Döwlet Baştutanymyz Bakuwyň nyşanlarynyň birine baryp gördi

Azerbaýjan resbuplikasyna bolan resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany häzirki zaman Bakuwyň nyşanlarynyň biri bolan Geýdar Aliýew merkezine baryp gördi. Belent mertebeli türkmen myhmanyny esasy girelgäniň öňünde Merkeziň ýolbaşçylary mähirli garşylady.

Milli Liderimiz döwrebap binagärligiň ajaýyplyklarynyň hataryna girýän hem-de Azerbaýjanyň paýtagtynyň esasy desgasy bolan binanyň içine girip, merkeziň taryhy we aýratynlyklary bilen gyzyklandy Aýdylan maglumatda merkeziň Prezident Ilham Aliýewiň 2006-njy ýylyň 29-njy dekabryndaky Permanyna laýyklykda, döwlet gurluşynyň filosofiýasyny hem-de dostlukly döwletiň ozalky Baştutany Geýdar Aliýewiň milli ideologiýasyny düýpli öwrenmek babatda yzygiderli işleri geçirmek maksady bilen döredilendigi bellenildi. Onuň esasy wezipeleri taryhy, dili, medeni, milli we ruhy gymmatlyklary hemmetaraplaýyn öwrenmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Bu täsin bina meşhur binagär Zahi Hadidiň ajaýyp taslamasy boýunça guruldy. Ol binagärlik ulgamynda iň ýokary sylaga—Priskeriýa sylagyna mynasyp bolan ýeke-täk zenan binagärdir.

Toplum esasy üç binadan ybaratdyr. Onuň bir bölegini Geýdar Aliýewiň muzeýi tutýar. Muzeýiň üç gatynda onuň durmuşy we işleri barada gürrüň berýän eksponatlaryň ýygyndysy ýerleşýär. Beýlekisi galereýalary bolan sergi zallary görnüşindedir. Olarda arheologiýa, taryh, halk döredijiligi boýunça gymmatlyklar görkezilýär. Şeýle hem Azerbaýjanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň häzirki zaman suratkeşleriniň hem-de fotosuratçylarynyň işleri görkezilýän ençeme zallar bar. Üçünji bölegi dört gatly konsert zaly eýeleýär. Ol maslahatlar we mediýa-merkez üçin otaglary bolan Auditorium diýlip atlandyrylýar. Merkeziň töwereginde iki sany bezeg howuzlary hem-de emeli köli bolan ajaýyp gözel seýilgäh döredilipdir. Binada interaktiw maglumat berýän dürli enjamlar gurnalyp, olaryň kömegi bilen myhmanlar merkez hem-de bu ýerde geçirilýän çäreler barada maglumatlary alyp bilýärler.

Merkeziň açylyş dabarasy 2012-nji ýylyň 10-njy maýynda Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 89 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşlyk Türkmenistanyň Baştutanyna Azerbaýjanyň tebigatynyň gözelligini wasp edýän suratyň görkezilmeginden başlandy. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Geýdar Aliýewiň işlän döwründe gullugynda peýdalanan awtomobilleriň toplumy görkezildi. Muzeý döredilende Azerbaýjanyň taryhynyň, dostlukly döwletiň ajaýyp syýasy Lideriniň ömrüniň we işiniň beýan edilmegine aýratyn üns berildi.

Geýdar Aliýewiň durmuş ýoly barada foto hem-de wideoşekiller gürrüň berýär. Muzeý öz görnüşi bilen bolşy ýaly, mazmunynyň ajaýyplygy bilen hem tapawutlanýar. Bu ýerde goňşy ýurduň durmuşyndaky dürli taryhy döwürlerde bolup geçen möhüm wakalar baradaky, medeniýet, ykdysadyýet, sport ulgamyndaky maglumatlar bar. Görnükli syýasatçynyň işleriniň köp ugurlary wirtual görnüşinde muzeýiň “Suratlarda beýan edilen ömür”, “Azerbaýjanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy”, “Biziň döwletliligimiz, mirasymyz, üstünliklerimiz” atly bölümlerinde görkezilýär. Her ugur boýunça sesli maglumatlar azerbaýjan we iňlis dillerinde berilýär.

Muzeýiň bölümleriniň biri multimediýa zaly bolup, ol Geýdar Aliýewiň dürli ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryny beýan edýär. Zalda Aliýewiň harby hem-de raýat egin-eşikleri, iş stoly, dürli ýyllarda mynasyp bolan ordenleri we medallary hem görkezilýär.

Soňra Türkmenistanyň ýurduň taryhyny hem-de medeni-mirasyny beýan edýän täsin gymmatlyklar bilen tanyşdy. Gobustanyň gaýalaryň ýüzüne çekilen şekilleriň nusgalary, arheologik gazuw-agtaryşlarynyň barşynda tapylan orta asyr eýýamynyň teňňeleri, şaý-sepleri, palçykdan we misden ýasalan önümleri, Gurhanyň, Bibliýanyň hem-de Toruň gadymy nusgalary aýratyn gyzyklanma döredýär. Bu ýerde şeýle hem Azerbaýjanyň dürli welaýatlarynyň milli egin-eşiklerini, gadymy saz gurallary görmek bolýar.

Döwlet Baştutanymyz el haly işleriniň sergisi bilen tanşyp, haly dokalyşynyň aýratynlyklarynda, ussat türkmen we azerbaýjan halyçy gelin-gyzlary tarapyndan döredilen nagyşlarda we göllerde meňzeşligiň bardygyny belledi. Munuň özi iki goňşy halkyň ahlak gymmatlyklaryň we ruhy ýörelgeleriniň, medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň umumylygyndan habar berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu bolsa Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köp asyrlyk doganlyk taryhy gatnaşyklara daýanýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň Baştutany toplum bilen tanyşlygyny tamamlap, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra milli Liderimiz Baku şäheriniň Halkara howa menziline ugrady we ol ýerden Aşgabada tarap ugur aldy.

Soňra Türkmenistanyň Baştutanynyň awtoulag kerweni häzirki zaman Bakuwyň nyşanlarynyň biri bolan Geýdar Aliýew merkeziniň binasyna tarap ugrady. Belent mertebeli türkmen myhmanyny esasy girelgäniň öňünde Merkeziň ýolbaşçylary mähirli garşylady.

Binanyň meýdany 57,519 inedördül metrden ybaratdyr. Medeni merkeziň taslamasynda göni çyzyklar ulanylmady diýen ýaly. Beýikligi 74,1 metr bolan binanyň özi tolkun görnüşli belentlige ymtylýan hem-de topraga sazlaşykly utgaşýan görnüşdedir. Şeýle gurluş binagärligiň diňe bir ozalky modernizm usulyny däl, eýsem, dowamlylygy hem-de tükeniksizligi alamatlandyrýar. Binadaky çyzyklar bolsa geçmiş bilen geljegiň nyşanyny görkezýär.Toplumyň esasy reňki ak. Bu reňk taslamany düzüji tarapyndan bu ýerdäki aýratyn öwüşginleri ýüze çykarmak maksady bilen peýdalanylypdyr. Ol günüň şöhleleri ägirt uly aýnalar örtülen binanyň üstki ýüzüne düşende ýagtylanma döredýär.