«Aşgabat 2017» oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli dabaralar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bir hepde galdy. Munuň özi Türkmenistana gyzyklanma bildirýän myhmanlaryň we janköýerleriň müňlerçesini özüne çekýär, şeýle hem şeýle derejedäki halkara wakalary beýan edýän dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni paýtagtymyza gönükdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän giň möçberli çäreler diňe bir ýerli däl, eýsem, daşary ýurtlaryň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň seslenme döredýär. Myhmanlaryň we türgenleriň müňlerçesini kabul etmek üçin türkmen paýtagtynyň merkezinde ýörite gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjigi daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Halkara sport metbugaty assosiasiýasynyň belleýşi ýaly, “Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary geçiriljek Aşgabat şäherindäki täze Olimpiýa stadiony türkmen sporty üçin möhüm miras bolup durýan sport toplumynyň merkezindäki haýran galdyryjy täsin desgadyr...”.

Türgenler we tomaşaçylar üçin amatly bolar ýaly, Olimpiýa şäherjiginde zerur bolan düzümleriň ählisi, şol sanda durmuş, medeni we söwda merkezleri, myhmanhanalar, restoranlar, kafeler, dükanlar, durmuş hyzmatlary we awtoulag duralgalary, şeýle hem monorels bolar.

Meşhur onlaýn-neşirleriniň birnäçesi Olimpiýa şäherjiginiň ýerleşýän ýeriniň örän amatlylygyny belleýär. Onuň golaýynda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi – Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Medeniýet instituty, Milli sport we syýahatçylyk instituty we beýlekiler ýerleşýär. Bu ýokary okuw mekdepleri “Aşgabat 2017” oýunlary üçin gurlan döwrebap we täze sport desgalaryny netijeli ulanarlar.

V Aziada gatnaşjak sport bileleşiginiň wekilleri hem taýýarlyk işlerine hem-de öňümizdäki waka üçin döredilen şertlere ýokary baha berýärler. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň resmi saýtyna laýyklykda, “Aşgabat 2017” hakykatdan hem haýran galdyryjy görkezijilerine, oňa çekilen işgärleriň örän köpdügine, gaýtalanmajak tehniki üstünliklere we kämil düzüme, iýmitlenmek meseleleriniň ýokary derejede guralmagyna, şeýle hem Aziýadan we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek üçin beýleki köpsanly amatlyklara buýsanyp biler”.

“Türkmenistan sport döwleti hökmündäki abraýyny barha artdyrýar. 17-27-nji sentýabr aralygynda ýurt Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin tutuş Aziýadan hem-de Okeaniýadan meşhur türgenleri hem-de tomaşaçylary garşylar diýip, South China Morning Post habar berýär. Şunda neşir: “Oýunlaryň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygary halkyň gymmatlyklaryny şöhlelendirýär hem-de sportuň we Olimpiýa hereketiniň halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýändigi baradaky ynamy tassyklaýar. Aşgabat 2017 oýunlary adamlary sport bilen meşgullanmaga we ýaryşlara gatnaşýan ähli ýurtlaryň wekillerini Türkmenistanda dostluk ruhunda garşylamaga ruhlandyrmaga ýardam etmelidir” diýip nygtaýar.

Milli Olimpiýa komitetleriniň 65-siniň türgenleri we wekilleri, şeýle hem köpsanly myhmanlar hem-de janköýerler sport forumyna taýýarlygyň barşyny içgin synlaýarlar. Açylyş dabarasynyň barha golaýlaşdygyça, taýýarlyk işleri has-da özüne çekiji häsiýete eýe bolýar.

“Aziýanyň we Okeaniýa ýurtlarynyň Muaýtaý Federasiýasy häzirden oýunlaryň açylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar, kabul edýän tarap, ýagny Türkmenistanyň Muaýtaý Federasiýasy Aşgabatdaky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň türkmen sporty üçin uly üstünlige eýe boljakdygyna göz ýetirmek maksady bilen, IFMA-nyň iri ýaryşlarynyň ählisine gatnaşyp, oýunlara taýýarlygyň işjeň tapgyryna gadam basdy” diýip, Halkara höwesjeňler Muaýtaý Federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Aziadanyň öňýanyndaky wakalar hem halkara bileleşiginde uly gyzyklanma döretdi. 7-nji sentýabrda Mary welaýatynda “Galkynyş” gaz ojagynda Olimpiýa alawyny ýakmak boýunça geçirilen resmi dabaranyň giňden beýan edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şol wakadan bir hepde öň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri köpsanly habarlary ýaýratdylar. Olar geçiriljek dabara barada gürrüň berdiler. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawynyň ýakylan ýeri – bütin dünýäde meşhur bolan ägirt uly “Galkynyş” gaz ojagy daşary ýurtly habarçylaryň aýratyn ünsüni çekdi.

“Gadymy Marguş topragynda Aziada-2017-niň alawy ýakyldy”, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna 10 gün galmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi”, “Türkmenistanyň Prezidenti “Aşgabat 2017” oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenlere ak pata berdi”, “Aşgabatdaky bedewiň şekili hem-de ägirt uly suwda ýüzülýän howuz Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi” – günüň dowamynda dürli habar beriş serişdeleriniň sözbaşylary şeýle atlandyryldy.

