„Galkynyş“ gaz ýatagynda bir gije-gündizde 2 million kubmetr gaz çykarýan skwažina işe girizildi

Suratda: Wladimir KOMAROW

„Türkmengaz“ Döwlet konserniniň „Türkmengazinžiniriň we gurluşyk“ müdirýetiniň hünärmenleri „Galkynyş“ gaz ýatagynda gije-gnüdiziň dowamynda 2 million tebigy gaz çykarýan 280-nji skwažinany ulanmaga berdiler. Gaz çykarylyşda ilkinji gezek tehnologik enjamlary „Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünäermenleri daşry ýurt kompaniýalaryny çekmezden öz güýçleri blen ýerine ýetirdiler.

„Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünärmenleri „Petrofak“ (BAE) kompaniýasynyň enjamlaryny, çyzgylaryny we tehnologik kartalaryny ulanyp, elektrik gurnama, has takyk kebşirleme we beýleki işleri ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda „Türkmengazinžiniriň we gurluşyk“ müdirýetiniň işçileri enjamlary we BÖwePA-lary gurnama işlerini tamamlaýarlar we „Galkynyş“ ýatagynda ýokary gaz berijilikli skwažinalaryň ýene üçüsini ulanmaga bermäge taýýarlaýarlar, olar hem daşary ýurtlara ugradylýan gaz geçirijilere çatylar.

Enjamlary gurnamagtň döwrebap tehnologiýalaryny we galyň turbalary kebşirlemek işlerini özleşdiren ýerli hünärmenler bu işleri şertnama esasynda ýerine ýetiren daşary ýurtly kärdeşleriniň ornuna geçdiler, bu bolsa walýuta serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berer.