Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer maliýe-ykdysady toplumyň edaralarynda we guramalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gözegçilik edýän düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça degişli maksatnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän sarp edijileriň hojalyk zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün edýän düzümleri bäsleşik esasynda saýlap almak boýunça Pudagara bäsleşik toparyny döretmek hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, maliýe, salgyt-býujet, pul-karzlaşdyrma ugurlarynda, daşary ykdysady we baha syýasatynda amala aşyrylýan özgertmeleriň wajyp ähmiýetiniň bardygyny belledi. Bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde herekete girizmek, ähli pudaklarda durnukly ösüş meýillerini saklamak, makroykdysady ýagdaýlara yzygiderli syn bermek we onda seljerme geçirmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagynyň öňde durýan möhüm wezipelerdigini belläp, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk ulgamynda özara gatnaşyklaryň netijeli we çeýe ulgamynyň işlenip taýýarlanmagynyň, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Hödürlenen Kararyň taslamasyna gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pudagara bäsleşik toparynyň işini we bu ugurda öňde durýan işleriň öz wagtynda we degişli derejede ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy barada habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, toplumyň işini döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek babatda ozal berlen tabşyryklaryň haýal durmuşa geçirilýändigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebit we gaz himiýa önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga niýetlenen, täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi wise-premýerden talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmen gawunynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hem habar berildi. Dabaralaryň çäklerinde Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bakjaçylygyny ösdürmekde ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçiriler. Ussat bakjaçylaryň hem-de seçgiçi alymlaryň arasynda geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy bolar. Döredijilik toparlary we sungat ussatlary konsert bilen çykyş ederler. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde ýurdumyzyň welaýatlarynda ösdürilip ýetişdirilýän gawunlaryň, garpyzlaryň we kädileriň naýbaşy görnüşleriniň hem-de bakja önümlerinden we dürli görnüşli miwelerden taýýarlanan önümleriň sergisi ýaýbaňlandyrylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak, bu möhüm ulgamda özgertmeleriň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmak barada ozal berlen tabşyryklaryň göwnejaý ýerine ýetirilmeýändigine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, hojalygy özgertmek, dänäniň, pagtanyň we beýleki strategiki ähmiýetli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ulgamynda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň hem-de tagallalary utgaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz golaýlaşyp gelýän pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň bu ulgamda öňde durýan wezipeleri çözmekde nobatdaky ädim boljakdygyny belläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryndan bu möhüm oba hojalyk möwsümlerine içgin taýýarlyk görmegi berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen gawunynyň baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ajaýyp tagamy bilen dünýäde şan-şöhrat gazanan türkmen gawunlarynyň halkymyzyň milli baýlygy we beýik buýsanjy bolup durýandygyny belledi. Türkmen daýhanlary ata-babalarymyzdan gelýän tejribäni häzirki zaman agrotehniki tehnologiýalary bilen utgaşdyryp, ajaýyp bakja önümlerini ýetişdirýärler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Aýdogdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada hasabat berdi.

Şeýle hem Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çäginde Senagat ministrligine degişli ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny we görnüşlerini hödürledi. Iri panelli dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 30-syny gurmak meýilleşdirilýär. Olar 16 we 32 öýli jaýlardan, alty sany iki gatly söwda dükanlaryndan we 160 orunlyk çagalar bagyndan ybarat bolar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň meseleleri barada aýtmak bilen, binagärlere we taslamaçylara, aýratyn-da, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna ygtybarlylyk, desgalaryň häsiýetli aýratynlygy we binagärlik keşbiniň özboluşlylygy babatda möhüm talaplaryň bildirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz her bir taslamanyň işlenip taýýarlanylmagyna özboluşly we döredijilikli çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunda, raýatlaryň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulmalydyr. Çünki ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady halkymyzyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň çäginde gurluşygy göz öňünde tutulýan ýaşaýyş jaý toplumy baradaky gürrüňi dowam edip, işleriň ýokary depginde we döwrebap derejede alnyp barylmalydygy babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşyk, energetika toplumlarynyň, jemagat hojalygy pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň gurluşygy alnyp barylýan desgalary öz wagtynda ulanmaga tabşyrmak we olarda ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň taslamasy boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere degişli düzümlerde alnyp barylýan işlere yzygiderli we berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy. “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk barada aýtmak bilen, milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şäheriň degişli ulgamlarynyň bökdençsiz hereketini, jemagat hojalygy gulluklarynyň utgaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerlerini tassyklap, wise-premýere bu babatda degişli taslamalary taýýarlamaga girişmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň bu düzümleriň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer söwda ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzyň telekeçiliginiň kuwwatyndan we mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmekde, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda söwda ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigini belläp, bu pudagyň işini sazlaşykly guramakda innowasion tehnologiýalary hem-de dünýäniň oňyn tejribesini ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ugurdaky işleriň has-da ilerlemegi üçin ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň hem ony netijeli işlemäge höweslendirmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, tehniki parkynyň üstüni ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin wajyp pudaklaryň biri hasaplanýan ulag ulgamynyň işini döwrüň bildirýän ýokary talaplarynyň derejesinde guramak, ulaglary netijeli ulanmak barada ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine wise-premýeriň ünsüni çekdi. Milli Liderimiz yklymyň üstaşyr ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň Ýewraziýa ugurlary boýunça gatnaşyklary üpjün etmekde ýurdumyzyň milli ulag serişdelerini bähbitli ulanmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ähli düzümlerini sazlaşykly döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtap, olaryň ýokary dünýä ülňülerine laýyk hereket etmelidigini belledi.

