Türkmen dokmasynyň bäsdeşlige ukyplylygy – ýokary hil we ekologiýa derejesi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp pudakly senagaty sazlaşykly ösdürmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlarynyň, şol sanda türkmen dokma önümleriniň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak boýunça wezipeleriň çalt çözülmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistany çig mal iberýän ýurtdan taýýar önümleri köp möçberde öndürýän hem-de daşary ýurtlara iberýän döwlete öwürmek boýunça strategiki maksada ýetmekde bu pudaga aýratyn üns berilýändigini nygtaýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça giň möçberli strategiýada dokma toplumy esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ol kuwwaty önümçilik düzümine hem-de uly çig mal binýadyna eýedir.

Özüniň tebigy-howa şertleri boýunça ýurdumyz orta we inçe süýümli pagtanyň iň gymmatly görnüşlerini öndürmek üçin has oňaýly zolak bolup durýar. Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda senagatyň kemala gelip başlan döwründe ýurdumyzda öndürilýän pagtanyň bary-ýogy 3-4 göterimi gaýtadan işlenilen bolsa, häzirki wagtda onuň kuwwaty pagta arassalaýjy zawodlardan gelip gowuşýan çig malyň ýarysyndan gowragyny gaýtadan işlemäge ukyplydyr.

Innowasion tehnologiýalara esaslanan önümçiligi guramakda arassa pagta süýümi gymmatly çig mal bolmak bilen, daşary ýurtlara iberilýän iň amatly harytlaryň birine öwrülýär. Çünki, arassa çig maldan öndürilýän egin-eşiklere we beýleki köp görnüşli önümlere dünýäde isleg barha artýar. Pagta dokma çig malynyň ýetmezçiliginiň öwezini dolmak bilen çäklenmän, belli bir görkezijiler babatda ýüňden we zygyrdan ýokarda durýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda täze ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň gurluşygyna uly möçberdäki maýa serişdeleriniň goýulmagy netijesinde giň möçberli içerki bazara önümleriň dürli görnüşleriniň iberilmegini ýola goýmak mümkinçiligi döredi. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleri yzygiderli artdyrylyp, olar daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň harytlary bilen mynasyp bäsleşýärler.

Dokma ulgamy boýunça birnäçe iri senagat düzümleriniň “çig mal—taýýar önümler” ýörelgesiniň çäklerinde işlemegi bu usulyň has netijelidigini görkezdi. Özleriniň mümkinçilikleri boýunça täsin bolan, Merkezi Aziýa sebitinde iri kärhanalar hasaplanylýan Ruhabadyň dokma toplumy we Aşgabadyň dokma toplumy munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu kärhanalar eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürmek bilen ýurdumyzyň içerki bazarlaryny hem bu önümler bilen doly üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde şol kärhanalaryň birinjisinde ilat arasynda uly islegden peýdalanýan emeli ýüpekden taýýarlanylan ýokary hilli we dürli görnüşli ştapel matalarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle hem täze gabardin, kanwas, dürli geýimleriň tikinçiligi üçin laýkr goşulan gabardin önümçiligi ýola goýuldy. Şu matalardan Jinsi toplumynda “Bedew” milli nyşanly ýokary hilli erkek kişileriň jalbarlarynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Paýtagtymyzdaky ägirt uly kärhanada ýokary hilli nah matadan hem-de tüýjümek matadan öýde ulanylýan dokma önümlerini öndürmek boýunça täze senagat ulgamy açyldy.

Täze dokma önüminiň çykarylyp başlanmagy ýurdumyzyň dokma senagatynyň tikin we trikotaž ulgamlarynyň ösmegine, içerki bazary owadan hem-de ýokary hilli önümler bilen doldurmaga kuwwatly itergi berdi. Munuň özi bolsa, öz nobatynda, “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgili önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini we görnüşlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Aşgabadyň “Ahal”, Daşogzuň “Çeper”, Marynyň “Ýeňiş”, şeýle hem Türkmenabadyň tikin fabrigi ýaly ýurdumyzyň iri tikin kärhanalarynyň düýpli durky täzelendi we döwrebaplaşdyryldy, olarda tikin we trikotaž önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini artdyrmaga, şol sanda dürli edaralar üçin ýörite eşikleri, sport lybaslaryny öndürmegiň hasabyna artdyrmaga mümkinçilik döredi.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini ýola goýmak baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi pudagyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly ösmeginiň möhüm şertidir. Onda täze senagat önümçilikleriniň döredilmegi ýa-da öňden bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Bu wezipäniň oňyn çözülmegi ýokary hilli hem-de elýeterli bahadan öz harytlarymyzyň giň görnüşleriniň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi.

2016-njy ýylda paýtagtymyzdaky nah-mata toplumynda ýyllyk kuwwaty 2 million 500 müň jübüt jorap öndürmäge niýetlenen seh ulanmaga berildi. Jorap önümçiliginiň ösdürilmegi ilatymyzy zerur bolan harytlar bilen üpjün etmek wezipeleri bilen şertlendirilendir. Şu önümleriň köp görnüşleriniň önümçiliginde ýurdumyzyň tebigy-howa şertleri göz öňünde tutuldy.

