Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy

24-nji sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda biziň ýygyndy toparymyz sportuň kikboksing, sambo, erkin göreş, agyr atletika, basketbol görnüşleri boýunça uly ýeňişleri gazandylar. Şonda olar medallaryň 13-sini, şol sanda 2 altyn medal eýelediler.

Türkmenistanyň ýygyndysy medallaryň umumy hasaby boýunça birinji orny ynamly eýeleýär. Geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça türkmen türgenleri umuman 206 medallara eýe boldular. Olaryň 79-sy altyn, 58-si kümüş we 69-sy bürünç medallardyr.

57 kg çenli agram derejesinde çykyş edýän Ahmet Taňryberdiýew sambo boýunça final ýaryşynda özbegistanly türgen Rahmadjon Ahmedowdan üstün çykdy. Biziň ýene bir göreşijimiz Çarymyrat Annagurbanow (100 kg) onuň göreldesine eýerip, gyrgyzystanly türgen Daniýar Alymjanowy bäsleşikde ýeňip, hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy. Bekmyrat Meredow (68 kg) we Ruslan Esgerow (90 kg) kümüş baýragyň eýeleri boldular. Muhammet Kössekow (68 kg), zenanlaryň arasynda bolsa 72 kg agram derejesinde Läle Nuryýewa we Dilafruz Ýusupowa bürünç medallara mynasyp boldular.

Erkekleriň we zenanlaryň arasynda kikboksing bäsleşikleri dowam etdi. Finalda 55 kg çenli agram derejesinde çykyş edýän Maýsa Gupbykowa “poýnt-faýting” görnüşinde Eýran Yslam Respublikasyndan Şahnaz Mirhedariden asgyn gelip, topara kümüş medal getirdi. 56 kg agram derejesinde çykyş edýän Farida Gutlymyradowa “full-kontakt” görnüşinde bürünç medala mynasyp boldy.

Ýarym finalda “lou-kik” görnüşinde 63,5 kg çenli agram derejesinde çykyş edýän Muhammet Altybaýew Hytaý Halk Respublikasyndan Tinhao Fengadan üstün çykdy. Ol indi altyn medal ugrunda göreşer.

Şu gün erkin göreşde badalga alan başa-baş göreşler milli ýygyndy toparymyza iki bürünç medaly getirdi. 65 kg çenli agram derejesinde çykyş eden Batyr Borjakow we 74 kg çenli agram derejesinde göreşen Döwletmyrat Orazgylyjow hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar. Göreş boýunça ýaryşlar 25-nji we 26-njy sentýabrda dowam eder.

Agyr atletika boýunça bäsleşiklerde erkekleriň arasynda 105 kg çenli agram derejesinde çykyş edýän, zenanlaryň arasynda bolsa 90 kg çenli agram derejede çykyş edýän türgenleriň ýeňijileri kesgitlendi. Aýsoltan Toýçyýewa umumy 215 kg agramlygy göterip, kümüş medala mynasyp boldy. Ol Fiji döwletinden gelen Eýlin Kikamatandan yza galdy.

Sportuň toparlaýyn oýun görnüşlerinde basketbol 3х 3 boýunça ilkinji medaly ýurdumyza zenanlar ýygyndy topary getirdi. Şu gün ýarym finalda biziň basketbolçylarymyz Tailandyň basketbolçylaryndan 20:11 hasabynda ýeňlip, siriýaly türgenler bilen bürünç medaly almak ugrunda bäsleşdiler. Başky deň derejeli oýunlardan soň biziň türgenlerimiz öz garşydaşlaryna 4:9 hasaby bilen öňe gitmäge mümkinçilik berdiler. Ýöne olar soňra öz wagtynda ilki hasaby deňleşdirdiler, soňra bolsa tijenip, Aýna Gökowanyň iki oçkolyk zyňyşynyň netijesinde öňe saýlandylar. Ýaryşyň soňunda biziň basketbolçylarymyz anyk we ynamly oýnadylar. Biziň ýygyndy toparymyz 15 — 12 hasaby bilen hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Final oýunda özbegistanly basketbolçylary 22:20 hasap bilen ýeňmegi başaran Tailandyň ýygyndy topary altyn medaly eýeledi.

Arkanlygyňa gysga aralyk boýunça hem-de erkin görnüşdäki suwda ýüzmek bäsleşikleri dowam etdi. Türkmenistanly Merdan Ataýew arkanlygyna ýüzmek boýunça 100 metr aralyga geçirilen final ýaryşynda bäşinji bolup geldi. Bu ýaryşda birinji orny Koreýa Respublikasynyň türgeni Dongwon Jeong eýeledi.

“Russkaýa piramida” görnüşi boýunça şu gün geçirilen bilýard bäsleşikleriniň utgaşdyrylan usulynda Ybabekir Bekdurdyýew ýarym finala çykmagy başardy. Ol 25-nji sentýabrda gyrgyzystanly Yzatbek Ratbekow bilen duşuşar.

Bowuling boýunça zenanlaryň arasynda jübütleýin bäsleşikler geçirildi. Onda gazanylan netijeler biziň türgenlerimize çärýek finala çykmaga mümkinçilik bermedi. Bu ýaryşda HHR-iň türgenleri Çunli Jang we Ýuhong Jang birinji orna düşdüler.

Tennis boýunça ýaryş dowam edýär. Onda ýarym final oýunlary aýratyn hem gyzykly boldy. Şu gün finala çykan türgenleriň ýene-de üçüsi kesgitlenildi. Erkekleriň arasynda hindistanly türgen Sumit Nagar özbegistanly türgen Faruh Dustowy ýeňip, finala çykdy. Zenanlaryň arasynda final oýunda ikisi hem Indoneziýadan bolan Aldila Sutjiadi we Beatris Gumulýa oýnaýarlar.

Küşt oýnunyň ýekeleýin görnüşi tamamlanyldy. Erkekleriň arasynda biziň küştçülerimizden Meýlis Annaberdiýew, Hanjar Ödäýew bu ýaryşa gatnaşyjylaryň 44-siniň arasynda degişlilikde 11-nji we 21-nji orna geçmegi başardy. Bu oýunda ilkinji orny Hytaý Halk Respublikasyndan Li Kuang Le eýeledi. Zenanlaryň arasynda Bahar Hallaýewa we Mähri Geldiýewa degişlilikde 21-nji we 22-nji orunlar bilen kanagatlanmaly boldular. Bu ýaryşda ýene-de Hytaý Halk Respublikasyndan Zhongui Tan ýeňiji boldy. Indi küşt tagtasynyň başyndaky başa-baş ýaryş toparlaryň arasynda rapid we blis görnüşinde dowam eder.

Şu gün futzal boýunça finala çykan toparlar kesgitlenildi. Erkekleriň arasynda Eýranyň we Özbegistanyň ýygyndy toparlary birinji ýer ugrunda göreşerler. Olar degişlilikde ýarym final oýunlarynda Owganystanyň toparyny 8:2 hasaby bilen we Ýaponiýanyň toparyny oýundan soňky penaltide ýeňdiler. Ýaponiýanyň zenanlar topary Eýran Yslam Respublikasynyň ýygyndy toparyny 2:0 hasaby bilen ýeňip, häzirki wagtda HHR-iň toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykan Tailandyň futzalçylary bilen güýç synanyşýar.