V Aziýa oýunlary mynasybetli ýadygärlik şaýy pullary çykaryldy

Suratda: Pälwan GELDIÝEW

Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli her haýsynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy we olaryň nusgalaryny görkezdi.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem ýüz tarapynyň merkezinde öňümizdäki Oýunlaryň nyşanynyň şekili ýerleşdirildi. Nyşanyň aşaky sag böleginde „Türkmenistan Aşgabat 2017“ diýen filigran ýazgysy, nyşanyň sag tarapy boýunça «5th Asian Indoor & Martial Arts Games» diýen ýazgy şekillendirilendir. Pullaryň ýüz tarapynyň ýokarky böleginde aýlaw bilen ýazylan«ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARY» diýlen ýazgy, aşaky böleginde bolsa «Aşgabat 2017» diýen ýazgy ýerleşdirildi.

Şaýy pullaryň arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilip, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde aýlaw bilen «TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY» diýlen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň nominalyny görkezýän«ÝÜZ MANAT» diýlen ýazgy şekillendirilen. Ýazgynyň çep tarapynda şaýy puluň mähegi (altyn pulunda Au 916,7, kümüş pulunda Ag 925), sag tarapynda agramy ( altyn pulunda 39,94 gr, kümüşde 28,28 gr) görkezilen. Ýazgylar öz aralarynda sekizburçly ýyldyz görnüşindäki şekiller bilen bölünen. Şaýy pullaryň diametri 38,61 mm.