Çeperçilik sungaty muzeýinde „Aşgabat 2017“ mowzugyna bagyşlanan sergi açyldy

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Çeperçilik sungaty muzeýinde Aziada bagyşlanan žiwopis we heýkeltaraşlyk işleriniň sergisi açyldy. Onda Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň agzalarynyň, Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň, şeýle hem muzeýiň gaznasynda saklanýan işler bar. Sergi Çeperçlik akademiýasynyň talyplary Gurban Babatäjew bilen Dünýägözel Akynyýazowanyň we beýlekileriň döreden „Aşgabada, Aziada-2017-ä hoş geldiňiz“ atly suraty bilen açylýar. Suratyň baş gahrymanlary - V Aziadanyň nyşany bolan hoşamaý alabaý Wepaly bilen Oýunlara bagyşlanan 500 günlük atly ýörüşe gatnaşyjylardyr, olar ýylyň iri sport wakasynyň ruhubelentligini we baýramçylyk ruhuny görkezýärler.

Sergide türkmen sportuna abraý getiren türgenleriň suratlary-da kän. Olaryň arasynda nakgaş Nurat Hojagulyýewiň agyr atletika boýunça dünýäniň ençeme gezek çempiony Altymyrat Orazdurdyýewe bagyşlanan işleri bar. „Ýeňiş“ atly suratda hormat münberinden bize çempionatda ýeňiş gazanyp, Watan hatyrasyna ýene bir altyn medal gazanan Altymyrat ýylgyryp seredip dur. Onuň gapdalyndaky suratda bolsa mährem ene çempion ogluny bagryna basýar. Nurat Hojagulyýew enäniň ogluna bimöçber söýgüsini, buýsanjyny we begenjini çeper serişdeler arkaly beýan edipdir.

Tanymal türkmen dzýudoçysy Jennet Geldibaýewa Tamara Kiselýowanyň eseriniň gahrymanydyr. Nakgaş ony altyn medallaryň ençemesini eýelän gözleri gülüp duran owadan zenan hökmünde görkezipdir.

Dzýudo boýunça tanymal tälimçi Nasiba Surkiýewa Gülnäz Razygulyýewanyň eseriniň gahrymanydyr. Sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri boýunça türkmen türgenlerini taýýarlaýan tälimçiniň mähirliden açyk keşbi hoşamaýlygy bilen özüne bendi edýär. Çekekleşikli bäsdeşliklerden söhbet açýan bölümde türkmen sportynyň taryhyna giren türgenleriň keşpleri bar.

Welodiped sportuna bagyşlanan köpsanly işleriň arasynda Çeperçilik akademiýasynyň talyby Laçyn Baýlyýewanyň „Welosiped sürüjiler“ suraty ünsüňi özüne çekýär. Ol paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň daşyndan aýlanýan ýoldan ýokary tizlikde welosiped sürüp barýan türgenleriň bir toparyny çekipdir. Suratda bäsleşigiň dartgynlylygy çeper beýan edipdir.

Laçyn sport mowzugyndan surat çekmegi halaýar. „Basketbolçylar“ diýen suratynda ol toparlaryň pökgi ugrunda çekeleşikli göreşini şekillendiripdir. Nakgaşyň duşuşygyň dartgynly pursadyny beýan edýän suratynda hatda münberdäki janköýerleriň şowhuny-da duýlup dur.

Sergide Aziada-2017 mynasybetli geçirilýän 500 günlük altly ýörüşe bagyşlanan eserleriň ençemesi bar. Tomaşaçylaryň köpüsi olary sergilerde görendirler.

Gyzylgül Hudaýberiýewanyň „Altyn sport. Konkur“ diýen işinde at bilen çapyksuwar ýeňiş üçin bir jan-bir ten bolup çykyş edýärler. Tizlik, tilsimler we çapyksuwar bilen atyň birek-birege düşünişmegi ýeňşe gtirýän şertlerdir. Ony nakgaş ussatlarça beýan edipdir.

Türkmen milli göreşi hem dürli žanrlarda çeper beýan edilen mowzuklaryň biridir. Berdi Saryýewiň „Başa-baş göreş“ atly eserinde gök we sary eşilkli pälwanlaryň dartgynly çekeleşigi çeper beýan edilýär.

Türkmen halk nakgaşy Meret Gylyjow öz „Göreş“ diýen işinde dürli reňkler arkaly tomaşaçylaryň ünsüni dartgynly bäsleşige çekýär. Sergeý Beglýarowyň „Şaşkaçylar“ atly ajaýyp işi muzeýde saklanýan eserleriň biridir. Ol Bäşim Nuraly we Olga Mizgirýowa bilen Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebinde bile okanlaryň we türkmen milli žiwopis mekdebiniň düýbüni tutanlarynyň biridir. Ýokarsyndan çekilen suratyň bir böleginde iki oýunçy, beýlekisinde olaryň bäsleşik meýdany-şaşka tagtasy şekillendirilipdir. Şaşka hem küşt ýaly intellektual oýun, bäsdeşleriň oňa berlişinden çen tutsaň, oýnuň dartgynlylyg ýetjek derejesine ýetipdir.

Ruhubelentligi, açyklygy we oňyn pikirleri döredýän sergi tomaşaçylarda çekeleşikli sport bäsleşiginiň ruhuny, sagdyn durmuş ýörelgesine we şahsy maksatlara ýetmek islegini döredýär.