14-nji awgustda Nýu-Delide Hökümtara türkmen-hindi toparynyň mejlisi geçiriler

Şu wagta çenli Hökümetara toparynyň mejlisleriniň bäşisi geçirildi, onuň işi gazanylan ylalaşyklary we dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiligi bolan hyzmatdaşlygy iş ýüzünde durmuşa geçirmäge niýetlenendir.

Geljekki duşuşygyň gün tertibinde söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ýangyç-energetika ulgamy, himiýa we derman senagaty, maýa goýumlary, işewür gatnaşyklar, şeýle hem öňdebaryjy maglumatlar tehnologiýalary, ynsanperwer ulgamy ýaly netijeli özara hereketi mundan beýlägem ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.

Möhüm sebit we halkara ähmiýetine eýe bolanTürkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berler. Häzirki döwrüň ýagdaýlary babatda ulag ulgamy hem türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň we sebitiň beýleki döwletleriniň iri deňiz portlarynyň kuwwatyndan peýdalanmak arkaly „Demirgazyk-Günorta“ transmilli ulag-üstaşyr geçelgesiniň taslamasy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine hem-de howa ulagy, hususan-da, ýükleri daşamak ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň geljegine garalar.

Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn ylym-bilim we medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň meseleleri özara gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşylar. Hökümetara toparynyň mejlisiniň netijelri boýunça Teswirnama gol çekmek.