Paýtagtymyzyň teatr möwsümi uzak garaşdyran premýeralar we tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan oýunlar bilen açyldy

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda möwsüm „Gorkut ata“ eposy esasynda goýlan we tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan „Däli Domrul“ oýny bilen açyldy. Baş gahrymanyň düşýän gününiň üsti bilen dramturg we oýun goýujy režisýor, Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow ömre dünýäde iň uly gymmatlyk hökmünde garamalydygyny nygtaýar.

Kakabaş pälwabsypat Däli Domrulyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýeňiş Ýazmyradow döredipdir. Ol güňleç sesi, hereketleri, keserli pikirleri bilen gözdençykgynç işlere döwtalap ýigidiň häsiýetlerini açyp görkezýär. Ýaş aktrisa Dilşat Meläýewa Näzliçeçegiň keşbini döredende öz gahrymanynyň üýtgeşik sypatlaryny açyp görkezmegiň hötdesinden gelipdir.

Bu täze sahna oýny ýurduň teatr durmuşynda özboluşly waka boldy. Täsirli saz, filosofiki manyly sahna bezegi, üýtgeşik egin-eşiklerdir zehinli artistleriň yhlasy bilen oýna kärdeşleri, tankytçylar we tomaşaçylar tarapyndan ýokary baha berildi.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry möwsümi dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň „Elwan ýaglykly serwim“ atly powesti esasynda goýlan adybir eser bilen açdy. Baş gahryman Ylýas ussat sürüji. Ykbal ony ýollarda gorasa-da, ol hyjuwyna bäs gelip bilmeýär. Ylýas maşgala durmuşyna ýeňles garap, elwan ýaglykly söweri Asele dönüklik edýär, ony hem çagasyny eklençsiz goýýar...

Oýny Türkmenistanyň ar gazanan artistleri Hnadurdy Berdiýew bilen Döwlet Hanmämmedow goýupdyrlar, sahna bezegini Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Batyr Bekmyradow we Mekan Annamyradow ýerine ýetirdiler.

Özboluşly sahna bezegi oýnuň täsirini has-da güýçlendirýär. Alagaraňkylykda tomaşaçylaryň gözüniň alnynda sahna bezegi çalşyp durýar. Şunda sahnada hereket edýän kölegeler dag ýolundaky we Yssykkölüň owadan ýerlerini gündelik durmuşyny görkezýär.

Baş gahrymanlar-Ylýas bilen Aseliň keşbini ýaş artistler Süleýman Eminow bilen Gülaýym Annameňliýewa janlandyrypdyrlar. „Elwan ýaglykly serwim“ sahna oýnuna siňdiren yhlasy teatyň döredijilik işgärlerini tomaşaçylaryň „sag bolsunyna“ ýetirdi.

A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary öz 91-nji teatr möwsümini türk dramaturgy Reşat Nuri Güntekiniň „Amanat giýew“ atly adybir sahna oýny bieln açdy.Bu gülküli oýunda bar zat tersine- kimden asylly işe garaşsaň, ol ýaramaz hereket edýär, çekinýäniňem salyakatly bolup çykýar.

-Artistleriň öz döredýän keşbine çeper çemeleşmegine höweslendiren güýçli sahna eseri olara üstünlik getirdi-diýip, oýny goýan režisýor Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Rahmanow gürrüň berýär.

Teatryň artistleri türkleriň hereketini, ýörüşini, gepleişiş endiklerini birneme çişiribrägem bolsa-komediýa babatda bu ýerine-de düşýär- ussatlarça görkezmegiň hötdesinden gelipdirler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynyda möwsüm „Ynam, umyt, söýgi“ atly oýun bilen açyldy. Onuň awtory –Batyr Batyrowyň asly käri lukmançylyk, bu hem onuň sahnalaşdyrylan üçünji eseridir.

Durmuşda gabat gelýän ýagdaýy oýny goýan režisýor Aýnazar Batyrow ündew häsiýtde beripdir. Lälijek şäherli Suraý obaly Nura göwün berýär, ýöne onuň hemişe buýruk berýän äheňde gürlemegi dawa getirýär. Suraýyň gaharjaňlygy ýol heläkçiligine sebäp bolýar. Onuň hassahana düşmegi bilen durmuşy düýpgöter üýtgeýär: Suraý baga bir ýigide duşsa, Nury hem başga gyza aşyk bolýar...

Siraýyň keşbini Gülnabat Abdyllaýewa, Nurynyňkyny-Ahmet Annadurdyýew döredipdirler. Wepa Amansähedowyň sahna bezegi we Begenç Hojaýewiň saz bezegi ynama, umyda we söýgä dolan wakany sazlaşykly utgaşdyrýar.

Döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary „Arşyn mal alana“ oýny bilen ulularyň we çagalaryň göwnüni awlamagy başardy. Uzeir Gajybekowyň „Arşyn mal alany“ döredenine 104 ýyl geçse-de, bu müdümi hekaýat häli-häzirem meşhurlygyny ýitirenok. Oýunda artistler bilen birlikde gurjaklar hem ulanylýar. Režisýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amangül Mämmetýazowa oýny şüweleňli goýmagy başarypdyr.

-Men ir wagtlardan bäri „Arşyn mal alany“ goýmagy arzuw edýärdim, şonuň üçinem olaryň yzyna eýermejek bolup, teatrlarymyzda goýlan oýunlaryň birinem görmedim.Çaga döwrüm gören filmimdem ugur aldym- diýip Amangül gürrüň berýär.

Täze möwsüm teatr sunagtynyň muşdaklaryny režisýorlaryňdyr artistleriň çeper tilsimleri bilen begendirip, olary dünýä dramaturgiýasynyň iň gowy eserleri we özboluşly sahna çözgütleri bilen tanyşdyrar.