Mundan başga-da, Aşgabadyň Modalar öýüniň binýadynda ýylda 23 müň örme önümleri, zenanlar üçin niýetlenen milli nagyşly donlary öndürýän trikotaž bölümi açyldy. Önümleriň bu görnüşiniň döwrebap nusgalary ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylýar. Ilatymyzyň isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin şeýle önümçiligi ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň birnäçesiniň binýadynda ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Häzirki döwürde desgalaryň 70-e golaýyny – iri toplumlary, pagta egriji, dokma, tikin-trikotaž we ýüpek kärhanalaryny özüne birleşdirýän pudagyň döwrebap önümçilik binýady ýylda 118 müň tonna nah ýüplügi, matalaryň 178 million inedördül metrini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Munuň özi içerki sarp edijileriň isleglerinden has ýokarydyr. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterimi eksporta ugradylýar. Ol önümler ekologiýa taýdan arassalygy, tehnologik hili we göze gelüwliligi bilen daşary ýurt sarp edijilerini özüne çekýär. Olaryň esasy böleginiň öý hojalygynda ulanylýan, bütindünýä belli IKEA, Lidl, River, Island we beýleki kompaniýalary tarapyndan öndürilýän önümlerdigini bellemek zerurdyr.

Ýurdumyzda öň öndürilmedik önümleri çykarmaga gönükdirilen senagat önümçilikleri pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmak maksatlaryna hyzmat edýär. Mysal üçin, 2016-njy ýylda Aşgabadyň dokma toplumynyň binýadynda ýylda 5 müň tonna regenirlenen süýüm bolan dokma galyndylaryny gaýtadan işleýän zawod işe girizildi. Kärhananyň taslama kuwwaty ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň ählisinde emele gelýän önümçilik galyndylarynyň umumy möçberi bilen şertlendirilendir. Galyndylary gaýtadan işleýän bu täze önümçilik ulgamy Türkmenistanda ilkinji gezek ornaşdyrylyp, ýakyn wagtda dünýäniň ençeme ýurtlarynda, şol sanda Türkiýede, Hytaýda we beýleki döwletlerde uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Kakanyň “Serdar” pagta egriji fabriginde çykarylýan işilen ýüplük hem daşary ýurtlaryň bazarynda uly islegden peýdalanýar. Bu kärhanada ýylda 1 müň 300 tonna işilen ýüplük öndürýän seh açyldy. Bu ýüplük tüýjümek we trikotaž matalary, köýnekleri tikmek üçin ulanylýan matalary taýýarlamak üçin niýetlenendir. Bu matalardan taýýar önümleriň köp görnüşleri – inçe süýümli pagtadan ýorgan-düşekler, trikotaž sport lybaslary, köýnekler, çagalaryň lybaslary, erkekler üçin niýetlenen köýnekler we beýleki önümler öndürilýär.

Türkmen halkynyň medeni mirasynyň ajaýyp däpleriniň biri bolan ýüpekçilik dokma senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda öndürilýän piläniň möçberlerini artdyrmak, gaýtadan işleýän kärhanalary gymmatly çig mal bilen doly üpjün etmek, ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, matalaryň dürli görnüşlerini we olardan taýýarlanylýan önümleri çykarmak boýunça görülýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu maksat bilen tut ekilen meýdanlary giňeltmek, önüm öndürýän daýhanlary ýokary hilli ýüpek gurçugynyň tohumy we pile ýetişdirmegiň netijeli tehnologiýalary bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Geçen ýyl Lebabyň “Welaýatýüpek” birleşigine degişli kärhananyň binýadynda Türkmenabadyň ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän zawody işe girizildi. Doly önümçilik kuwwatyna çykanyndan soň, kärhanada ýylda ýurdumyzyň howa şertlerine has uýgunlaşan ýüpek gurçuklarynyň naýbaşy tohumlarynyň 700 kilogramdan gowragy taýýarlanylar.

Dokma işewürliginiň häzirki zaman dünýäsinde pileden taýýarlanylýan ýüpek çig maly türkmen eksportunyň möhüm ugruny düzýär. Daşary ýurtlaryň galantereýa önümlerini, lukmançylykda, awiasion we goranyş senagatynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda ulanylýan tehniki dokma önümlerini öndürýän kompaniýalaryndan ýokary hilli ýüpek süýümini eksport etmek boýunça möhüm teklipler gelip gowuşýar.

Häzirki wagtda doly durky täzelenen hem-de awtomatiki enjamlar bilen üpjün edilen Aşgabadyň ýüpekçilik fabrigi hem-de Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi sarp edijileriň buýurmalary boýunça islendik görnüşdäki ýüpek ýüplükleri öndürýärler. Bu önümler iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Paýtagtymyzdaky kärhananyň ýyllyk kuwwaty matalary öndürmekde ulanylýan ýüpek sapaklaryň 79 tonnadan gowragyny öndürmäge barabardyr. Ýurdumyzda pudagy döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek üçin görülýän çäreleri nazara almak bilen, onuň kuwwatyny has-da artdyrmak bolar.

