Haly sungatynyň naýbaşylarynyň syrly nyşanlary

Gurluşy ýerlikli, ulanylmaga amatly we baý bezelen ak öý göçme öýüň ozboluşly görnüşidir. Göçegçi halklar üçin ak öýiň bezeginde we onda öý goşlarynyň ýerleşdirilişinde dini ynançlar, milli we durmuş-medeni aýratynlyklar, halkyň taryhy we däp-dessurlary durmuş ýörelgesi jemlenendir.

Türkmenleriň durmuşy ak öý bilen jebis baglanşyklydyr. Onda zerur öý goşlary ýerleşdirilende olar göçme öýüň özboluşlylygyndan ugur alyp, onda oňaýlyklary döretmegi göz öňünde tutupdyrlar.

Amaly-bezeg sungaty önümleriniň göçegçi halklaryň ýaşaýyş jaýlarynyň milli aýratynlygynda ähmiýeti uly bolupdyr. Göreni haýran edýän halylar, keçeler, her dürli matalar, nagyşlar, bezegler milli aýratynlygyň nyşany bolupdyr. Olaryň bezeginde türkmenleriň çeperçilik däpleriniň we estetiki garaýyşlarynyň ösüşi, tire-taýpalaryň ruhy we taryhy umumylygy öz beýanyny tapypdyr.

Ýaşlar bagtly ýaşasyn diýen ýagşy umyt bilen toý üçin dikilýän ak öýe aýratyn üns berlipdir. Onuň içi-daşy ak keçeler bilen bezelip, olardan dürli şaý-seplerdir her hili bezeglikler asylypdyr. Ony owadan bezemek üçin puldyr serişde gaýgyrmandyrlar.

Ak öýüň uklary ýüplerdir jähekler, gaýyş bagjyklar bilen berkidilip, tärimine ýogunly-inçeli mata bölekleri asylypdyr. Onuň tüýnüginden sallanyp duran seçekli gülli matalar ony has gelşikli görkezipdir. Ök öýüň tüýnügini ini 30-45 sm serpik ýapypdyr. Nagyş salnan şol mata diňe bir onuň süňňüniň hökmany bölegi bolman, eýsem onuň bezeginiňem bir bölegi eken.

Ak öýüň daşyna dokalan söýegbagy daňylyp, ol öýüň daşky bezeginde möhüm ähmiýetli bolupdyr. Gadymy ýüplükleriň hili ýokary, nagyşlary dok reňkli, nepis bolupdyr.

Käbir tekiz kilimde üpürjükli nagyşlary ýerbe-ýer ýerleşdirilen eňsi dokalypdyr. Öýüň bilbagynda toý-dabara ak öýleriň bezegi üçin ýörüte tarada dokalan ak ýüp daňylypdyr. Ýüplükler sebitlere görä ozboluşly bolupdyr . Olary dokamak üçin gurnama taralar ulanylypdyr. Onuň tüýli tarapy argyşyň ýokarky gatynda çitilensoň ol arkasyna geçmändir. Ol ak ýüplükden palas dokalýan usulda dokalypdyr.

Ýylyň maýyl günleri ak öýüň gapdalynda gurnalýan tara gül-pürçek meýdana özboluşly bezeg beripdir. Halyçylaryň çeper elinden göreni haýran edýän halylar çykypdyr. Nowruz baýramynda ak öýde çigildemdir gülälek, beýleki gül çemenleri dokalan gülýaýdy asylypdyr. Zenanlarymyz ýüpek sapaklardan gül şekillerini tikipdirler.

„Ömür daragty“ diýilýän nagyşda ösümlikleriň sada we çylşyrymly şekilleri ulanylypdyr. „Gülkelle“ hagşy diňe bir eňside däl, eýsem namazlyklarda-da ulanylypdyr.

Çeper elli zenanalaryň käbiri gysby nagyşlary ýerlikli dokap, olaryň has owadan bolmagyny gazanypdyrlar. Kese jähekler birnäçe ýönekeý nagyşlardan kemala gelipdir. Bilbagalryň gyralary balyk teňňe şekilli köplenç ýedi zolakly ownuk nagyşly bolupdyr. Gülýaýdy, dagdan, tumar nagyşlary göz-dilden goraýan tumar hökmünde salnypdyr. Onuň bir çetine köplenç kejebe ýada haýwanlaryň şekilli çekilen nagyş salnypdyr.

Bilbagyň goýun ýüňünden dokalýan düşegine düýe ýüňünden, nah we ýüpek ýüplükler goşulyp dokalmagy ony has gelşikli görkezipdir. Türkmenler ýüpege arassalyk nyşany hökmünde aýratyn baha beripdirler, ol önümlere üýtgeşik bezeg beripdir. Lagyl, firuza, sary, mämişi, goýy gyrmyzy, şeýle hem dür reňkli nah ýüplükleriň nagyşlara salynmagay dünýäniň tükeniksizligini aňladyp, ak öýüň daşyna aýlanypdyr.

Haly önümlerinde dürli şekiller: dörtburçlyklar, üçburçlyklar, atanak şekiller, ýönekeý we gat-gat dörtburçlyklar, egremçeler salnypdyr. Şolar bilen birlikde nagyşlara ösümlikleriň şekili we şah şekiller ulanylypdyr.

Jähekleri iki-üç inçe we giň zolakly bolupdyr. Inçelrinde diş-diş, giňinde bolsa gatbar-gat dörtburçlyklar, goşa goç şahlary, küştgülli şekiller sanypdyr. Gyralary köplenç iki sany örňeşen dörtburçlyklar bilen bezelipdir.

Türki halklaryň köpüsiniň öýleri ýaly türkmen ak öýüniň söýegbagynda , halylarynda, eňsisinde göz-dilden goraýar diýlip ynanaylýan gyzyl reňk agdyklyk edipdir.

Aýratynam gyzyl ýüp owadan görnüpdir, onda goňur reňkli egremçe ýerleşdirilipdir. Goýras reňkleriň agdyklygyna garamazdan, erňekleriň bezegi özboluşlydyr.Üç hatar jähek onuň gurluşyna bütewi sazlaşyk berýär.

Häzirki wagtda ak öý bilbagalryna isleg bildirilmänsoň, olaryň has seýrek duşýan owadandan owadanlary muzeýlerde saklanylýar.