“Huawei” kompaniýasy oýunlaryň resmi hemaýatkärleriniň hataryny artdyrdy

Telekommunikasiýa we habarlar ulgamynda Hytaýyň “Huawei Tech. Investment Co., Limited” öňdebaryjy kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. Bu barada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitet yglan etdi.

“Huawei Tech. Investment Co., Limited” kompaniýasy dünýäde telekommunikasiýa tehnologiýalaryny esasy iberijidir. Kompaniýa özüniň innowasion işläp taýýarlamalarynyň netijesinde müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmakdan hem-de ösen hyzmatdaşlyk ulgamyny peýdalanmakdan ugur alýar.

Mundan başga-da, “Huawei” Türkmenistanda 15 ýyldan gowrak wagt bäri üstünlikli işleýär hem-de ýurdumyzda Bütindünýä göreş federasiýasynyň, Türkmenistanyň göreş federasiýasynyň we Türkmenistanyň milli guşakly göreş federasiýasynyň resmi wekili hökmünde sporty ösdürmäge işjeň gatnaşýar.

Öňümizde bojak uly wakada kompaniýanyň esasy orny “Aşgabat 2017” oýunlarynyň guramaçylygyna jogap berýän ähli gulluklaryň wekilleriniň bildirilýän talaplara laýyk işlemegi üçin zerur bolan aragatnaşygyň ykjam enjamlary bilen iň ýokary derejede üpjün etmekden ybaratdyr.

Kompaniýanyň Türkmenistandaky baş menejeri Wang Kiniň belleýşi ýaly, “Aşgabat 2017” Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynda möhüm sahypadyr. Oýunlaryň dostlugyň, raýdaşlygyň we ylhamyň nusgasy boljakdygyna hiç hili şübhe ýok.