„Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri“ diýen döşe dakylýan nyşan hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen „Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri“ diýen döşe dakylýan nyşan hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

„Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri“ diýen döşe dakylýan nyşan bilen wezipe borçlaryny päk göwünli ýerine ýetirýänligi, hünär derejesini ýokarlandyrýanlygy, döwlet işinde köp ýyllap birkemsiz gulluk edenligi üçin kazylar we kazyýet işgärleri sylaglanylar.