Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabat Aziadasynyň açylyş dabarasynyň şowhunyna ýokary baha berýärler

“Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşy boldy”. Şanly waka baradaky bu habary dürli ýurtlaryň, ozaly bilen bolsa Aziýa sebitiniň köpsanly täzelikler hem-de sport elektron neşirleri, habarlar agentlikleri, tele we radio ýaýlymlary ýyldyrym çaltlygynda bütin dünýä ýaýratdylar.

Şu ýerde bu mowzukdaky köpsanly makalalaryň, owadan fotosuratlaryň, wideo reportažlaryň awtorlarynyň, Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň habarçylarynyň birnäçe ýyllaryň dowamynda bu iri sport ýaryşlaryna taýýarlygyň barşyny jikme-jik beýan edendiklerini, häzirki wagtda bolsa “Aşgabat 2017”-niň oýunlary boýunça ähli täzelikleri üns bilen yzarlaýandyklaryny belläp geçmek gerek.

Ýapyk binalarda we söweş sungay boýunça V Aziýa oýunlarynyň dabaraly açylyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Häzirki zaman dünýäsinde sport halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi bolmalydyr. Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge saldamly goşant goşmalydyr.Türgenler parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlygy we başarnygy bilen ak ýürekli bäsleşikde Olimpiýa hereketiniň belent ýörelgelerini dabaralandyrýarlar. Ýaşlarda işjeň, döredijilikli durmuş garaýyşlaryny, beýleki halklara dostlugy we hormat goýmagy kemala getirmekde görelde bolýarlar” diýip aýdan sözleri şu günlerde daşary ýurtlaryň metbigat we elektron neşirlerinde ýerleşdirilen ähli habarlara aýratyn öwüşgin berdiler.

Umumy pikire görä, Türkmenistan Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara olimpiýa hereketini ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Aşgabada Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugynyň berilmegi durmuşyň dürli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýan ýurdumyzyň halkara abraýynyň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň bu çözgidi kabul etmeginde bedenterbiýäniň we sportuň ösmegine örän uly üns berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Habar beriş serişdeleriniň köpüsi öz teswirnamalarynda bu ägirt uly sport baýramyna gatnaşyjylaryň- birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, görnükli daşary ýurt işgärleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we hormatly myhmanlaryň sözlerini ýerleşdiripdirler. Şol sözlerde halkara hyzmatdaşlygyny, jebisligi, sporty hem-de ylalaşdyryjyyk işini berkitmage gönükdirilen Aziada-2017-niň ähmiýeti nygtalýär.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah öz sözünde bu oýunlara taýýarlyk görmegiň her bir tapgyryna ýolbaşçylyk eden Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde, Aşgabatda dünýä derejeli sport desgalary guruldy hem-de ähli türgenler üçin has oňaýly şertler üpjün edildi diýdi we bu asylly işi hem-de şeýle jogapkärli işe wepalylygy üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen Lideri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarda Ermenistan Resbublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohamad Aşraf Ganiniň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodonyň, Pakistan Yslam Resbublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedowyň bitaraplyk derejesini durmuşa geçirmek bilen parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetli goňşyçylygy pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyna ýokary baha berendiklerini ýatlalyň.

Türkmen Lideriniň netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmekde uly hyzmatlarynyň ykrar edilmesi hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Moldowanyň ýokary döwlet sylagy-“Resbublika ordeni”, hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Duslyk” ordeni gowşuryldy.

Myhmanlarynyň biragyzdan gelen pikirlerine görä, oýunlar, Türkmenistanyň Baştutanynyň sport ulgamyndaky strategiýasy hakyky miweleri getirýär: häzirki wagtda dünýade ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilýän Aşgabady iri sport merkezine öwürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Daşary ýurt metbugatynyň teswirleýşi ýaly, munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýer eýeleri hökmünde ilkinji gezek orta çykýan Türkmenistan üçin şeýle uly möçberdäki ilkinji sport wakasydyr. Bu ýaryşlaryň taryhynda ilkinji gezek Aziýa yklymynyň wekiliýetleriniň ýany bilen Okeaniýa döwletleriniň hem 19-synyň türgenleri gatnaşýarlar. Jemläp aýdanymyzda, bäş müňden gowrak türgenleri öz içine alýan 65 topar sportyň 21 görnüşi boýunça güýç synanyşar.

