Biziň ýygyndy toparymyzyň altyn medallarynyň sany ýene-de 10 medal bilen artdy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýapylmagyna çenli galan günlerini hasaplap, ýeňişleriň şatlygy ýaly duýgulara beslenmegini dowam edýär.

Şu gün sportuň birbada on iki görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi, olaryň sekizisi boýunça baýrakly orunlar ugrunda çekeleşikli bäsleşikler boldy. Bu gün biziň toparymyza guşakly göreşde, kuraş göreşinde, bilýardda medallary, şol sanda altyn medallaryň 10-syny getirdi.

Türkmenistanyň ýygyndy topary ozalkysy ýaly geçirilen ýaryşlaryň jemleri boýunça umumy medallaryň sanawynda ynamly öňde baryp, 175 medal toplady, olaryň 69-sy altyn, 51-si kümüş we 55-si bürünç medallardyr.

Guşakly göreş boýunça ýaryşlar dowam edýär, onda “alyş” görnüşinde erkin nusgadaky tutulyşyklar geçirildi. Biziň pälwanlarymyz ýokary ussatlyk görkezdiler, final duşuşyklaryna türkmen pälwanlarynyň birbada 12-si çykdy. Göreşleriň netijeleri boýunça türkmen ýygyndy toparynda altyn medallara 100 kg-dan ýokary bolan agram derejede Wepa Orazmyradow, Seýdi Batyrow (100 kg. çenli), Tirkişgeldi Aýazow (60 kg), Hangeldi Allakow (70 kg), Garmämmet Şamämmedow (80 kg), Arslan Ibraimgulyýew (90 kg), zenanlaryň arasynda Gülnar Haýytbaýewa (65 kg) we Nasiba Surkiýewa (75 kg) mynasyp boldular.

Biziň toparymyzda kümüş medallaryna Maksuda Egemberdiýewa (75 kg-dan ýokary), Merjen Inatullaýewa (55 kg), Zarina Abdyrahmanowa (60 kg), Dinara Hallyýewa (65 kg), Rano Uzakowa (70 kg), Jahan Muhammedowa (75 kg) eýe boldular.

“Alyş” görnüşindäki erkin göreşde bürünç medallaryny türkmen ýygyndy toparynda Annamyrat Myradow (100 kg-dan ýokary), Jangeldi Medow (70 kg), Aly Allaberdiýew (80 kg), zenanlaryň arasynda—Saodat Işmuratowa (70 kg) gazandylar.

Şu gün kuraş göreşi boýunça ýaryşlar tamamlandy. Birnäçe agram derejelerinde medallar ugrunda bäsleşildi. Türkmen ýygyndy toparynda altyn medala 48 kg. çenli agram derejesinde Zarina Saparowa, kümüş medala Saýýara Ereşowa (52 kg) mynasyp boldular.

Bürünç medallary Begenç Begaliýew (100 kg-dan ýokary), Guwanç Begaliýew (100 kg), zenanlaryň arasynda Aýnur Amanowa (52 kg), Mähriban Kurbanowa (57 kg) gazandylar.

“Rus piramidasy” görnüşinde türkmen bilýardçylary üstünlikli çykyş edip, ähli gymmatlyklardaky medallary gazandylar. Final tapgyrynda Annamämmet Annamämmedow kümüş medalynyň eýesi Kamaladdin Babaýewi 5:4 hasaby bilen ýeňip, altyn medala mynasyp boldy. Bürünç medalyna bolsa Batyr Geldiýew eýe çykdy.

"Aşgabat 2017" oýunlarynda taekwondo boýunça ýaryşlar toparlaýyn we şahsy duşuşyklar “pumse” görnüşinde tamamlanyp, onda hereket etmegiň tilsimlerine baha berilýär.

Bowling boýunça zenanlaryň arasynda ýekelikde ýaryşlar geçirildi. Bu görnüşde biziň türgenlerimiziň gazanan netijeleri olara çärýek finala çykmaga mümkinçilik bermedi.

Erkekler toparynyň arasynda 3x3 basketbol boýunça toparlaýyn tapgyr üstünlikli tamamlandy. Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary “B” toparynyň lideri – Yragyň toparyny 20:13 hasaby bilen ynamly ýeňip, çärýek finalda göreşmek hukugyny gazandy. Liwanyň ýygyndy topary Täjigistanyň toparyny 17:14 hasaby bilen ýeňdi. Biziň ýygyndymyz ikinji orundan çykyp, “S” toparynda birinji ornuň ýeňijisi Katar Döwletiniň ýygyndysy bilen bäsleşer. Çärýek finalyň jübütleriniň ýene-de birini Yragyň we Samoanyň ýygyndylary düzdüler.

Zenanlaryň arasynda “S” toparynda bäsleşik tamamlanandan soň hem-de topardan Özbegistanyň we Iordaniýanyň ýygyndylarynyň çykmagy bilen çärýek finalçylaryň hemmesi belli boldy.

Türkmen agyr atletikaçysy Daýanç Aşyrow 85 kg agram derejesinde dördünji orny eýeledi. Yrakdan, Özbegistandan we Eýran Yslam Respublikasyndan türgenler birinji üç orny eýelediler.

Welotrek boýunça ýaryşlaryň çäklerinde toparlaýyn, sprint ýaryşlarynda erkekleriň bäsleşikleri, zenanlaryň arasynda bolsa keýrin görnüşinde ýaryşlar geçirildi.

Tennis meýdançalarynda jübütleýin we ýekelikde çärýek finalyň ýaryşlary geçirildi. Jübütleýin ýaryşlarda biziň tennisçilerimiz Anastasiýa Prenko we Isa Mämmetgulyýew Tailanddan gelen Nutanonna Kadçapananuwdan we Niçe Lertipitaksinçaýdan 7:6, 6:4 hasaby bilen asgyn geldiler hem-de ýarym finala çykyp bilmediler.

Iki oýun gününiň jemleri boýunça türkmen küştçileri Hanjar Ödäýew we Mähri Geldiýewa üç ýeňişden gazandylar. Meýlis Annaberdiýew 2,5 utuk, Bahar Hallaýewa bolsa 2 utuk topladylar. Ýaryşlar dowam edýär.

Gysga aralyga ýüzmek boýunça ýaryşlar erkin ýüzmek, brass, utgaşdyrylan ýüzüş görnüşleri boýunça badalga aldy. Zenanlaryň arasynda 4x50 metr aralykda ýüzmek boýunça finala Türkmenistanyň topary çykdy we ýedinji orny eýeledi. Gonkongyň topary ýaryşyň ýeňijisi boldy.