Garabogazda ammiak we karbamid öndürmek boýuça iri taslama durmuşa geçirilýär

Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» firmasynyň we Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň döreden konsorsiumynyň hünärmenleri tebigy gazy senagat taýdan gaýtadan işlemek esasynda ammiak we karbamid almak boýunça iri taslamany amala aşyrýarlar. Olar Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürmek boýunça tehnologik we kömekçi enjmalary sazlamak işlerini alyp barýarlar. Kynçylykly ýagdaýlar ýüze çykanda ulanar ýaly dizel-generatorlar, howa beriji enjamlar işlemäge taýýar edildi, ýokary basyşly türbegeçirijileriň synaglary, gaz geçiriji turbalaryň gurluşygy tamamlanyp barýar.

„Türkmenhimiýa“ DK iş tabşyryjysy bolan bu gurulýan kärhananyň direksiýasynyň maglumatlaryna görä, gurluşyk meýdançasynda «Mitsubishi Corporation» kompaniýasy ammiak we karbamid önümçilig ýola goýmak üçin zerur enjamlaryň 82 göterimden gowragyny oturtdy. Desgada gurluşyk işleriniň 80 göteriminden gowragyny ýerine ýetiren konsorsiumyň agzasy «Gap Inşaat» kompaniýasy kärhanada işlejek hünärmenler üçin durmuş ulgamynyň binalaryny gurýar.

Balkan welaýatynda häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan täze kärhanada 5,6 müň işçi işleýär, olaryň bäş müňüsinden gowragy türkmen hünärmenleridir, bu ýerde gurluşyk, ýörüte tehnikalaryň we mehanizmleriň 374-si işledilýär.

Döwrebap tehnologiýalar ulanylýan bu iri önümçilik tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek arkaly dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önüm çykarmaga mümkinçilik berer. Mysal üçin, ammiak önümçiliginde Daniýanyň «Haldor Topsoe AS» we Amerikanyň «UOP», karbamid sintezi önümçilik böleginde Italiýanyň «Saipem» kompaniýasynyň tehnologiýalary ulanylar.

Karbamidiň konsentrirlenen ergini granulirlenende hünärmenler Niderlandlaryň «Uhde Fertilizer» kompaniýasynyň tehnologiýasyndan peýdalanarlar. Önmüçilikde ulanyljak iň täze tehnologiýalary göwnejaý özleşdirmek üçin kärhanada kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak işi-de ýola goýlupdyr. Munuň üçin „Türkmenhimiýa“ DK-nyň Türkmenabatdaky ýörüte hünärment mekdebiniň Garabogazdaky şahamçasynda mugallymlaryň we ýurduň himiýa senagaty kärhalarynyň hümärmenleriniň ýolbaşçylygynda täze kärhanada işlemäge isleg bildiren oglan-gyzlaryň 270-den gowragy hünär öwrendiler.

Taslama boýunça täze karbamid zawodynda „mawy ýangyç“ ýataklaryndan gaz geçiriş ulagmay bilen gelýän çig maldan mineral dökünleri öndüriler.

Kärhanda bir gije-gündiziň dowamynda 3500 tonna, ýylda bolsa 1 million 115 müň tonna karbamid öndüriler. Onuň işe girizilmegi bilen ýurtda 2 million tonnadan gowrak azot dökünleri çykarylar. Olaryň üçden bir bölegine golaýy içerki bazara, galany daşry ýurtlara iberiler.

Häzirki wagtda Garabogaz şäherindäki gämi duralgasynyň durky täzelenilýär, ol ýerden dünýä bazarlarynda islegli dökünler deňiz bilen daşalar.

Çig mal serişdelriniň baýlygy Türkmenistany ýody, bromy we beýleki himiýa önümleriniň ençeme görnüşini iri öndürijileriň hataryna çykardy. Garabogazda zawodyň gurulmagy –ýurduň senagat taýdan ösen döwelt hökmünde ykrar edilmeginde ýene bir möhüm ädim bolar.