Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlanýar

8-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň yzygiderli goralmagy Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, terrorçylyga garşy göreşmekde hyzmatdaşlar bilen tagallalary birleşdirmäge aýratyn üns bermek teklip edilýär. Hususan-da, ýurdumyz Merkezi Aziýada BMG-niň terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça “Merkezi Aziýa—Birleşen Milletler Guramasy ýokary derejeli gepleşigiň” netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasyny amala aşyrmak maksady bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegi maksadalaýyk hasaplaýar.

Mundan başga-da, Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasyna möhüm orun berýär hem-de Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işine uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Baş Assambleýanyň 72-nji maslahatynyň çäklerinde ýurdumyz howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek işinde derwaýys meseleleri çözmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny goldamak üçin Kararnamany işläp taýýarlamak we kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip eder.

Esasy teklipleriň hatarynda häzirki zaman dünýäsiniň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ählumumy kiber-howpsuzlygy üpjün etmekde dünýä jemgyýetçiliginiň işleriniň işjeňleşdirilmegi agzaldy. Onuň ösdürilmegi maglumat-tehnologiýalar ulgamyndaky örän uly üstünlikler bilen bilelikde alnyp barylýar.

Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagyň bähbitlerinde hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak döwletimiziň halkara derejesinde alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlary bolar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy bilen Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň bu maksatlary netijeli durmuşa geçirmek üçin ylmy-usulyýet binýadyny döretmekde esasy orun eýelejekdigini aýratyn bellemek gerek.

Durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde sportuň ähmiýetini belläp, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynyň resminamasy hökmünde çap edilen “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jarnamasyna esaslanyp, ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda bedenterbiýä we sporta jogap berýän ministrleriň hem-de ýolbaşçy işgärleriň ýedinji halkara maslahatynyň geçirilmegini teklip eder.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak maslahatynyň barşynda Türkmenistan öz daşary syýasat işiniň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini kesgitledi. Şu maksat bilen, energetikany hem-de ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek meselelerine uly orun berler. Döwletimiz Türkmenistanyň başlangyjy bilen dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen täze halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge hem-de öňden bar bolan geçelgeleriň ulanylmagyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen çözgütleriň durmuşa geçirilmegini dowam eder.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy 2016-njy ýylyň noýabr aýynda BMG-niň ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilen Aşgabat Beýannamasynyň ähmiýetini belläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda Türkmenistanyň “Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary ösdürmek” atly Kararnamasyny taýýarlamagyň mümkinçiligine seretmegi teklip etjekdigini habar berdi.

Öňde boljak maslahatyň çäklerinde Türkmenistan energiýa çeşmelerini hem-de energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin guramaçylyk, hukuk, ykdysady, tehniki we beýleki zerur şertleri döretmek işine gatnaşar.

Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna işjeň goldaw bermek ýurdumyzyň daşary syýasy ugrunyň esasy aýratynlygydyr. Döwletimiz Baş Assambleýanyň nobatdaky maslahatynyň barşynda, şeýle hem daşky gurşawy goramagyň, suw serişdelerini dolandyrmagyň, tebigy hem-de tehnogen betbagtçylyklaryň öňüni almagyň we olaryň täsirini peseltmegiň möhüm meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalaryna işjeň gatnaşar.

Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynda başlyklyk etmegini nazara alyp, 2018-nji ýylda ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Daşky Gurşaw baradaky Maksatnamasy (UNEP), Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi ýaly ýöriteleşdirilen halkara düzümleriň gatnaşmagynda Halkara Gaznasyny dörediji döwletleriň Baştutanlarynyň sammitini geçirmek teklip edilýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleýin bölümleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň strategiki häsiýetini kanagatlanma bilen nygtap, “Biz Milletler Bileleşiginiň öňde boljak forumyna häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamak we berkitmek işinde BMG-niň öňdäki ornuny ykrar etmek, 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda gün tertibinde kesgitlenilen wezipeleri hem-de maksatlary üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmek işinde ähmiýetli tapgyr hökmünde garaýarys” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň forumyň işine gatnaşmagyna taýýarlyk görmek meselelerine ýokary jogapkärçilikli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň düzümini tassyklady hem-de wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.