Obasenagat toplumynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy sebitlerde galla önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi

Daşoguz welaýatynyň ýörüteleşdirilen kärhanalary täze galla hasylyndan tohum taýýarlamaga girişdiler. Olaryň arasynda ony taýýarlamak üçin awtomatizirlenen enjamlary bolan S. Türkmenbaşy we Boldumsaz etraplarynyň döwrebap elewatorlary bar. Wagtlaýyn ýerlerde saklanylýan galla belli „Kimbriýa“ firmasynyň enjamyna geçirilýär, onda galla saýlanylýar, arassalanylýar we gaýtadan işlenilýär. Laboratoriýa barlaglary arkaly olaryň hili barlanandan soň, olar gaplanylýar we ammarlara iberilýär. Tohumyň saklanylyşy hem awtomatik usulda amala aşyrylýar.

Daşoguz welaýaty ýurtda galla öndürýän iri sebitleriň hataryna girýär. Pudagyň sazlaşykly ösüşi gallanyň taýýarlanylyş we gaýtadan işleniliş düzümleriniň giňeldilmegini hem-de döwrebaplaşdyrylmagyny talap etdi. Sebitde gurlan döwrebap ýörüteleşdirilen kärhanalar ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz saklamaga, gaýtadan işlemäge we sebiti ýokary hilli tohum bilen üpjün etmäge mmükinçilik berýär. Täze elewatorlaryň ýokary tehnologiýaly enjamlary gije-gündiziň dowamynda 60 tonnadan 80 tonna çenli saýlama galla tohumyny taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Netijeli önümçilik binýadynyň bolmagy sebitde galla ekişinden ony gaýtadan işlemäge çenli doly önümçilik tapgyryny döretmäge ýardam etdi.