5 bürünç baýrak milli ýygyndymyzyň medallarynyň sanyny artdyrdy

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

V Aziada guşakly göreş ýaryşlarynyň ikinji güni nusgawy görnüşdäki tutluşyklar bilen dowam etdi. Biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde ýokary netijeleri görkezýärler.

Türkmen pälwanlarynyň 14-si final duşuşygyna çykdylar, özi-de iki finalda diňe ildeşlerimiz gatnaşar. Bu bolsa ýygyndy toparymyza altyn we kümüş medallary kepillendirýär. Ýeňijiler günüň ikinji ýarymynda kesgitlener.

Nusgawy görnüşde bürünç baýragynyň eýeleri eýýäm kesgitlendi. Türkmen türgenleriniň arasynda bürünç medallary Myrathan Azadow (55 kg), Agajan Täçmuhammedow (60 kg), Orazmyrat Orazmyradow (70 kg), Gulfiýa Jumaýewa (55 kg), Dinara Hallyýewa (65 kg) dagy eýeledi.

Şu gün başa-baş söweşleriň ýene-de biri bolan kuraş boýunça ýaryşlar başlandy. Bu ýaryşda hem milli ýygyndymyz ýokary netijelere dalaş edýär.