Hususy telekeçilik düzümleri gurluşyk materiallaryny öndürýärler

Suratda: surata düşren: Batyr ÖRÄÝEW

Häzirki wagtda gurluşyk senagaty çalt depginlerde ösdürilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurdumyzda öndürilmegi strategiýasy gurluşyk materiallarynyň öndürmek boýunça ýokary tehnologiýaly önmümçilikleri bina etmäge we ozal bar bolanlarynyň iş ugruny üýtgetmäge itergi berdi. Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň döwlet maksatnamasy bu ugurdan telekeçileriň sanynyň artmagyna getirdi.

Daşoguz welaýatynyň senagat düzüminde ýakyn wagtda bezeg materiallaryny çykarýan hususy kärhana peýda bolar. Demirgazyk sebitiň merkezinde keramik plitalary we dürli bezeg materiallaryny öndürmek boýunça kiçi zawodyň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Täze kärhana ýylda 30 müň tonna önüm çykarar. Bu ýerde ýurdumyzda öndürilýän çig maldan jaýlaryň içki we daşky bezegi, ýanýoda, jaýlara düşeklik plitalar we beýleki bezeglik materiallar çykarylar.

Russiýadan we Ukrainadan satyn alnan ýokary öndürijilikli enjamlar we iň täze tehnologiýalar döwrebap, gelşikli we ekologiýa taýdan arassa bezeg materiallarynyň ençeme görnüşini öndürmäge mümkinçilik berer. Täze kärhanada müşderileriň talabyna laýyklykda dürli ölçegli we bezegli önüm çykarylar, bu bolsa harytlara islegi kanagatlandyrmaga we bazar bäsleşigine bäs gelmäge mümkinçilik berer.

Ýarym gektar ýerde ýerleşýän kärhananyň düzüminde önümçilik sehinden başga-da, iki gat edara jaýy, özbaşdak suw, ýylylyk we tok berijiler ulgamlar, suw saklanýan rezerwuarlar we öndürilýän önümleriň nusgalary bolan söwda zaly bolar.