Ýüpek süýüminden başga-da, fabrikde ajaýyp ýüpek halylary, keteni matalary we gyňaçlary öndürilýär. Bu önümler daşary ýurtly sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar.

Türkmenabadyň ýüpek birleşigi arassa ýüpekden matalaryň we tikin önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmak bilen, möhüm buýurmalary ýerine ýetirmek – türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan “baýdak” matasyndan Döwlet baýdaklaryny taýýarlamak bilen meşgullanýar.

Ýüpek süýümi Ruhabadyň panbarhat matasyny öndürýän fabriginiň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Bu owadan mata bütin dünýäde zenanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Kärhanada ýüpek çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemekden başlap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli ahyrky önümleri öndürmäge çenli doly önümçilik ulgamy takyk ýola goýuldy.

Häzirki döwürde ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleriniň diňe bir ýurdumyzyň dokma pudagynyň dokma we tikinçilik ulgamlarynda däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem uly isleg döredýändigi has äşgär ýüze çykýar. Dürli reňkli we köp öwüşginli ýüpek ýüplüklerine hem-de sapaklaryna islegleriň ep-esli artmagy hususy kärhanalarda elde dokalýan halylaryň, soňky ýyllarda okgunly ösýän amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, mysal üçin, milli nagyşlaryň we keşdeleriň öndürilmegi bilen şertlendirilendir.

Dokma pudagynyň kärhanalarynyň işiniň esasy ugry ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde lybaslary taýýarlamak bolup durýar. Sport baradaky döwlet komiteti bilen alnyp barylýan gatnaşyklar bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Onuň çäklerinde türkmen türgenleriniň iri milli we halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin degişli nyşanlary we milli aýratynlyklary bolan gelşikli geýimleri taýýarlamak baradaky ýörite buýurmalar ýerine ýetirilýär.

Ägirt uly “Aşgabat 2017” taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde giň möçberli işler geçirildi. Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek, sport döwleti hökmünde ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrmak maksady bilen pudagyň kärhanalary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bolan lybaslar we degişli serişdeler, sportuň dürli görnüşleri üçin milli lybaslaryň toplumlary taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan, Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary üçin baýramçylyk lybaslarda, milli ýygyndy toparlarymyz, meýletin ýardamçylar we degişli işgärler üçin ýurdumyzda taýýarlanylýan lybaslarda milli bezeg aýratynlyklary bilen häzirki zaman ýörelgeleri utgaşdyrylýar.

Sport lybaslary taýýarlanylanda, ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we oňaýly matalaryň ulanylmagy esasy talap bolmagynda galýar. Bu önümler Ruhabadyň dokma toplumynda çykarylýan nah we garyşyk matalardan, Gypjagyň, Gökdepäniň dokma toplumlarynda, paýtagtymyzyň “Aşgabatdokma” we “Türkmenbaşydokma”, Jins toplumlarynda, şeýle hem “Ahal”, “Bahar”, “Bezeg” tikin fabriklerinde degişli nyşanlar bilen lybaslaryň taýýarlanylýandygyny bellemeli.

Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanylyp her ýyl geçirilýän Halkara sergi Dokma senagatynyň gazanýan üstünliklerini görkezýär. Forum dokma önümlerini öndürýän we iň täze tehnologiýalary hödürleýän dünýäniň esasy kompaniýalarynyň we firmalarynyň ünsüni özüne çekýär. Olar türkmen dokmaçylary bilen işjeň hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge çalyşýarlar.

Ýurdumyzyň dokma önümçilikleri üçin bu ulgamda öňdebaryjy hasaplanylýan “Trutschler”, “Sсhlafhorst”, “Zinser” (Germaniýa), “Marzoli”, “Vamatex” (Italiýa), “Picanol” (Belgiýa), “Uster”, “Sulzer”, “Benninger” (Şweýsariýa), “Tsudakoma”, “Juki” (Ýaponiýa) kompaniýalarynyň we beýlekileriň ýokary tehnologiýaly iň täze enjamlaryny getirmek boýunça işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň aýdyň netijeleri bolup durýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä, täze tehnologiýalar, täze ykdysady gatnaşyklar, öňdebaryjy tejribe üçin açykdyr. Halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyjy hem-de iri dokma önümlerini öndüriji hökmünde ýurdumyz özüniň toplan tejribesini, köp pudakly milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardyr.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan senagaty önümçilik we tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak maksatnamalaryny işläp taýýarlamak, özümiziň tebigy serişdelerimiziň esasynda ylym bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Täze senagat kärhanalarynyň döredilýän düzümi biziň önümlerimiziň daşarky bazarlarda ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir hem-de Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna girmegine mümkinçilik berer.