Türkmenistanda aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi we degişli meseleleriň çözgüdine yzygiderli üns bermegi wise-premýerden talap etdi.

Prezidentimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň hünärmenleriniň we işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, wise-premýere ýurdumyzyň hemra aragatnaşygynyň ähli ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň altynjy mejlisini 14-nji awgustda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, uzakmöhletleýin we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasyndy guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigi bellenildi.

Häzirki wagta çenli bilelikdäki hökümetara toparynyň mejlisleriniň bäşisi geçirildi. Toparyň işi ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge hem-de dürli pudaklarda hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Öňümizdäki duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ýangyç-energetika ulgamlarynda, himiýa, derman senagatynda, maýa goýum, işewür gatnaşyklar, öňdebaryjy maglumat tehnologiýalary hem-de ynsanperwer ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň ençemesi giriziler.

Möhüm sebit we halkara ähmiýetine eýe bolan Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Häzirki döwrüň ýagdaýlary babatda ulag ulgamy hem türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň we sebitiň beýleki döwletleriniň iri deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly “Demirgazyk-Günorta” transmilli ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine hem-de howa ulagy, hususan-da, ýükleri daşamak ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň geljegine garalar.

Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn ylym-bilim we medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň meseleleri özara gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşylar. Hökümetara toparynyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Hindistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyz köp ugurlar boýunça gatnaşyklaryň baý tejribesine eýedir. Dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi.

Halkara ähmiýetli energiýa geçirijisini — TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky giň möçberli taslamanyň bilelikde durmuşa geçirilmegi netijeli döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze möhüm sahypany ýazdy. Bu taslama ykdysady taýdan bähbitli bolmak hem-de durmuş ähmiýetli wajyp meseleleri çözmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine ýardam etmäge, taslama gatnaşyjy ýurtlary dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly baglanyşdyrmaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek, işewür toparlaryň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak, täze iri bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Ýurdumyz kuwwatly senagat düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirip, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini işjeň ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Bu babatda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hindistanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýdyp, hökümetara tükmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisine ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu mejlis anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilmelidir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada habar berdi. Häzirki wagtda iş toparlarynda hünärmenleriň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalary we oňyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işler dowam etdirilýär. Bu kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine parlamentiň nobatdaky maslahatynda garalar.

Ýaşulularyň maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Onuň gün tertibi boýunça teklipler öwrenilýär, guramaçylyk meseleleri bu işe jogapkär düzümleriň ählisi bilen ylalaşylyp çözülýär.

Mejlisiň deputatlary welaýatlara baryp, ýerlerde döwlet ähmiýetli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi, raýatlarymyzyň iş-aladalary bilen tanyşýarlar. Deputatlar ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hem-de saýlawçylary bilen yzygiderli aragatnaşyk saklap, durmuş meseleleriniň köpüsiniň çözülmegine ýardam edýärler hem-de dürli jemgyýetçilik çärelerine gatnaşýarlar. Kabul edilen kanunçylyk namalarynyň many-mazmuny we ähmiýeti bilen ilaty tanyşdyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň demokratik hukuk dünýewi döwleti gurmak boýunça işi üstünlikli dowam etdirmek, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň has wajyp ulgamlarynyň ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýeti, ylmy we medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, deputatlaryň ýerlerde has netijeli işlemeginiň wajypdygy bellenildi.

