Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: “Aşgabat 2017” – Aziýa oýunlarynyň iň gowusy!

“Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bu yklym derejesindäki ýaryşlaryň taryhynda iň gowy ýaryşlar boldy!” diýip, dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Aşgabat 2017” oýunlaryny häsiýetlendirip, dünýäniň millionlarça adamlarynda şatlykly, ýatdan çykmajak täsirleri galdyran bu ajaýyp sport baýramçylygynyň netijelerini jemlediler.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň meýdançalarynda geçirilen sport ýaryşlaryny dünýäniň 82 döwletinden žurnalistleriň 500-den gowragy beýan etdiler. Milli we halkara teleýaýlymlarynyň, sport neşirleriniň habarçylary we suratçylary, meşhur gazetleriň we žurnallaryň synçylary işlediler. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň göni ýaýlymda görkezilmegi, onuň has aýdyň pursatlaryny Facebook, Youtube, Google, “Odnoklassniki”, “ Yandex”, “Wikipedia” ýaly goşundylar “Möhüm täzelikler” we “Hepdelik synlar” diýen mowzuklar astynda ýerleşdirdiler.

Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we beýleki ençeme ýurtlaryň täzelikler agentlikleri öz habarlarynda bu wekilçilikli ýaryşlara aýratyn orun berdiler. Olara Aziýanyň we Okeaniýanyň 64 ýurdundan türgenleriň alty müňe golaýy, şeýle hem bosgunlaryň ýygyndy topary gatnaşdylar. Aziýadan we beýleki sebitlerden bolan esasy sport düzümleriň baştutanlary, milli komitetleriň we sport guramalarynyň ýolbaşçylary, dünýäniň dürli döwletlerinden tanymal türgenler we tälimçiler, görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgärleri oýunlaryň hormatly myhmanlary boldular.

Bu waka bagyşlanan ähli habarlar Aşgabat şäheriniň üstüne ýüklenen wezipäniň — V Aziadany geçirmek wezipesiniň hötdesinden abraý bilen gelip, ylalaşdyryjy şäher, medeniýetleriň we halklaryň gatnaşyklarynyň merkezi diýen derejesini örän ajaýyp subut edendigini tassykladylar. Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek bosgunlaryň topary gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşiniň ýakynda Ženewada geçirilen mejlisinde “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň” Olimpiýa toparlarynyň goşýan goşandyny höweslendirmek hakynda Jarnama kabul edildi. Bu bolsa “Aşgabat 2017” oýunlarynyň nobatdaky üstünligi bolup durýar.

Şol günler dünýä ýüzüne ýaýran köp sanly täzeliklerdir habarlarda Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamy ösdürmek meselelerine berýän örän uly ünsüniň aýdyň netijeleri bolup durýandygy bellenildi.

“Oýunlar uly üstünliklere beslendi. Bu bolsa Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjiligi we uly üns bermegi netijesinde mümkin boldy” diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň Aziadanyň açylyş dabarasynda eden çykyşyndan mysal getirýärler.

“Bu ýerde, ajaýyp şäherde biz täsin galdyran oýunlaryň şaýatlary bolduk. Biz öz ýanymyz bilen iň gowy ýatlamalary alyp gideris” diýip, AOG-nyň ýolbaşçysy belledi. Ol türgenlere ýüzlenip, olaryň her biriniň öz ýurduna buýsanç bilen wekilçilik edip, Watanynyň baýdagyny belende galdyrandygyny nygtady. Olar öz ýaryşlary bilen köp sanly tomaşaçylaryň ünsüni çekip, Aziadanyň taryhyna täze sahypany ýazdylar, çünki onda AOG-nyň taryhynda ilkinji gezek Okeaniýanyň türgenleri, şeýle hem bosgunlar topary çykyş etdiler. Bu bolsa dünýä sportuna goşulan nobatdaky goşant boldy.

Elbetde, V Aziýa oýunlarynyň sport üstünlikleri dünýäniň habar beriş serişdelerinde aýratyn gyzyklanma döretdi. Şunuň bilen baglylykda bellenilişi ýaly, Aziadanyň dowamynda Türkmenistanyň ýygyndy topary medallaryň sanawynda birinji hatary eýeläp, hiç kimi öňüne geçirmedi. Nobatdaky medallar ugrunda geçirilen ýaryşlaryň her bir güni türkmen toparyna dürli derejedäki täze medallary getirdi. Türkmenistanlylar “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň 15-si boýunça ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelediler. Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleri bilen mynasyp bäsleşildi, munuň özi Türkmenistanyň türgenleriniň Aziada ýokary derejede taýýarlyk görendigine, milli sportuň uly mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär.

