2017-nji ýylyň sentýabry: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlary durmuşa geçirilýär

2017-nji ýylyň sentýabry Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegine beslenip, Watanymyzyň häzirki döwrüniň ýylýyzgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu aý “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan üçin diplomatik işjeňligi bilen dabaralandy, ol bu yklymlaýyn sport baýramynyň giň gerimliligi bilen şertlendirilendir, Aziadanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada ýokary derejeli daşary ýurt myhmanlary, dünýäniň köp ýurtlarynyň syýasy toparlarynyň wekiliýetleri geldi.

Türkmen paýtagtynda ilkinji gezek guralan şunuň ýaly ýokary derejeli bäsleşikler ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende göterdi. “Aşgabat 2017” oýunlarynyň görlüp-eşidilmedik üstünliklere beslenmegi, hakykatdan-da, taryhy ähmiýetli waka bolup, hormatly Prezidentimiziň döwlet ösüş hem-de daşary syýasat strategiýasynyň milli bähbitleriň we ählumumy durnukly ösüşiň ileri tutulýan ugurlarynyň sazlaşykly deňagramlylygynyň nusgasy bolup durýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

2017-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary—RF-niň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Prihodkonyň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklaryň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň türkmen-russiýa gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidine hormat goýmak esasynda guralýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesiniň mundan beýläk hem döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.

11-nji sentýabrda DIM-de Kuweýtiň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahyň baştutanlygyndaky Kuweýt Döwletiniň wekiliýeti kabul edildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary barada pikir alşyldy. Ýangyç-energetika toplumynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi uly gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Maýa goýum, söwda, gurluşyk, dag-magdan senagaty we beýleki pudaklar geljegi uly ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Energiýa serişdelerini işläp taýýarlamak we halkara bazarlaryna ibermek ulgamynda hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigi tassyklanyldy. Şeýle hem ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

18-nji sentýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament meseleleri boýunça orunbasary Horiý Manabu bilen duşuşyk geçirildi. Söwda, ykdysadyýet, medeni-ynsanperwep ulgamlary, syýahatçylyk, ylym we bilim ugurlary geljegi uly ulgamlaryň hatarynda görkezildi. Halkara guramalarynyň, ozaly bilen bolsa, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen baglylykda, ýapon tarapy BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” dünýäniň 29 ýurdunyň, şol sanda Ýaponiýanyň goldamagynda ýokary ynsanperwer resminama bolup durýan Jarnamanyň kabul edilmeginiň aýratyn möhümdigini nygtady, munuň özi türukmen diplomatiýasynyň adam hukuklary ulgamyndaky ajaýyp üstünliginiň subutnamasydyr.

18-nji sentýabrda DIM-de Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary general Tanasak Patimapragornyň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Myhman Tailandyň hökümetiniň Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi. Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini, hususan-da, iki ýurduň işewürler bileleşikleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň bilelikdäki “tegelek stollaryň” başyndaky duşuşyklary hem-de işewürler maslahatlaryny guramak ýoly bilen ösdürmegiň geljegini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Şol gün şeýle hem Daşary işler ministrliginde Singapur Respublikasynyň döwlet daşary işler we zähmet serişdeleri ministri Sam Tanyň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bar bolan kuwwatyň peýdalanylmagynyň zerurdygy nygtaldy.

Şeýle hem medeniýet, sport we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Le Khan Haýyň ýolbaşçylygyndaky Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň wekiliýetiniň agzalary bilen geçirilen duşuşykda taraplar bu ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine garadylar. Halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary bilen Tokio-2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky guramaçylyk komitetiniň prezidentiniň, Ýaponiýanyň parlamentiniň ýapon-türkmen dostlugynyň Parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen 19-njy sentýabrda bolan duşuşygyň esasy meselesi sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmekden ybarat boldy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Tendo şäheriniň (Ýaponiýa) häkimliginiň arasynda “Oýunlara taýýarlyk görmek boýunça türgenleşik merkezi hakynda” Ähtnama gol çekildi.

Şol gün DIM-de Dominikan Respublikasynyň Hindistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Frans Hans Dannenberg Kastellanos bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda onuň ýurdumyzda ilçi hökmünde resmi taýdan bellenilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, taraplaryň ikisi hem ikitaraplaýyn aragatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagy maksat edinýärler. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem-de syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

29-njy sentýabrda DIM-de BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençe hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) täze bellenen baştutany Natalýa German bilen duşuşyk boldy. Netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýan ýyllarda toplanan uly tejribäniň häzir mundan beýläkki gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigi nygtaldy. Howpsuzlyk, ösüş hem-de ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem BMG-niň wekilleri türkmen tarapyna “Aşgabat 2017” oýunlaryna bosgunlar toparynyň gatnaşmagyna döredilen asylly mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler.

Şunuň bilen baglylykda, 22-nji sentýabrda Olimpiýa şäherjiginde geçirilen Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan bosgunlar toparynyň agzalaryna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglaryň hem-de sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisinde kabul edilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň iş ýüzünde amala aşyrmak babatda ilkinji ädim bolandygyny nygtamak gerek.

Bu iş bosgunlaryň häzirki kynçylyklaryna halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek hem-de bu meseläniň çözülmeginiň zerurdygy barada habarlylygy ýokarlandyrmak işinde uly syýasy güýje eýedir, şeýle hem 2030-njy ýyla çenli ählumumy gün tertibiniň: “Hiç kim ýatdan çykarylmaly däl” diýen esas goýujy ýörelgesiniň durmuşa geçirilmeginiň alamaty bolup durýar.