“Munuň özi Türkmenistanda geçirilýän iň bir abraýly bäsleşikdir. Aziýa ýurtlary bu oýunlary eýýäm bäşinji gezek geçirýärler. Türkmenistan olary geçirmek hukugyny ilkinji gezek aldy” diýip, “Mir-24” döwletara teleradiokompaniýasynyň habarçysy wakalaryň jümmüşinden habar berýär. Şol bir wagtda eýýäm oýunlaryň resmi açylyşy bolmanka birnäçe rekordlaryň goýlandygy bellenilýär. Bu ýerde bolup geçýän wakalary müňe golaý žurnalistler beýan edýärler, myhmanlara sekiz müňden gowrak meýletinçiler kömek berýärler. Gündogaryň başa-baş göreşi we atçylyk sporty iň bir özüne çekiji ýaryşlar bolar.

“Döwlet bu abraýly sport ýaryşlaryna birnäçe ýyllap taýýarlandy. Oýunlaryň dabaraly açylyşy edil täzelenen Aşgabat ýaly haýran galdyrdy” diýip, Russiýanyň “WESTI.RU” Internet-ýaýlymy öz nobatynda habar berýär.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ählisi diýen ýaly, Aziadany geçirmäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen ägirt uly işler, oýunlaryň örän ýokary guramaçylyk derejesi barada aýtmak bilen, şol sanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň Ukrainanyň we beýleki ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri oýunlaryň ýokary derejede geçirilýändigini belleýärler. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda bina edilen Olimpiýa şäherjiginiň bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna golaýdyr, bu barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Аziadanyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda aýtdy. Şäherjigiň çäklerinde 40-a golaý desga, şol sanda suwda ýüzmek hem-de suwa bökmek boýunça ýapyk we açyk howuzlar, tennis kortlary, bouling, badminton hem-de stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça meýdançalar, ýapyk welotrek, ylgaw ýodajyklary bolan köp ugurly sport meýdançalary, futbol üçin türgenleşik meýdançalary we zallar, ýeňil atletika, gylyçlaşmak hem-de boks, sportuň oýun görnüşleri, gimnastika we beýlekiler üçin meýdançalar bina edildi.

Myhmanhanalaryň, kafeleriň, restoranlaryň onlarçasy, ýaşaýyş toplumlary, medeniýet we söwda merkezleri, awtoduralgalar – jemi 150 gektar meýdanda gurluşyk işleri geçirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Şäherjiginiň çäklerinde hatda türgenleriň, hyzmat ediş işgärleriniň we tomaşaçylaryň rahatlygy üçin monorels ýolunyň çekilendigini, olar boýunça oýunlara gatnaşyjylaryň bir sport desgasyndan beýlekilere tiz ýetip biljekdiklerini!” haýran galmak bilen beýan edýärler. Şunda Aşgabadyň täze binagärlik desgalarynyň – Olimpiýa stadionynda ahalteke bedewiniň çeper şekiliniň hem-de dünýäde iň uly ýapyk suwda ýüzülýän howzy bolan suw sport toplumynyň ýakynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi buýsanç bilen bellenilýär.

Žurnalistler türkmen paýtagtynyň Olimpiýa stadionynda ýaýbaňlandyrylan haýran galdyryjy baýramçylyk dabarasyny ägirt uly tolgunmak bilen beýan edip, örän uly täsir galdyrýan ýörite tomaşalary, döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanylan yşyklandyryş şöhlelerini belleýärler. Türkmenistanlylar hem-de hemra teleýaýlymlary arkaly bu ýerde ýaýbaňlandyrylan tomaşalara göni ýaýlymda syn etmäge mümkinçilik alan beýleki ýurtlaryň millionlarça ýaşaýjylary Türkmenistanyň ähli bäş welaýatynyň taryhy geçmişine “syýahat” etdiler. Indi bolsa Garagumuň çäksiz giňişlikleri boýunça kerwen gidip barýar—Beýik Ýüpek ýoly baradaky şekiller janlanýar, soňra köpöwüşginli tomaşa bu ýere ýygnananlary gadymy Parfiýa döwletine, Dehistana, Köneürgenje, Amul söwda şäherine, ady rowaýata öwrülen Marguşa... alyp barýar.

Baýramçylyk tomaşasyna Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň 64-siniň ýygyndy toparlary, şeýle hem bosgunlaryň Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek gelen bosgunlaryň topary gatnaşdylar. Muny aýratyn bellemek bilen, dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşyndan jümleleri ýene bir gezek getirýärler.

“Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerini goldanyp, Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek baradaky bilelikdäki Jarnamanyň taslamasyny hödürledi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýdyp, bu taslamany Adam hukuklary baradaky geňeşiň Ženewada geçirilen 36-njy mejlisiniň garamagyna berlendigini we biragyzdan kabul edilendigini ýatlatdy.

Biz sporta, halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga bolan hukugyň hemmelerde, şol sanda emele gelen ýagdaýlar sebäpli, öz milli baýdaklary astynda çykyş edip bilmeýän türgenlerde hem bolmalydygyna ynanýarys diýip, türkmen Lideri aýtdy.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň şekili Wepaly alabaý hem-de türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguzhanyň ägirt uly heýkeli we türkmen halkynyň taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriniň – akyldar Gorkut atanyň, Görogly begiň, Togrul begiň, Alp Arslanyň, Ärtogrul Gazynyň, Magtymguly Pyragynyň... heýkelleriniň ägirt uly nusgalary peýda bolýar.

Hemişe bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy ýygnananlarda uly täsir galdyrdy. Bu toparyň çykyşlary islendik baýramçylygyň bezegine öwrülýär, gaýduwsyz ýigitler we ussat gyzlar dünýäniň köp ýurtlarynda tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Olar sirk sungatynyň bütindünýä festiwallarynyň baş baýraklarynyň ençemesine mynasyp boldular.

Biraz salymdan soň, tolgundyryjy pursat gelip ýetýär - “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawyny elinde saklap gelýän atly ýigit stadiona gelýär. Ýene birnäçe pursatdan soň, Olimpiýa stadionynyň münberlerini bezeýän ägirt uly bedewiň şekiliniň ýokarsynda ornaşdyrylan çanakda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakylýar.

“Oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý galasynyň ýanynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berdi. Atly ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baýdagyny we dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri – “Galkynyş” gaz ojalygynda ýakylan Aziadanyň alawyny ýurdumyzyň çäkleri boýunça ellerinde göterip geçdiler” diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýatladýarlar.

Paýtagtymyzyň asmanyny ýagtylandyran köpöwüşginli baýramçylyk feýerwerki üç ýarym sagat dowam eden ägirt uly tomaşanyň jemlenmesi boldy.

“Türkmenistanyň türgenleri ýeňmäge hem-de ruhlandyrmaga mynasypdyrlar. Dünýäde sagdyn durmuş ýörelgesini hem-de sportuň gündelik durmuşyň möhüm serişdesidigi baradaky taglymaty öňe sürmek bu oýunlaryň guramaçylarynyň baş wezipeleriniň biridir” diýip, “Euronewsyň” habarçysy belleýär. “Gündizine ak mermerli, gijesi jadyly – oýna gatnaşyjylaryň hakydasynda ajaýyp keşbe giren Aşgabat şeýle görnüşde hemişelik galar. Ol Merkezi Aziýada ilkinji bolup, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny kabul eden şäher hökmünde taryha girer” diýip, žurnalist öz reportažyny jemleýär.

“Trend” halkara habarlar agentliginiň giňişleýin täzeliklerinde “Aşgabat 2017” oýunlarynyň dabaraly açylyşy Merkezi Aziýa sebitinde iň iri möçberli hem-de aýdyň öwüşginli waka hökmünde beýan edilýär.

-3,5 sagada golaý dowam eden çeperçilik tomaşa, ýerine ýetirijileriň 7500-si, 200 sazanda we jandarlarynyň 100-si, çykyş etmek üçin lybaslaryň 75 müň toplumy, beýleki köpsanly tomaşa nyşanlary – bularyň ählisi tötänleýin synçylar üçin göz öňüne getirip bolmajak tomaşa bolup görünmegi mümkin – diýip, “Trend” agentligi dabarany guramaçylaryň biri Marko Baliçiň sözlerini getirýär.

Açylyş dabarasy tamamlanan badyna, habarlar agentliginiň saýtynda bu iri möçberli çäräni bada-bat ähli jikme-jiklikleri bilen beýan edýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy ýerleşdirýän uly makala peýda boldy. Şol bir wagtyň özünde ussat fotosuratçylar tarapyndan bu şowhunyň ýatdan çykmajak pursatlaryny köpöwüşginligi bilen şekillendirýän fotoreportažlar berilýär.