“Türkmenistanyň türgenleri medallaryň jemi 245-sini, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medallary gazandylar. Ikinji orny Hytaýyň ýygyndy topary eýeläp, onuň türgenleri medallaryň 97-sini, 42 sany altyn, 32 sany kümüş we 23 sany bürünç medallary gazandylar. Eýrandan gelen türgenler hem birinji üçlüge girip, medallaryň 118-sini, 36 sany altyn, 23 sany kümüş we 59 sany bürünç medallaryny gazandylar” diýip, Hytaýyň esasy habarlar agentligi bolan “SINHUA” habar berýär.

Göreşiň däbe öwrülen görnüşleri—göreş, kuraş, guşakly göreş, şeýle hem sport göreşi boýunça ýaryşlarda biziň türgenlerimize şowlulyk ýaran boldy. Türkmenistanlylar kikboksing we taýboksy boýunça göreşlerde hem hormat münberine çykdylar. Jiu-jitsu boýunça göreşde Türkmenistanyň ýygyndy topary birbada ýedi sany altyn medal, sambo göreşinde bolsa sekiz medal gazandy. Biziň türgenlerimiz agyr we ýeňil atletika, sport tanslary, konkur, küşt we bilýard boýunça ýaryşlarda hem baýrakly orunlary eýelediler.

Türgenler hem-de Milli Olimpiýa Komitetleriniň wekilleri, şeýle hem köp sanly myhmanlar we janköýerler günsaýyn özüne çeken ýaryşlaryň barşyna uly üns bilen syn etdiler.

“Türkmenistanyň türgenleri milli göreş boýunça Aziýa oýunlarynyň altyn medallarynyň ählisini diýen ýaly—23 medal gazandylar” diýip “MIR 24” teleýaýlymynyň habarçysy habar berip, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarynyň üstünlikli çykyşlaryna ünsi çekdi. Şunda aýratyn bellenilişi ýaly, Aziýa oýunlary üçin Aşgabatda ýörite Olimpiýa toplumyny gurdular. “Bu şäheriň içindäki şäher bolup, bu ýerde diňe sport desgalarynyň sany 30-dan hem geçýär. Olaryň hemmesi halkara ölçeglerine laýyk gelýär”.

“Türkmenistan ahalteke bedewleri bilen konkury ösdürmekde öňdebaryjy boldy. Türkmen türgeniniň ahalteke bedewinde gazanan ýeňşi—behişdi bedewleriň halkara sport giňişligine üstünlikli gaýdyp gelmegi” diýip, SNGToday täzelikler portaly habar berdi.

“Ozal atçylyk sportunda uzak wagt esassyz ünsden düşürilen ahalteke bedewi nusgawy görnüşlerde sport ýaryşlary üçin ýaramsyz hasaplandy. Çak edilişine görä, hut özüniň kesir häsiýeti hem-de göçgünliligi zerarly çapyksuwar asman atyna sport meýdançasynda doly erk edip bilmändir. Türgenler kynçylyksyz ugra eýerip, adamyň diýenine aňsat boýun bolýan atlary ileri tutupdyrlar hem-de ganynda sport häsiýetleri bolan ahalteke bedewlerini unudypdyrlar” diýlip, makalada bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki sport giňişliklerinde bitiren hyzmatlary, Olimpiýa çempiony Absent we onuň kakasy Arap, 1971-nji ýylda SSSR-iň konkur boýunça Kubogynyň eýesi bolan Penteli ýaly ajaýyp bedewleriň üstünlikleri ýatlanyp geçilýär.

“Behişdi bedewleriň watany bolan Türkmenistanda ahalteke bedewlerini halkara sport ýaryşlarynyň hormat münberlerine täzeden çykarmagy hem-de sport atlary hökmünde olaryň şan-şöhratyny gaýtadan dikeltmegi karar etdiler. Ahalteke bedewleriniň sportdaky şöhratyny dikeltmek pikirini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi öňe sürdi. Ýurduň hökümeti milli baýlygy bolan ahalteke bedewlerine uly üns berilýän ýurtda atçylyk sportuny ösdürmek meselesine aýratyn alada bilen çemeleşdi” diýlip, beýleki habar beriş serişdeleri tarapyndan ýaýradylan makalada bellenilýär.