Bu dabara bosgunlar toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe V Aziýada gatnaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnama üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Uzak aralyga ylgamakda ady belli türgeniň sözlerine görä, bosgunlaryň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözülmegine täze itergi berer, çünki esasynda hormat goýmak we ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri duran sport parahatçylygyň hem-de özara düşünişmegiň berkidilmegine ýardam edýär.

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda bolan Durnukly ösüş maksatlary boýunça Ylmy-usulyýet merkeziniň açylyş dabarasy hem geçen aýyň möhüm wakasy boldy. Şu mynasybetli çykyş eden myhmanlar 2015-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň bütindünýä sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşýandygyny nygtadylar. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň ähli 17 bölümini resmi taýdan kabul eden hem-de ondan gelip çykýan wezipeleriň 148-sini, şeýle hem olaryň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegi babatda ugurlaryň 193-sini kabul eden BMG-a agza ýurtlaryň ilkinjileriniň biridir. Ylmy-usulyýet merkez raýatlarymyzyň, şol sanda talyplaryň Durnukly ösüş babatda bilimleri ele almagyna ýardam berer.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmeginiň dünýä derejesinde Türkmenistanyň alyp barýan işiniň esasy ugrunyň biri boljakdygy nygtaldy. Bu maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen wekiliýeti türkmen döwletiniň ileri tutýan ýörelgelerini hem-de täze başlangyçlaryny beýan etdi. Şol ýörelgeler we başlangyçlar BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde özara hereket etmegiň wajyp ugurlaryna degişlidir.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, 22-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Reks Tillersonyň, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda “C5+1” görnüşindäki nobatdaky duşuşygyň geçirilendigini belläp geçmek ýerlikli bolar. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygy hem-de Owganystany ykdysady taýdan dikeltmäge ýardam bermäge sebitleýin çemeleşmäni has-da ösdürmegiň ýollaryna garaldy. Forum döwrüň wajyp meselelerini, hususan-da, howpsuzlyk, ykdysadyýet we ekologiýa ýaly ugurlar boýunça meseleleri çözmek babatda bilelikdäki tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.

Geçen aýda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili hanym Ýelena Panowanyň gatnaşmagynda iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, döwlet gullukçylaryny taýýarlamak hem-de okuw maksatnamalaryna innowasion usullary ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň geljegine garaldy. Şeýle hem halkara we milli derejelerde döwlet gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslary, korrupsiýa garşy göreşmegiň gurallary hem-de beýlekiler ýaly ugurlar boýunça dersleri okatmagyň tapgyrlarynyň geçirilmegini özünde jemleýän taslamanyň öňde boljak çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen aýda Aşgabatda bolan V Aziýa oýunlary daşary ýurt parlamentarileri bilen birnaçe duşuşyklaryň geçirilmegini şertlendirdi. Türkmenistanyň Mejlisinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ýygnagynyň (Milli Mejlisiniň) başlygy Oktaý Asadow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet agzalary, Tokioda Olimpiýa, Paraolimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň ygtyýarly wekili, ýapon-türkmen dostlugy Parlament assosiasiýasynyň başlygy Endo Toşiakiniň baştutanlygynda Ýaponiýadan gelen myhmanlar, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Geňeşiniň wekilçilikli wekiliýeti, Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy Irakliý Kobahidzäniň ýolbaşçylygynda gruzin wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz düzüm bölegi hökmünde paralmentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak babatda pikirlerini aýtdylar.

Mundan başga-da türkmen paýtagtynda “Aşgabat-2017” oýunlarynyň barşynda, Olimpiýa şäherjiginiň Mediýa merkezinde daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň köpsanly žurnalistleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahaty, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 70-nji mejlisi, AOG-niň Baş assambleýasynyň 36-njy mejlisi ýaly düýpli çäreler geçirildi.

Şeýle hem Bütindünýä dopinge garşy agentliginň, Beýik Britaniýanyň dopinge garşy agentliginiň we beýleki halkara dopinge garşy guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda oýunlaryň dopinge garşy üpjünçiliginiň meseleleri boýunça “tegelek stol” we brifing geçirildi.

Aziada günleri Aşgabada gelen köpsanly myhmanlaryň hatarynda dünýa derejesindäki sport ýyldyzlary, şol sanda köp nesilleriň söýgüsini gazanan, ady rowaýata öwrülen hokkeýçi Wladislaw Tretýak we meşhur figuralaýyn typyjy Irina Rodnina hem boldy. Olaryň ýurdumyzda bolmagynyň maksatnamasyna ýaş türkmen türgenleri hem-de olaryň halypalary bilen duşuşyklar girizildi. Şeýle duşuşyklaryň biri Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirildi. Dünýäniň we Olimpiýa oýunlarynyň ençeme gezek çempionlaryna sowal bermek üçin “Watançy” hokkeý toparynyň agzalary hem geldi. Meşhur sport ýyldyzlary ýaş türgenlere diňe bir öz üstünlikleriniň syrlary hakda aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaryşlara taýýarlanmak boýunça gymmatly maslahatlaryny hem berdiler.

Şunuň bilen baglylykda, geçen hepdede “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa gatnawlarynyň üstüniň Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat halkara ugry bilen ýetirilmegi hem döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýetli boldy. “Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan göni howa gatnawyň açylmagy bilen, Kawkaz sebitiniň ugrunda öz ulag geçirijilik kuwwatyny artdyrdy. Häzirki wagtda köpşahaly ulgamyň kemala gelmegi dowam edip, oňa tiz wagtlarda täze sebit we sebitara ugurlary giriziler.

Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň köptaraply wakalarynyň syny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli ylalaşdyryjy syýasatynyň nobatdaky tassyklanmasy boldy.