Ýetginjekleriň we gyzlaryň 200-e golaýy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde Belarusyň, Rumyniýanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girdiler

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

D. Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda Belarusyň, Rumyniýanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa gidýän oglan-gyzlar bilen duşuşyk boldy.

Mälim bolşy ýaly, türkmen ýaşlarynyň wekilleri döwletara ylalalşyklarynyň çäklerinde her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryna okuwa iberilýär. Olar synaglardan üstünlikli geçip bäsleşik esasynda şeýle hukuga mynasyp bolýarlar. Şu ýyl daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine synaglar birnäçe tapgyrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Lukmançylyk döwlet uniwersitetinde geçirildi.

Belarusyň, Hytaýyň we Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlaryň iki ýüze golaýy okuwa girdiler. Olary ugradyş dabarasyna ýaşlaryň ata-eneleri, şeýle hem Bilim ministrliginiň, hukuk goraýjy edaralaryň, migrasiýa gullugynyň, Ýaşlar guramasynyň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Ýaşlara daşary ýurtlarda talyplar durmuşyna uýgunlaşyp, gowy okap, ýurda mynasyp wekilçilik eder ýaly zerur maslahatlar berler.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyby diýen hormatly ada ýurduň dürli sebitlerinden gelen ýaşlar mynasyp boldylar.

Geçen ýyl Aşgabadyň umumy bilim berýän 20-nji orta mekdebini tamamlan Nedir Kadyrow Rumyniýada programmaçy hünärini öwrener.

Türkmenbaşy şäheriniň ýörüteleşdirilen 5-nji orta mekdebiniň uçurymy Merjen Tekäýewa P.O. Suhoý adyndaky Gomel döwlet tehniki uniwersitetiniň „tehnologik prosesleriň we önümçilikleriniň awtomatizasiýasy“ ugrundan okuwa girdi.

Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndan Baýram Gurbandurdyýew Minskä gider, ol Belarus milli tehniki uniwersitetiniň enjamlar we tehnologiýalar, materiallary işlemek we basyş ugruny saýlap alypdyr.

Arslan Umarow Türkmenabadyň ýörüteleşdirilen 13-nji mekdebini tamamlapdyr. Ol çagalykdan lukman bolmagy arzuwlaýan eken, indi Hytaýyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň birinde sport lukmany hünärini ele alar.

Daşoguz welaýatynyň Könürgenç etrabyndan Aýgözel Ataýewa hem Hytaýda defektolog hünärini öwrener. Balkan welaýatynyň Serdar şäherinden Gülbahar Gurtgeldiýewa-da şol ýurtda bilim alar.

Arzuwa tarap ilkinji ädim ädildi, indi olar hünär öwrenmeli. Bu ýaşlaryň erjelliginden we okuwa ýürekden ýapyşýandygyndan çen tutsaň, olaryň maksadyna ýetjekdiklerine ynansa bolar.