Ýewropanyň “Euronews” teleýaýlymy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwründe türkmen paýtagty hem-de biziň gujurly türgenlerimiz hakynda içgin gürrüň berýän filmleri yzygiderli görkezdi. Olaryň gahrymanlarynyň belleýşi ýaly, geçirilen oýunlar daşary ýurtly türgenleriň ençemesine Aziýanyň sport meýdançasyna ilkinji gezek çykmaga hem-de bu sebitiň, şol sanda Türkmenistanyň güýçli türgenleri bilen bäsleşmäge mümkinçilik döretdi.

“Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary rekordlara baý boldy. Oýunlarda ajaýyp ýagdaý höküm sürýär. Aşgabat örän gowy işi ýerine ýetirdi”.

“Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary tamamlandy. Aşgabat şäheri olaryň paýtagtyna öwrülip, Orta Aziýada ilkinji şäher hökmünde taryha girdi. Bu ýerde hasaba alnan rekordlar bolsa sport ýylýazgysyna düşdi” diýip, “Euronews” teleýaýlymynyň habarçysy Oýunlaryň jemlerini teswirleýär.

Aşgabatda geçirilen oýunlarda dürli döwletlerden gelen türgenler bir gymmatlyk barada birmeňzeş pikirde boldular diýip, Siriýanyň Olimpiýa komitetiniň wekili Mowaffak Juma bu barada pikirini şeýle beýan etdi: “Sport — bu halklaryň arasyndaky söýginiň we parahatçylygyň wekili. Islendik ýaryşlar tamamlanandan soň biz nämeleri görýäris? Edil ýaňy bäsdeş bolan türgenler tutluşyk tamamlanandan soň bir-birini gutlaýarlar. Hakyky sport ruhy bolsa edil şeýle bolmalydyr!”.

“Maňa ähli zat ýarady. Oýunlaryň açylyş dabarasynda, ençeme ýaryşlarda, şol sanda bowuling boýunça ýaryşda bolup gördüm. Ol özüne çekiji we örän gyzykly boldy. Umuman, bu örän ajaýyp guralan oýunlar boldy. Men Azady adyndaky diller institutynda koreý dilinden sapak berýärin. Türkmen talyplary örän gowy bilim alýarlar. Olara meýletinçiler bolmak hem-de koreý dilinden terjime etmek mümkinçiligi döredi” diýip, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili boýunça mugallym bolup işleýän, Koreýa Respublikasyndan bolan Uk Jon habarçymyza gürrüň berdi.

Aziadany şöhlelendiren daşary ýurtly žurnalistler oýunlara gatnaşyjylar we onuň myhmanlary hakynda ýazan makalalarynda hem-de olar bilen geçiren köp sanly söhbetdeşliklerinde Türkmenistanyň paýtagty, döwrebap sport düzümleri, halkymyzyň myhmansöýerligi we mähirliligi hakynda dörän täsirler bilen paýlaşdylar.

“Biziň goňşy döwletlerdigimize garamazdan, meniň Aşgabat barada anyk garaýşym ýokdy. Şoňa görä-de, öz gözlerim bilen görmek has-da üýtgeşik boldy. Türkmen topragyna gadam goýan dessimize biz örän haýran galdyk, çünki biz gözelligi boýunça haýran galdyrýan howa menziline düşdik—diýip, SPORT REVIEW (Gazagystan) žurnalynyň redaktory Dmitriý Mostowoý gürrüň berýär. — Olimpiýa şäherçesii aýratyn-da, gijelerine haýran galdyryjy täsir edýär. Men 2014-nji ýylda Braziliýada geçen futbol boýunça dünýä çempionaty, Fransiýada bolan futbol boýunça Ýewropa çempionaty ýaly şeýle uly derejeli ýaryşlarda, ençeme ýurtlarda bolup gördüm, ýöne türgenler we myhmanlar üçin şeýle şertleriň döredilen ýeri az-azdyr”.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýany bilen bolan ençeme ähmiýetli wakalar elektron neşirleriň habarçylarynyň ünsüni çekdi. Şol wakalaryň hatarynda Aşgabatda geçirilen Aziýa kibersport konfederasiýasynyň (Electronic Sports) Baş Assambleýasy bar. Şonda bu guramanyň täze ýolbaşçylary saýlanyldy.