Daşary ýurt habarçylary ýaýbaňlanan ägirt uly dabaranyň many-mazmunyna aýratyn üns berip, öz sahna keşplerine dolulygy bilen berlen ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt artistleriniň sahna çykyşlarynyň çuňňur manysyny nygtaýarlar. Oýunlaryň alawyny ýakmak dabarasy synçylaryň aýratyn üns bermegine eýe boldy, haçan-da, alaw göteriji ýigit ajaýyp ahalteke bedewinde sekizburçly ýyldyza degirende we soňra onuň uçgunyndan iki “kometa” peýda bolup, Olimpiýa stadionynyň gümmezini bezeýän ägirt uly bedewiň şekiliniň ýokarsynda ornaşdyrylan çanaga tarap okdurylýar.

Alawyň ýalyny niýetlenilen ýerine ýetip, tenekarlik oty bolan ýüzärligi ýuwaşjadan tütedýär. Onuň tüssesi ähli bet pygyllary aradan aýryp, ähli başlangyçlaryň rowaçlyga öwrülmegini alamatlandyrýar.

SNG.TODAY maglumatlar serişdesi hem V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna köp öwüşginli fotosuratly reportažy bagyşlady, ol suratlaryň her biriniň aşagynda neşiriň žurnalistleriniň giňişleýin teswirlemeleri ýerleşdirilýär.

“Tomaşa gatnaşyjylar gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli Türkmenistanyň taryhyny janlandyrdylar -- diýip, bu neşiriň synçylary haýran galmak bilen ýazýarlar. – Tomaşaçylaryň gözüniň alnynda türkmen halkynyň rowaýaty pederi - Oguzhanyň ägirt uly keşbi, Türkmenistanyň taryhynda öçmejek yz galdyran görnükli harby serkerdeleriň we şahyrlaryň heýkelleri peýda bolýar”

Daşary ýurt habarçylary şeýle hem V Aziadanyň açylyş dabarasynyň häzirki Türkmenistanynyň täsin keşbini beýan edýändigini, bu ýurtda köpasyrlyk ýörelgeleriň aýawly saklanylýandygyny, öz örän baý mirasyna buýsanç bilen garalýandygyny, şonuň bilen bir wagtda döwür bilen aýakdaş barylýandygyny, durmuşyň ähli ulgamlarynda iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň peýdalanylýandygyny bilýärler. Sahnalaşdyrylan tomaşalaryň görkezişi ýaly, milli saz sungaty, gadymy nyşanlar we siziň ata-babalaryňyzyň lybaslary ýokary tehnologiýaly kompýuter we elektronika eýýamynyň dünýäsi bilen sazlaşýar.

Azerbaýjanyň “Azertaj” döwlet habarlar agentligi “Aşgabat 2017” oýunlaryna badalga berlişi barada söhbet açmak bilen, V Aziadanyň halkara derejesini nygtaýar, oňa taýýarlyk görmegiň barşynda tutuş dünýäden ýokary derejeli hünärmenler çagyryldy.

Oýunlaryň açylyş dabarasyna köpsanly ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagy hem halkara synçylarynyň ünsüni çekdi. “Habar 24” habarlar saýty Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary hem-de onuň “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy mynasybetli dabaralara gatnaşmagy barada giňişleýin habar berdi.

“ArmInfo” elektron neşiri Ermenistanyň Prezidenti Serž Sargsýanyň Türkmenistana saparyny beýan edýär, belent mertebeli ermeni myhmany Aşgabatda geçirilýän iri möçberli sport baýramçylygynyň hormatly myhmany boldy.

“Aşgabadyň Olimpiýa toplumynda geçirilen ägirt uly açylyş dabarasyna dünýäniň çar ünjeginden myhmanlar geldi” diýip, agentligiň habarçylary belleýärler. – 17-27-nji sentýabr aralygynda dowam edýän oýunlara 65 döwletden wekiliýetler gatnaşýarlar, tutuş dünýäden birnäçe ýüz žurnalist sportuň 21 görnüşi býounça geçirilýän ýaryşlara syn ederler, takmynan 267 bäsleşik geçiriler”.

Daşary ýurt metbugatynyň wekilleri V Aziýadanyň “Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk” diýen şygary astynda jebisleşen Oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşýan tomaşaçylara aýratyn üns berdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistan sport döwletine öwrüldi, türkmen halky bolsa milli Lideriniň syýasatynyň daşynda jebisleşip, gün-günden täze belentliklere çykýar diýip, daşary ýurt habarçylary belleýärler.

Umuman, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň pikirine görä, “Aşgabatda geçirilýän Aziýa oýunlary çuňňur ynsanperwerlige ýugrulan olimpiýa hereketiniň esaslarynda halkara sportuny ösdürmekde täze tapgyr bolar!”.