“Ýaýdan atylan peýkam asmanda okgunly uçyp barşyna nur saçyp duran günüň şöhleleri onuň ujynda uçgun döredýär hem-de asmandan ýere inip, ak öýüň ortasyndaky ojar odunly ojaga düşýär we ojakdaky ojar tutaşyp, ataş ýanyp başlaýar....

Özünde milli taryhy öý ojagyna hormat goýmak däbini hem-de döwrebaplylygy birleşdiren şeýle owadan meňzetmede ony gurnaýjylar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasyny gurnadylar” diýip, “Orient” saýtynyň habarçysy bu wakany beýan edýär.

SNG Today täzelikler portaly tarapyndan neşir edilen fotoreportaž okyja däp-dessurlardan we özboluşly nyşanlardan doly bolan resmi dabaranyň tutuş gözelligini aýdyň görkezýär.

“Köp halklarda bolşy ýaly, türkmenlerde hem öý ojagynyň alawy mukaddes hasaplanylýar. Aziýa ounlarynyň alawynyň müň ýyllyklar mundan ozal dünýä siwilizasiýasynyň merkezleriniň biriniň gülläp ösen ýeri bolan gadymy Marguş topragynda ýakylmagynyň özboluşly manysy bardyr...” diýip, habarlar portalynyň öz habarçysy belleýär.

Türkmeistanyň ähli welaýatlarynda guralan dabaralar, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan geçirilen “Aşgabat 2017” oýunlary döwründe peýdalanyljak BMW kysymly awtoulaglaryň sergisi elektron neşiriniň habarçylarynyň ünsüni çekdi.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna 10 günüň galmagy mynasybetli dabaralara “Trend” halkara habarlar agentligi hem uly üns berdi. Ol hronologik tertipde hem-de 7-nji sentýabrdaky çäreleriň barşyny giňişleýin beýan edýän görnüşde reportaž taýýarlady. Bu abraýly neşiriň synçylary Türkmenistanyň örän gysga döwrüň içinde dünýäde iri sport ýaryşlaryny geçirmek üçin mümkinçiliklere eýe bolan sport döwletine öwrülendigini belleýärler.

“Interfaks-Azerbaýjan” habarlar agentligi 7-nji sentýabrda türkmen Liderine paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnamalaryň gowşurylandygy barada habar ýaýratdy. Habarda Aşgabadyň binagärlik ajaýyplygy bolan Olimpiýa stadionyndaky ahadteke bedewiniň çeper keşbi hem-de dünýäde üsti ýapyk suwda ýüzüş howuzly iň uly suw sport toplumy jikme-jik beýan edilýär.

Öňde boljak “Aşgabat 2017” oýunlary spogrt dünýäsinde ajaýyp wakadyr, çünki bu Aziadanyň çäklerinde Okeaniýa ýurtlarynyň wekilleri ilkinji gezek gatnaşarlar. Türkmenistanyň taryhy we medeni baýlygy çäreleri guraýjylara bu täsinliligi we Aziýa oýunlarynyň taryhy ähmiýetliligini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.

“Oýunlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde 2016-njy ýylyň maýynda UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän gadymy Nusaý galasynda 500 günlük atly ýöriş başlandy. At üstünde uzak aralyga bu özbolşly ýöriş Türkmenistanyň ajaýyp däp-dessurlaryna we medeni mirasyna hormat goýmagyň usuly bolup durýar” diýip, South China Morning Post habar berýär.

Baýramçylyk dabarasyna beýan eden ençeme neşirler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdan teleköpri arkaly dabara gatnaşyjylara aýdan sözlerini mysal getirdiler.

Ria Nowosti “Ot bolçulygyň we abadançylygyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, biz ýakyn geljekde diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebitiň halklary üçin hem rysgal-bereket getirjek dünýäde iň uly “Galkynyş” gaz ojagyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýakmagy makul bildik” diýip, Türkmenistanyň Baştutanynyň aýdan sözlerini getirýär.

“500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylaryň öňünde soňky tapgyry geçmek—10 günde oýunlaryň alawyny 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginiň merkezi stadionynda geçiriljek açylyş dabarasyna eltmek galýar” diýip, agentlik sözüni dowam edýär.

Oýunlar Watanymyz üçin türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň hakyky ruhuny görkezmäge ýene-de bir mümkinçilikdir. UNESKO-nyň pikirine görä, Aziadanyň Aşgabatda geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň öňe ilerledilmegine hem-de Durnukly Ösüş Maksatlarynyň birnäçesine üstünlikli ýetilmegine ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda umuman sporty ösdürmäge hem-de, hususan-da, V Aziýa oýunlaryna berýän uly ünsi, düýpli taýýarlyk görmek we ýurdumyzyň ilatynyň ruhubelentligi, şeýle hem türkmen halkymyzyň myhmansöýerligi we ahlaklylygy öňde boljak “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üstünlige beslenjekdigine sähelçe-de, güman goýmazlyga mümkinçilik berýär.

Oýunlaryň alawynyň teatrlaşdyrylan görnüşde ýakylmagynyň hem-de dabaralaryň halkymyz üçin geljegi uly bolan “Galkynyş”gaz ojagynda geçirilmeginiň şahyrana ähmiýetini nygtap, žurnalistler:

“Aşgabat Aziadasynyň mukaddes alawy, ýoluň ak bolsun!” diýip, ak pata berýärler.