“Aşgabatdaky Aziýa oýunlaryna taryhda ilkinji gezek ýaryşlaryň maksatnamasyna kibersport goşuldy. Kompýuter enjamlaryna erk edijiler birbada birnäçe oýunlarda kimiň has ökde hyýaly gahrymandygyny ýüze çykarýarlar… Aşgabatdaky Aziýa oýunlarynda köp zat ilkinji gezek bolup geçýär: şolaryň hatarynda Merkezi Aziýada şunuň ýaly ýaryşlaryň ilkinji gezek bolmagydyr, ýene-de bir gyzykly täzelik kibersporta örän ýokary üns berilýänligidir. Häzire çenli has meşhur görnüşlerde hakyky ýokary derejeli oýunçylary Aziada çagyrmandylar. Indi bolsa şeýle ýaryşlary janköýerleriň örän köpsanlysy üçin bütin dünýä görkezýärler” diýip, rus internet ýaýlymy «ВЕСТИ.RU» habar berýär.

“Aşgabatdaky oýunlarda kompýuterli görnüşlere şeýle üns berilmegi kibersportuň tutuş dünýäsi üçin haýran galdyran waka boldy. Munuň özi sebitleýin bolsa-da, Olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilmegidir. Ýöne ýakyn geljekde kompýuteriň düwmeleridir beýleki enjamlary bilen iş salşyp meşgullanýan bu ýaşlaryň Olimpiadanyň medallary ugrunda hem bäsleşjekdikleriniň geň bolmajagy bellidir” diýip, habary ýazan sözüni jemleýär. Bu habara beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem salgylanýar.

Kompýuter sportunyň “Aziada-2017-niň” maksatnamasyna sportuň görkezme görnüşi hökmünde goşulandygyny aýtmak gerek. Munuň özi ýaryşlaryň netijeleri boýunça gazanylan medallaryň umumy medallaryň hasabynda göz öňünde tutulmandygyny aňladýar.

Teleýaýlymlarda, internet serişdelerinde, gazetlerde we daşary ýurt žurnallarynyň sahypalarynda hem türkmen halkymyzyň medeni mirasyna, köpasyrlyk taryhyna bagyşlanan ençeme makalalar peýda boldy. Owadan suratlar hem-de wideoşekiller okgunly ösýän Aşgabadyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli syýasatynyň netijesinde görlüp-eşidilmedik belentliklere ýeten ýurdumyzyň häzirki zaman durmuşyny görkezýär.

Täjigistanyň «Avesta» habarlar agentligi "Aşgabat 2017" oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasynyň gözelligi baradaky täzelikleri ýaýratdy. Bu dabara bütin dünýäden on müňlerçe tomaşaçy ýygnandy. Habarlar agentliginiň habarçylarynyň tassyklaýyşlary ýaly, türkmen türgenleri oýunlarda hemmelerden köp medal gazanyp, ajaýyp netije görkezdiler.

Žurnalistler “Ajaýyp Türkmenistana ýene-de gelmäge umyt edýäris” diýip, ýaryşlaryň ähli gününiň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda sportuň dürli görnüşlerinde öz ussatlygyny görkezen daşary ýurtly türgenleriň hem-de tälimçileriň sözlerini mysal getirýärler. Bereketli türkmen topragynda myhmansöýerlik bilen kabul edilen oýunlaryň myhmanlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyz barada haýran galmak duýgulary bilen seslenýärler hem-de türkmen sportunyň ösüşiniň ägirt uly ýokary derejesini nygtap, halkara derejesindäki şeýle uly möçberli ýaryşlarda çykyş etmäge mümkinçiligiň bagyş edileni üçin hoşallyk bildirýärler.

«Tasnim» habarlar agentligi V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy barada giňişleýin habar taýýarlady hem-de Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň sahnadan türkmen Liderine ýüzlenip aýdan sözlerini getirdi: “Jenap Prezident! Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň häzire çenli geçirilenleriniň iň gowusy bolandygy bilen baglylykda, meniň gutlaglarymy kabul ediň!”.

Habarlar agentligi, şeýle hem V Aziýa oýunlarynda göreş, guşakly göreş we sport göreşi boýunça ýaryşlaryň barşy barada yzygiderli habar berip, sportuň bu görnüşlerinde gazanylan medallaryň her birini giňişleýin belläp geçdi.

Žurnalistleriň umumy pikirine görä, “Aşgabat 2017” oýunlary Aziýa oýunlaryny hil taýdan täze derejä çykardy. Bu oýunlara ilkinji gezek Okeaniýanyň milli sport komitetleriniň gatnaşandygy, ýaryşlaryň hataryna bolsa sportuň milli göreş, guşakly göreş, sambo we atly sport (konkur) ýaly görnüşleriniň goşulandygyny ençeme gezek nygtaldy.

