gurluşygy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleriň öňyn çözgüdine ýardam berer, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrar. Hususan-da, müňlerçe täze iş orunlary, degişli elektroenergetika, ulag we aragatnaşyk hem-de durmuş düzümleri peýda bolar.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň öňünde pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we kenarýaka zolagyndaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky, Merkezi Garagumdaky nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar.

“Galkynyş” gaz käni ýokary depginlerde özleşdirilýär, garaşsyz bilermenler toparynyň maglumatlaryna görä, Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde häzirki wagtda onuň gorlary 27 trillion kubmetre deňdir. Bu ýerde ýylda 30 milliard kubmetr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanmaga berildi, şeýle kuwwatlyklara eýe bolan beýleki toplumlar gurulýar, olar gurluşygy dowam etdirilýän TOPH gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün eder. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäklerinde täze uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny gözlemek uly gyzyklanma döredýär. Ulanylýan känlerde 7 kilometre çenli çuňlukda ýerleşýän gatlaklaryň öwrenilmegine gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerine gaýtadan girişildi. Hususan-da, ýurdumyzyň günbatarynda häzirkizaman enjamlaryny hem-de programma üpjünçiligini ulanmak arkaly Goturdepe ýatagynda 3D seýsmiki barlaglary geçirildi. Indi şeýle 3D seýsmiki barlaglar Barsagelmez ýatagynda 345 inedördül kilometr meýdany gurşap alar. Mundan başga-da, “Darja” çäginde 2D usulynda seýsmiki gözleg işleri geçiriler, ol 870 pagon kilometr çäkde ýerine ýetiriler.

Demirgazyk Goturdepe ýatagyny şeýle işleriň geljeginiň uludygyny tassyklaýan mysal hökmünde getirip bolar, bu ýerde müňlerçe metr çuňlukda täze nebit gatlagy açyldy.

Hazarýaka sebitinde ýerleşýän Uzynada meýdançasynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri çuňlugy 7 müň 150 metre ýetýän guýuny burawladylar. Geçirilen geofiziki barlaglaryň hem-de guýyny synagdan geçirmegiň barşynda toplanylan maglumatlaryň netijesinde 6689-6695 metr çuňlukda “mawy ýangyjyň” senagat akymy alyndy. Deslapky hasaplamalara görä, guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde 500 müň kubmetr tebigy gazy we 150 tonna gaz kondensatyna deň bolar.

Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.

Sebit we dünýä bazarlarynyň, häzirki wagtda emele gelen hem-de gazhimiýa önümlerine islegleriň çaklamalaryny seljermegiň esasynda ýakyn geljek on ýyl üçin gaz we nebithimiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Geljegi uly ugurlaryň hatarynda polimer önümçiligi boýunça iri kärhanalary gurmak bellenilýär.

Hususan-da, Lebap welaýatyndaky Bagaja käninde tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça desganyň durkuny täzelemek hem-de onuň binýadynda kuwwaty 80 müň tonna butadien-stirol kauçugy we 45 müň tonna polistiroly öndürmäge deň bolan gazhimiýa toplumyny gurmak meýilleşdirilýär.

Daşoguz welaýatyndaky Ýylanlynyň gaz gysyjy desgasynyň golaýynda ýerleşýän Merkezi Garagum ýataklarynda iri maýa goýum taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde kuwwaty her ýylda 2 milliard kubmetr tebigy gazy gaýtadan işlemäge we 70 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmäge deň bolan zawody gurmak göz öňünde tutulýar. Bu toplumyň ikinji nobatdakysynyň desgalary ýylda 200 müň tonna pes dykyzlykly polietileni öndürmäge niýetlenendir.

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýylda pes dykyzlykly polietileniň 200 müň tonnasyny, 390 müň tonna polipropilen, 100 müň tonna poliwinilhlorid, 10 müň tonna suwuklandyrylan gaz, 82 müň tonna kaustiki soda we 10 müň tonna duzly kislota öndürmek boýunça gazhimiýa toplumyny bina etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýylda 1,5 milliard kubmetr tebigy gaz we 117 müň tonna tehniki duz gaýtadan işleniler.

Bulardan başga-da, suwuklandyrylan gazy, metildietanolamini, formaldegidi öndürýän desgany gurmak bellenilýär. Bular “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýakyn geljek on ýylyň içinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň çäginde amala aşyrylmagy meýilnamalaşdyrylýan taslamalaryň diňe bir bölegidir.

Bilermenleiň çaklamalaryna görä, 2030-ny ýyla çenli ýurdumyzda A-95 benzinine we dizel ýangyjyna bolan isleg iki esse artar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zowodynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler işlenip düzüldi. Olaryň hatarynda dizel ýangyçyny gidro arassalamak, katalitik izodeparafinizasiýa, mazutlaryň katalitik krekingi, ikilenji benzini gidroarassalamak, wodorod öndürmek boýunça täze desgalaryň gurluşygyny görkezmek bolar.

Häzirki wagtda Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde kuwwaty ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge deň bolan gazhimiýa toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna bolan karbomid zawody bina edilýär. Ahal welaýatynda, Owadandepede tebigy gazdan benzin önümçiligi boýunça zawod gurulýar. Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen kärhanada ýylda 1 milliard 782 million kubmetr tebigy gaz gaýtadan işlenilip, Euro-5 standartynyň iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy öndüriler. Şeýle hem ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy öndürmek göz öňüne tutulýar.

Şular bilen bir hatarda, polistiroly we kauçuklary almakda zerur bolan benzolyň önümçiligini guramagyň tehniki hem-de ykdysady taüdan maksada laýyklygy öwrenilýär.Benzolyň bölünip alynmagy boýunça desganyň gurulmagy hem türkmen nebitçilerine we himiýaçylaryna Ýewro-5 standartyna laýyk gelýän benzinleriň önümçiligine doly geçmäge, ýokary hilli sintetik binýatlaýyn ýaglaryň öndürilmegine (“iki plýus” we “üç plýus” toparlar) mümkinçilik berer. Nebit koksundan alynýan grafiti senagat taýdan öndürmegiň mümkinçikleriniň üstünde hem iş alnyp barylýar. Bu önümiň ilkinji tapgyry eýýäm Owadandepedäki metallurgiýa zawodynda gurnalan synag desgasynda alyndy. Bu tehnologiýa “Ülke” hususy kärhanasynyň we “Türkmendemirönümleri “ döwlet kärhanasynyn hünärmenleri tarapyndan synagdan geçirildi.