Türkmenistanyň Mejlisi Özbegistan Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklady

“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Şertnama tassyklanyldy.