Ýaryşlaryň barşy aýratyn gyzyklanma bilen beýan edildi, çünki Aziýa oýunlarynda ozal görkezilmedik köpdürli sport ýaryşlary ilkinji gezek ýokary derejede geçirildi. Ukrainanyň wrestlingua.com saýtynyň sport žurnalistleri türkmen milli göreşi, erkin göreş, sambo we göreşiň beýleki görnüşleri boýunça medallar ugrunda ýaryşlary işjeň şöhlelendirdiler. Olar her bir ýeňijini guwanmak bilen agzap geçip, Türkmenistanda sportuň milli görnüşi hökmünde göreşiň “Aşgabat 2017” oýunlarynda ösüşiniň täze itergisine eýe bolandygyny hem-de dünýäde has-da meşhur boljakdygyny nygtadylar.

Prosports.kz elektron gazeti hem dürli görnüşli ýaryşlaryň barşyny ünsli synlap, türkmen sportuny şöhratlandyrýan türgenlerimiziň ajaýyp ýeňişlerini belledi.

Sportskeeda.com halkara sport saýty “Aşgabat 2017” oýunlarynyň barşyny uly gyzyklanma bilen synlady hem-de altyn medallary gazanan türgenlerimiziň ýeňişlerini belläp geçip, ýaryşlaryň ýokary guramaçylygyny, şol sanda türgenleriň saglygynyň goragynda duran lukman işgärleriniň üstünlikli işini görkezdi.

Neşir habarlarynyň biri ýaryşlar mahaly dyzyna uly bolmadyk şikes alan türgeniň sözlerini getirýär: “Dogrymy aýdaýyn, men şeýle dessine hem-de ýokary hünär derejeli lukmançylyk kömegini hiç haçan görmändim. Men Londondaky, Riodaky Olimpiýadalara we beýleki halkara ýaryşlaryna gatnaşdym, ýöne hiç haçan beýle hyzmaty görmedim. Hut ajaýyp türkmen lukmanlarynyň işiniň netijesinde maňa öňki kaddyna gelmek we göreşimi dowam etmek başartdy. Munuň üçin men olara örän uly hoşallygymy aýtmak isleýärin”.

Ýaryşlaryň geçişini «Inside the Games» halkara habarlar saýty hem ünsli synlady. Bu saýt güýçli türgenleriň ýeňişlerini belläp geçdi hem-de “Aşgabat 2017” oýunlarynyň guramaçylygyna degişli pursatlaryny beýan edip, Merkezi Aziýa sebiti üçin sport wakasynyň örän uly möçberlidigini nygtady.

«BBC» halkara habarlar kompaniýasy öz Internet sahypasynda Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeginiň sportuň dürli görnüşleriniň ösmegine ýardam berendigini, şol sanda şu ýyl görkezme häsiýetli kibersportuň ösdürilmeginiň garaşylmadyk depgine eýe bolandygyny belledi. Ösüşlere beslenen kompýuter tehnologiýalaryna aýratyn üns berilýän türkmen topragyndaky üstünliklerden soň, indiki Aziadada ýaryşlaryň bu görnüşi eýýäm esasy sanawa girer, kibertürgenler tarapyndan gazanylan medallar bolsa umumy gazanylan medallaryň hasabynda göz öňünde tutular.

Kataryň «Gulf Times» diýen gündelik gazeti hem “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilişine uly üns berdi. Bu neşir Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasyny haýran galmak bilen beýan etdi. Katarly žurnalistler oýunlarda türgenleriň ýaryşlarynyň iň ýokary derejede guralandygyny, türkmen pälwanlarynyň bolsa, göreşde Türkmenistany tutuş dünýä şöhratlandyrandygyny aýratyn ruhubelentlik bilen bellediler.

Agyr atletika boýunça Halkara federasiýasynyň Internet sahypasy türgenlerimiziň köp sanly ýeňişlerini belläp geçdi.

Ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.” diýen şygar astynda geçen “Aşgabat 2017” oýunlarynyň örän uly jemgy ýetçilik-syýasy ähmiýetli waka, halkara sport hereketiniň ösdürilmegine Bitarap Türkmenistanyň anyk goşandyna öwrülendigini ynamly tassyklap bolar. Bu oýunlar dünýä derejesinde Watanymyzyň belent abraýyny aýdyň görkezdi, umumy maksatlaryň—bagtyýarlygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi.