Birža söwdalaryndaky geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 34 million 388 müň dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, awiasiýa we yşyklandyryjy kerosini, awtobenzini, şeýle hem tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt walýutasyna boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, hasa görnüşli matalary hem-de egirme önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 34 million 388 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 819 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.