Milli Liderimiz Ýaşulular maslahatynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornuna ünsi çekip, forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini belläp, bu ugruň döwletleriň arasyndaky özara ynanyşmak ýagdaýyny ýola goýmaga hem-de möhüm halkara meselelerini çözmäge saldamly goşant goşmaga gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegine taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Geçirilmegi däbe öwrülen bu çäräniň degişli meýilnamasyna laýyklykda, 1-30-njy sentýabr aralygynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda okuw mekdeplerinde hem- de mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda dürli düşündiriş-wagyz häsiýetli çäreler, maslahatlar, ýörite bäsleşikler we beýlekiler geçiriler. Bu çäreler ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna, ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň – sürüjileriň hem, pyýadalaryň hem bellenen kadalary berk berjaý etmeginiň zerurdygyny düşündirmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen birlikde, wise-premýer bilim ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Häzirki wagtda 2015-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda gol çekilen Akademiki alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de hyzmatdaşlyk edilýär. Wise-premýer netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek maksady bilen, bu iki ýokary okuw mekdebiň arasynda talyplary alyş-çalyş etmek baradaky Ähtnamanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy geçirmek baradaky meselä degip geçip, däbe öwrülen bu çäräniň oňyn netijeleri berýändigini, ýurdumyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň sanynyň ep-esli azalmagyna, ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetiniň ýokarlanmagyna ýardam edendigini, munuň jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň, esasan-da ýaş nesliň arasynda düşündiriş işleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtap, degişli düzümleriň işleriniň utgaşdyrylmagyny, şeýle hem ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de tejribe alyşmagyň ýurdumyzda bilim ulgamyny toplumlaýyn özgertmek we kämilleşdirmek strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, bu ugurda geljekde hem netijeli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän daşary syýasat ugrunda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ileri tutulýan wezipe bolup durýar, şu nukdaýnazardan daşary ýurt dillerini okatmagyň we öwrenmegiň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagynyň zerurlygy artýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ähtnamanyň taslamasyny makullap, wise-premýere daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda ýapon hyzmatdaşlary bilen bilim ulgamynda netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew gözegçilik edýän medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bu möhüm waka mynasybetli türkmen halkynyň gadymy baý taryhyny we medeniýetini, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini, şol sanda milli sportuň ýeten derejesini wagyz etmäge ýardam edýän çäreleriň ençemesi taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňümizdäki dabarany diňe bir halkymyzyň köp asyrlyk döredijilik we ruhy tejribesini, özboluşly milli däp-dessurlary giňden wagyz etmek üçin däl, eýsem, Türkmenistanyň ähli täze we gyzykly zatlar üçin açykdygyny görkezmek üçin ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Aziada — 2017 mynasybetli dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny beýan etmelidir, döwletimiziň dürli ulgamlarda gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmäge ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy we wise-premýere yklymlaýyn sport ýaryşlary mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, olarda halkymyzyň bagtyýarlygy, myhmansöýerlik, ynsanperwerlik ýaly halkymyzyň asylly däpleri öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew gözegçilik edýän düzümlerinde, ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarda “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň ähli görnüşlerini alamatlandyrýan şekilleriň nusgalarynyň taýýarlanýandygy, şeýle hem Türkmenistanyň Serhet goşunlarynyň 25 ýyllygy, Serhetçiler güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp we Aziýa oýunlarynyň görnüşlerini aňladýan şekilleriň nusgalaryny umuman oňlap, wise-premýerlere gözegçilik edýän düzümlerinde Oýunlaryň görnüşlerini alamatlandyrýan şekilleri Wepaly alabaýyň keşbi ýerleşdirilip, taýýarlamagy dowam etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň asudalygynyň goragynda durýan merdana serhetçileri ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy hem-de Serhetçiler güni bilen tüýs ýürekden gutlady we özüniň gutlagyny serhetçilere ýetirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Watana we harby kasama wepaly serhetçileriň şöhratly pederlerimiziň watansöýüjilik, edermenlik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleri mynasyp dowam edýändiklerini kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary ähli harby we hukuk goraýjy edaralarynda bolşy ýaly, ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň şahsy düzümleriniň öz öňlerinde durýan möhüm wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edýändiklerini belledi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykarandygy barada habar berildi we olaryň nusgalary görkezildi.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde öňümizdäki Oýunlaryň nyşanynyň şekili ýerleşdirildi. Nyşanyň aşaky sag böleginde “Türkmenistan Aşgabat 2017” diýlen filigran ýazgysy, nyşanyň sag tarapy boýunça “5th Asian Indoor & Martial Arts Games” diýlen ýazgy şekillendirilendir. Pullaryň ýüz tarapynyň ýokarky böleginde aýlaw bilen “Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary” diýlen ýazgy, aşaky böleginde bolsa “Aşgabat 2017” diýlen ýazgy ýerleşdirildi.

Şaýy pullaryň arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilip, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw bilen “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýlen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň nominalyny görkezýän “ÝÜZ MANAT” diýlen ýazgy şekillendirilen. Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulunda Au 916,7, kümüş pulunda Ag 925), sag tarapynda agramy (altyn pulunda 39,94 gr, kümüşde 28,28 gr) görkezilen. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünen. Şaýy pullaryň diametri 38,61 mm.

Hormatly Prezidentimiz görkezilen ýadygärlik şaýy pullarynyň nusgalaryny makullap, olaryň Türkmenistanda geçiriljek sebitleýin sport ýaryşlary barada özboluşly ýadygärlik sowgady boljakdygyny belledi. Ýurdumyz Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup bu abraýly Oýunlary geçirmek hukugyna eýe boldy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna bolsa gülläp ösüş arzuw etdi.