Türkmen futzalçylary çärýek finala taýýarlanýarlar

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda futzal boýunça ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary çärýek finala geçmegi başardy. 23-nji sentýabrda geçiriljek duşuşygyň netijesi biziň toparymyzyň ýaryşyň medallaryna dalaş edip biljekdigini görkezer. Munuň üçin bolsa ähli mümkinçilikler bar, çünki türkmen futzalçylarynyň “A” toparda geçiren üç duşuşygyndaky oýunlary örän çalasyn we şowly boldy.

Ýaryşlaryň bu tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndysynyň oýunçysy Serdar Rejebow tapawutlanyp, üç pökgini, ýene-de iki pökgüden toparyň agzalarynyň üçüsi tora salmagy başardylar. Umuman, biziň futzalçylarymyzyň jemi onusyna tapawutlanmak başartdy. Munuň özi milli ýygyndy toparymyzyň hut toparlaýyn oýunda güýçli bolup durýandygyny, bäsdeşleriň bolsa diňe öňdebaryjylara däl-de, eýsem, tutuş topara hem-de ýaryşa gatnaşyjylaryň her birine ünsli çemeleşmeli boljakdygyny aňladýar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň 18-nji sentýabrda Gonkongyň topary bilen geçiren ilkinji oýny üstünlikli boldy. Oýnuň eýýäm üçünji minudynda birinji pökgini Serdar Rejebow bäsdeşiň toruna saldy, Watan Ataýew 14-nji minutda hasaby artdyrdy, oýnyň ahyrynda bolsa Allaberdi Meredow dürs urgusy bilen artykmaçlygy artdyrdy.

Oýnuň ikinji ýarymynyň başynda Gonkongyň ýygyndysy howply hüjümleriň birnäçesini geçirdi, emma biziň futzalçylarymyz 5 minudyň dowamynda ýene 4 pökgini derwezä salyp, bäsdeşleriniň badyny ýatyrdylar we duşuşygyň ykbalyny çözdüler. Pökgüleri Mülkaman Annagulyýew, Serdar Rejebow, Allamyrat Gurbanow we Abdylla Gurbannepesow geçirdiler. Diňe oýnuň ahyrynda Gonkongyň toparyna bir jogap pökgüsini geçirmek başartdy. Oýnuň hasabynyň aratapawudy örän uly —7:1 boldy.

Soňra ýygyndymyzyň bäsdeşi Solomon adalarynyň topary boldy. Iki pökgini tora salmak bilen (Röwşen Orazmuhammedow we Serdar Rejebow) toparymyz oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda garşydaşyna hasabyň aratapawudyny kemeltmäge mümkinçilik berdi. Oýnuň ikinji ýarymynda bu netije uzak wagt saklansa-da, türkmen futzalçylarynyň garşydaşyň derwezesine hüjümleri ýene-de iki goluň geçirilmegine getirdi. Bäsdeş toparyň oýunçysy pökgini öz derwezesine gönükdirende Maksat Soltanow pursatdan peýdalanyp, artykmaçlygymyzy berkitmegi başardy. Solomon adalarynyň oýnuň soňky pursadynda tora salan pökgüsi eýýäm oýnuň netijesine täsir edip bilmedi. 4:2 hasaby bilen gazanylan ýeňiş Türkmenistanyň toparyna ýaryş sanawunyň birinji ornuna geçmäge mümkinçilik berdi.

Ýaryşyň eýýäm üçünji oýnunda ýurdumyzyň ýygyndysy Hytaýyň Taýpeýini 5:1 hasabynda ynamly ýeňip, çärýek finala möhletinden öň çykmagy kepillendirdi. Garşydaş oýnuň dowamynda türkmenistanlylary öz derwezeleriniň ýanyna getirmedi. Şonuň üçin toparymyz uzak aralykdan urgulary geçirdiler, 14-nji minutda Öwezbaý Muhammetmyradow pökgini derwezä gönükdirip, hasaby açmagy başardy. Soňra türkmen futzalçylary birnäçe hüjümleri geçirdiler hem-de ýene-de iki pökgini tora saldylar. Şunda, Allamyrat Gurbanow hem-de Röwşen Orazmuhammedow tapawutlandylar. Oýnuň ikinji ýarymynda Taýpeýiň ýygyndysy tärlerini üýtgedip, derwezebanyň ýerine bäşinji oýunçyny meýdana çykardylar hem-de bir pökgüni tora saldylar, emma türkmenistanlylaryň hüjümine garşy durup bilmediler, biziň toparymyz ýene-de iki pökgini derwezä gönükdirip (Daýanç Garajaýew, Allaberdi Meredow ) duşuşygy üstünlikli jemledi.

Türkmenistanyň ýygyndysy toparlaýyn tapgyryň ahyrynda Wýetnamyň topary bilen bäsleşdi. Garşydaşlaryň güýji barabar boldy. Biziň toparymyz pökgä köp wagt eýelik etse-de, wýetnamly futzalçylar goranyşda ygtybarly oýnadylar we başarnykly garşylyklaýyn hüjümleri geçirdiler. Howply pursatlar köp bolmady, bolanlaryna bolsa derwezebanlar garşy durdular. Her ýalňyşlyk aýgytlaýjy bolup bilýärdi. Biziň futzalçylarymyz garşydaşyň ýarym meýdançasynda pökgini almaga ymtylyp, wýetnamlylar bilen netijeli bir-bire çykmagy elden giderdiler.

Oýnuň ikinji ýarymynda toparlaryň ikisi hem oýnuň barşyny üýtgetmek mümkinçiligine eýe bolsa-da, hasap 0:1 bolup tamamlandy. Biziň ýygyndymyz şu duşuşygyň netijeleri boýunça Wýetnamyň topary bilen 9 utukdan toplap, toparlaýyn ýaryş sanawynyň ikinji basgançagyna çykdylar.

Çärýek finalda Türkmenistanyň ýygyndysy “B” toparynyň ýeňijisi – utulman gelýän Owganystanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Olaryň BAE-niň komandasy bilen toparda geçiren soňky duşuşygy aýratyn gyzykly boldy. Owgan topary 0:3 hasaby bilen yza galsa-da, oýnuň dowamynda 4 pökgini garşydaşynyň derwezesine salmagy we ýeňiş gazanmagy başardy.

Bu biziň ýygyndymyzyň final duşuşyklarynda ilkinji oýny bolup, ýaryş sanawunda ýokary galmak üçin oňa diňe utuş gazanmak gerek.