Pagtany gaýtadan işleýän kärhanalaryň iş öndürijiligi artýar

Daşoguz welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalary täze haşyly gaýtadan işlemäge girişdiler. Ýörüteleşdirilen kärhanalarda ýygym mwsümi başlamazdan öň taýýarlyk işleri geçirildi, önümçilik sehleri we enjamlar abatlanyldy. Sebitde ýetişdirilen pagta şu ýerde hem gaýtadan işleniler. Has iri önümçilikler Görogly we Könürgenç etraplarynda ýerleşýär, ol ýerde birnäçe ýyl mundan ozal kuwwatlylygy ýylda 40 müň tonna önüm bolan ýörüteleşdirilen täze döwrebap kärhana işe girizildi.

Şu möwsümde Akdepe etrabyndaky zawodda hem pagtany gaýtadan işlemegiň hili has gowulanar, bu ýerde geçen ýylyň ahyrynda Ýewropanyň ýokary öndürijilikli enjamlary bilen üpjün edilen täze düzüm guruldy. Ozal şeýle bölüm Görogly etrabyndaky pagta arassalaýjy zawodda-da gurlupdy.

Daşoguz welaýaty iri pagta öndüriji sebitleriň biridir. Bu ýerde 140 müň gektar ýerden 230 müň tonna „ak altyn“ ýygnamak göz öňünde tutulýar. Bellenilen borçnamalar we geljekki wezipeler netijesinde pagtany öndürmegiň we gaýtadan işlemegiň gutarnykly tapgyryny döretmek zerurlygy ýüze çykdy. Şonuň üçinem döwlet maýa goýumlarynyň hasabyna pagta arassalaýjy kärhanalary häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça işler bilen bir hatarda, Daşoguzda we Könürgenç etrabynda dünýä bazarlarynda islegli Ring görnüşli ýüplük öndürýän pagta egriji döwrebap fabrikler hem guruldy.