Türkmenistan we Russiýa ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklary giňledýärler

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gol çekilen ynsanperwer ugurda - bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň uly bukjasynyň ýokary derejede gol çekilen resminamalaryň üstüni ýetirendigini bellemek gerek.

Olaryň hatarynda: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň (Sankt-Peterburg ş.) arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek hakynda Ylalaşyk;

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Federal döwlet awtonom bilim berýän ýokary bilim edarasy bolan “Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (uniwersitetiniň)” arasynda Ylalaşyk;

Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen I.M.Gubkin adyndaky Russiýanyň nebit we gaz döwlet uniwersitetiniň (Milli barlag uniwersiteti) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen Akademik S.P.Korolýow adyndaky Samara milli barlag uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty bilen “M.F.Reşetnýow adyndaky Sibir döwlet ylym we tehnologiýalar uniwersiteti” ýokary bilim berýän federal döwlet býujet bilim edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnama;

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Russiýanyň D.I.Mendeleýew adyndaky himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen “Russiýanyň binagärlik we gurluşyk ylymlar akademiýmasy” Federal döwlet býujet edarasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.